Milli Liderimiziň beýik tutumlarynyň şanyna baýramçylyk dabaralary | TDH
Medeniýet

Milli Liderimiziň beýik tutumlarynyň şanyna baýramçylyk dabaralary

опубликованно 29.06.2019 // 114 - просмотров
 

29-njy iýunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň medeniýet merkezlerinde, ajaýyp seýilgählerinde we konsert meýdançalarynda beýik ruha beslenen, köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary guraldy. Döredijilik toparlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda Watanymyzyň ýeten beýik derejesini, okgunly ösüşini, rowaçlygyny, ykdysady kuwwatyny we belende göterilen halkara abraýyny öz ussatlyklary bilen joşgunly wasp etdiler.

Şowhunly aýdymlar we tanslar türkmen halkynyň agzybirliginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň waspyny ýetirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler halkymyz tarapyndan Arkadag diýlip atlandyrylan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köptaraply işi bilen berk baglanyşyklydyr.

Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda Mary welaýatynyň merkezindäki kitaphananyň kaşaň binasynyň öňündäki meýdançada «Ýürekleriň senasy Siz, Arkadag!» ady bilen konsert guraldy.

Bu ýerde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde ykdysady we ruhy taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzy wasp edýän döredijilikli çykyşlara giň orun berildi.

Konserte Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýerde guralan dabara hormatly Prezidentimiziň doglan güni mynasybetli watandaşlarymyzyň mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary bilen başlandy. Şonda ýurdumyzyň ähli ilatynyň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň utgaşmagynda milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdy.

Soňra sahnada ýurdumyzyň meşhur artistleri, ussat ýerine ýetirijileri, halk, opera we estrada aýdymçylary, folklor toparlary yzly-yzyna çykyş etdiler, milli sungaty dowam edýän ýaşajyk artistlere hem orun berildi. Şeýle hem konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen gadymy we dünýä belli küştdepdi tansy baýramçylyk dabarasyna özboluşly bezeg berdi.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde guralan äpet monitorda hormatly Prezidentimiziň ýerine ýetirmeginde «Ak güllerim saňa» atly sazyň, «Leýlisaç baradaky rowaýat», «Bagt nury», «Ýadymda», «Sportly Türkmenistan», «Arzuw» hem-de milli Liderimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Rowaç» atly aýdymlaryň ýaňlanmagy baýramçylyk konsertine aýratyn öwüşgin çaýdy.

Konserte gatnaşyjylaryň bu aýdymlary uly şatlyk we buýsanç duýgusy bilen garşylamagy halkyň agzybirliginiň, bitewüliginiň we rowaçlygyň senasy bolup ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli guralan konserte gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bilen bilelikde «Arkadag» atly aýdymy ýerine ýetirdiler. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanç duýgularynyň özboluşly beýany boldy.

Şeýle hem şu gün agşamara paýtagtymyzdaky «Arkadag» seýilgähinde hem baýramçylyk konserti boldy.

Konsertiň maksatnamasyna ýurdumyzyň görnükli kompozitorlarynyň we şahyrlarynyň döreden belli aýdymlary hem-de meşhur artistleriň, estrada ýyldyzlarynyň we ýaş aýdymçylaryň täze döreden eserleri girizildi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly çykyş bu günki konsertiň başyny başlady. Şeýle hem konsertiň dowamynda yşky-liriki, toý aýdymlary ýaňlandy. Her gezek täze öwüşgine eýe bolýan küştdepdi tansy has-da täsirli boldy.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde «Arkadag» atly edebi-sazly çykyş bilen şu günki döredijilik çäresi tamamlandy.

Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sungaty öwrenijileriň we teatr sungatynyň janköýerleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolan «Binýat» atly sahna eseriniň görkezilişi boldy.

Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda beýan edilýän türkmen halkynyň taryhynyň gahrymançylykly sahypasy täzeden dikeldilýär.

«1040-njy ýylda Daňdanakan galasynyň ýanyndaky söweşde Seljuklar neberesinden doganlar Togrul begiň we Çagry begiň ýolbaşçylygyndaky oguz-türkmen goşuny gaznawy soltany Mesudyň esasy güýçlerini derbi-dagyn etdiler hem-de Horasany doly eýelediler. Doganlar häkimiýete ak pata almak üçin Mäne şäherinde ýaşaýan parasatly ýaşuly Abu Haýryň huzuryna bardylar. Şondan soňra doganlar ägirt uly Beýik Seljuklar türkmen döwletiniň döremegine getiren Orta Gündogar boýunça ýeňişli ýörişlerine başladylar».

Eseriň gahrymanlarynyň köpüsi taryhy şahsyýetlerdir. Mundan başga-da, eserde çeper gahrymanlar hem köpdür we olaryň üsti bilen awtor wakalary ösdürýär. Häsiýetleri ýitileşdirýär. Eserde bolup geçýän hereketlere Çagry beg bilen Togrul beg batyr ugurtapyjy söweş tärlerini bilýän serkerdeler hökmünde ýolbaşçylyk edýärler. Söweşde hiç kimiň çetde durmandygy, hatda aýal-gyzlaryň we çagalaryň hem gatnaşandygy görkezilýär.

Bu eserde türkmen ýigitleriniň tejribeli harby serkerde Mesudyň güýçli pilli goşunynyň garşysyna öküzleri hem ulanyp, batyrgaý göreşip, ajaýyp söweş tilsimlerini we tärlerini görkezendikleri çeper suratlandyrylýar. Gaznawylaryň goşuny san taýdan we ýaraglanmak babatda güýçli artykmaçlyklara eýediklerine garamazdan, agyr ýeňşe sezewar bolup gaçýarlar. Seljuklara ýokary ruhubelentlik, jebislik we söweş tälimlerine ussatlyklary bu aýgytly söweşde Oguz Seljuk döwletiniň taryhy binýadyny goýan ýeňşi gazanmaga kömek edýär.

Sahna oýnunda gahrymançylyk hem-de batyrgaýlyk meselelerine üns gönükdirilip, belent mertebelilik we ahlak gymmatlyklary hakynda hem çeper beýan edilýär. Munuň özi eseri häzirki zaman tomaşaçysyna düşnükli we ýakyn edýär. Türkmenleriň häzirki nesilleriniň ata-babalarynyň wesýetlerine wepalylygy, Watany ýürekden söýmegi we jan berip gulluk etmegi, halka wepaly bolmagy sahna oýnunyň özenini düzýär.

Eser Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjysy, öz halkynyň şöhratly ogly we beýik işlerini dowam etdirijisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bagtyýar zamanasynyň ýaş nesillerine bagyşlanýar.

Mundan başga-da, köpçülikleýin sahnalada esasy keşpleri ýerine ýetirýän opera sungatynyň ussatlary, teatrlaryň artistler bilen birlikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Halk sazyna we milli häsiýete çuňňur düşünilmegi, nusgawy sungata aň ýetirilmegi dramaturgiýanyň hem-de sazyň, horeografiýanyň, sahna lybaslarynyň we bezegiň tebigy sazlaşygy sahna oýnunyň tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanmagyna ýardam etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter