Şeýle hem okaň
05.12.2019 | Döwrebap ýyladyşhana açyldy
28.11.2019 | Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär
23.11.2019 | Birža täzelikleri
21.11.2019 | Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlet tabşyrygyny amal etdiler
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Lýuksemburgdan, Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazudy, russiýaly işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.
Bulardan başga-da, ABŞ-dan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Ukrainadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 264 million 280 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den gelen işewürler jemi bahasy 4 million 531 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 458 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.
Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün