Intellektual eýeçilik ulgamynda halkara tejribe ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Ykdysadyýet

Intellektual eýeçilik ulgamynda halkara tejribe ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 04.07.2019 // 128 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda senagat nusgalaryny goramagyň meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty işini tamamlady. Ol Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçiligi baradaky döwlet gullugy bilen bilelikde guraldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda intellektual eýeçiligiň netijeli ulgamy döredilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan strategiýa birnäçe milli kanunçylyk-namalaryna hem-de Türkmenistanyň gol çeken halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýlup, senagat eýeçiliginiň desgalarynyň hukuk taýdan goralmagyny üpjün edýär.

Foruma Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler çagyryldy. Forumyň işine Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyndan halkara bilermen hökmünde maglumat meseleleri boýunça uly geňeşçi Mihail Faleýew gatnaşdy.

Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň edarasy bolup, ylymda, ykdysadyýetde innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegiň serişdesi hökmünde intellektual eýeçiligi peýdalanmagyň meseleleri (patentler, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşanlar, nusgalar we ş.m.) bilen meşgullanýar.

Türkmenistan Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna 1995-nji ýylda girip, degişli konwensiýa goşuldy, Senagat nusgalaryny halkara hasaba almagyň Gaaga ulgamyna bolsa 2016-njy ýylda girdi.

Ozal, 2015-nji ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Türkmenistanda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy» herekete girizildi. Häzirki döwürde Türkmenistanda bu ulgamda kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça işler dowam edýär. Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde 2017-nji ýylda milli Liderimiz tarapyndan «Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tassyklandy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki zaman Türkmenistanda durmuş-ykdysady taýdan rowaçlygyň ýokary depginleri ýurduň ösüşi üçin intellektual eýeçiligiň eýeleýän ornunyň we ähmiýetiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär, bu bolsa, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga we peýdalanmaga gönükdirip alyp barýan syýasaty bilen esaslanandyr.

Şunuň bilen baglylykda, halkara tejribesine hem-de abraýly halkara düzümler we guramalar, şol sanda Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz iň oňat dünýä tejribesini öwrenmäge we ony milli iş tejribämize ornaşdyrmaga örän uly üns berýär.

Şu babatda okuw maslahatynda intellektual eýeçiligi hukugyna degişli kadalaşdyryjy-hukuk meselelerini çözmekde häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribeleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Senagat nusgalaryny (önümiň çeperçilik ýa-da estetiki taýdan çözgüdi) hukuk taýdan hasaba almak aýratyn üns berlen mesele boldy. Munuň özi önümiň ýüzüni görkezýän nyşany milli we dünýä bazarlarynda goramagyň hem-de öňe ilerletmegiň mümkinçiligini açýar.

Özbaşdak döredilip, hukuk taýdan goralmaga hödürlenen senagat nusgalary täzeçillik we ýa-da aýratyn özboluşlylyk ýaly alamatlara laýyk gelmelidir. Düzgün bolşy ýaly, senagat nusgasy, eger ol ozal giň jemgyýetçilige tanyşdyrylmadyk bolsa, täze ýa-da täzeçil häsiýete eýe bolan hasaplanýar hem-de ol eýýäm belli bolan nusgalardan ýa-da olaryň meşhur häsiýetli alamatlarynyň utgaşmalaryndan ep-esli tapawutlanýan bolsa, aýratyn özboluşly hasaplanyp bilner.

Senagat nusgalary kiçi we orta kärhanalar üçin bolşy ýaly, haýsy ulgamda iş alyp barýandygyna garamazdan, işjeň ösüş türkmen işewürliginiň iri kompaniýalary üçin hem örän möhüm bolup biler, çünki olar sarp edijileriň ünsüni çekmäge we lomaý alyjylaryň gyzyklanmasyny gazanmaga gönükdirilendir.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýtdylar, bu meselede Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy hem-de beýleki halkara düzümler bilen netijeli tejribe alşylmagyny ösdürmäge ymtylmalaryny beýan etdiler.

Şu gün paýtagtymyzyň myhmanlary, Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň wekilleri Türkmenistanyň intellektual eýeçiligi baradaky döwlet gullugyna baryp görüp, ol ýerde bu guramanyň alyp barýan işleriniň ugurlary bilen has giňişleýin tanyşdylar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan bu ulgamda, ilkinji nobatda, türkmen önümleriniň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny we tanalmagyny artdyrmak boýunça öňe sürülýän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter