Arhiw döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň aýnasydyr | TDH
Jemgyýet

Arhiw döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň aýnasydyr

опубликованно 30.07.2019 // 179 - просмотров
 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy.

Neşiriň nobatdaky sany däp bolan umumy sözbaşy bilen açylýar. Onda geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda bolup geçen has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelere yzygiderlilikde gysgaça syn berilýär.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisi aýdyň wakalaryň biri boldy. Onda türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Makalalarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň ygtybarly esaslaryny kemala getirmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän, oňyn netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen hem-de milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän döredijilik daşary syýasy strategiýa dünýä jemgyýetçiliginiň doly ykrarnamasyna we goldawyna mynasyp bolýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýada açyklygyň we howpsuzlygyň utgaşdyryjy merkezine öwrüldi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kepili bolup durýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda BMG-niň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» hem-de «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

«Täze neşir» atly umumy sözbaşynyň astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň 2-nji jildi, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 10-njy jildi, «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» ýaly ajaýyp eserlerine hem-de «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitaba gysgaça syn berilýär.

Makalalaryň birnäçesi döwlet arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň birini ýerine ýetirmäge — resminama dolanyşygyny kadaly guramak meselelerinde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň iş önümçilik düzümlerine usulyýet kömegini bermäge bagyşlanýar.

Okyjylaryň dykgatyna «Türkmenistanyň edaralarynda, guramalarynda, kärhanalarynda şahsy düzüm boýunça resminamalary toplamagyň we pudaklaýyn arhiwe tabşyrmagyň tertibi hakynda usuly maslahatlar», «Dolandyryş häsiýetli resminamalary saklaýan guramanyň arhiwiniň pasportyny düzmek boýunça ýatlatma», «Işleriň barlagyny we olaryň saklanyş ýagdaýyny barlamak. Işleri gözlemegi guramak» atly makalalar hödürlenilýär. Şeýle hem makalalaryň biri iş dolandyryşda emele gelýän resminamalaryň birkysmy sanawyna we olaryň saklanylmaly möhletlerine bagyşlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany bolup durýan milli maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky maglumatlary aýawly saklamak, öwrenmek hem-de ýaýratmak meselelerine uly üns berýär.

Şundan ugur alnyp, tutuş dünýäde türkmen halkynyň täsin mirasyny giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň toplumyny geçirmek Baş arhiw müdirliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Häzirki wagtda olaryň gaznalarynda gymmatly resminamalar jemlenendir.

Neşiriň nobatdaky sanyna girizilen makalalaryň bir bölegi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň şygary bilen baglylykda çap edilýär. Makalalarda bu meşhur ýoluň gadymy döwürdäki hem-de durnukly ösüşine we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary saklamak üçin häzirki wagtdaky ähmiýetine aýratyn üns berilýär.

Makalalaryň awtorlary döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen medeniýeti», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda getirilen resminamalaýyn maglumatlara salgylanýarlar.

W.Sarianidi, M.Masson, W.Masson, W.Žukowskiý, W.Bartold ýaly meşhur alymlaryň işlerinden getirilen maglumatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu taryhy ýoluň gaýtadan dikeldilmeginde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biriniň türkmenlere degişlidigi baradaky sözlerini tassyklaýar. Beýik Ýüpek ýolunyň her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr.

Makalalaryň ýene biri 19 — 20-nji asyrlaryň sepgitlerinde Türkmenistanda işlän Gündogary öwreniji alym Nikolaý Ostroumowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanýar. Hususan-da, makalada 1907-nji ýylda alymyň ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysynyň çap edilmegine ýardam edendigi barada gürrüň berilýär. Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna girizildi.

Okyjylaryň dykgatyna başga-da gyzykly makalalar hödürlenilýär. Olaryň hatarynda türki dilli halklaryň dessan žanry, Kerki şäheriniň adynyň gelip çykyşy, 1936-njy ýylda 93 günüň dowamynda Türkmenbaşydan Moskwa çenli taýmyl gaýyklarynda 4600 kilometrden gowrak aralygy geçen türkmen balykçylary baradaky makalalar bar.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolup geçen we şäheri doly weýran eden hem-de ýüzlerçe müň adamyň ömür tanapyny kesen tebigy betbagtçylyk barada gürrüň berýän «Täzeden dörän Aşgabat» atly makala giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, mähriban topraga çäksiz söýgi, agzybirlik we jebislik, milli ruhuň esasyny hem-de many-mazmunyny düzýän öz güýjüňe bolan ynam agyr synaglary ýeňip geçmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň buýsanjy bolan türkmen paýtagtyny gaýtadan dikeltmäge ýardam etdi.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzy tanalmaz derejede özgerdýän we şunuň bilen birlikde onuň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna ajaýyp şertleri we amatlyklary üpjün edýän täze iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak we okgunly täzelenýän keşbinde täze taryhy eýýamda türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, neşiriň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen Aşgabadyň binagärlik keşbi, milli mirasyň desgalary hem-de Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alnan iri wakalar barada gürrüň berýän makalalary bellemelidiris.

XI asyryň ajaýyp leksikografy we filology Mahmyt al Kaşgary tarapyndan döredilen türki diliň ilkinji ensiklopedik sözlüginiň seljermesine bagyşlanan makala hem örän gyzyklydyr.

Neşiriň nobatdaky sanynda geçirilen halkara maslahatlara we sergilere syn hem berilýär. Bu möhüm çärelerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän täze sepgitler görkezildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter