Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

опубликованно 30.06.2019 // 338 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesi umumy taryhy kökleri, milli we ahlak gymmatlyklary bolan halklarymyzyň oňyn erkini äşgär edýär. Bu ýörelgeleriň üstünlikli dowam etmeginde we baýlaşmagynda Siziň goşandyňyz çäksizdir.

Resmi saparlarymyz mahalynda geçiren duşuşyklarymyzy we netijeli pikiralyşmalarymyzy uly kanagatlanma bilen ýatlaýaryn.

Şu ýakymly pursatda Size berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

doglan günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn we dostluk gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşe eýedigini şatlyk bilen belleýärin hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine Siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygymyzy mälim edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Salome Zurabişwili,
Gruziýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli hoşniýetli arzuwlarymy iberýändigime örän şatdyryn. Size berk jan saglyk, bagt we Türkmenistanyň halkynyň mundan beýläk-de abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine gönükdirlen beýik maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Biziň dostlukly ýurtlarymyz özara gyzyklanma bildirilýän köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýärler we berkidýärler. Biziň özara ynanyşmak we bilelikdäki tagallalaryň esasynda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürjekdigimize pugta ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size bolan uly hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kolinda Grabar-Kitarowiç,
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter