Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 28.07.2019 // 148 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, BAE-den, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, peç ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda («Türkmengaz» DK) öndürilen mazuty, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 34 million 965 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gazagystandan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 359 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta übtügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 898 müň manatlykdan gowrak polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter