Milli Liderimiz — halkymyzyň daýanjy we buýsanjy | TDH
Syýasat habarlary

Milli Liderimiz — halkymyzyň daýanjy we buýsanjy

опубликованно 29.06.2019 // 356 - просмотров
 

Lideri, ýagny adamlary yzyna düşürip biljek, olary uly üstünliklere ruhlandyryp biljek adamy kesgitleýän köp şahsy häsiýetler bar. Ýöne döwletiň Lideri barada gürrüň edilende bolsa, onuň Baştutanlyk edýän ýurdunyň üstünlikleri we gazananlary öň hatara çykýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň öňdengörüjilikliligine we oýlanyşyklylygyna anyk şaýatlyk edýän Türkmenistanyň şeýle üstünlikleriniň hatarynda jemi içerki önümiň ýokary derejesini, syýasy durnuklylygy hem-de durmuş abadançylygyny, söwda-ykdysady we diplomatik gatnaşyklaryň ösüşini şertlendirýän halkara abraýyny, parahatçylyk döredijilik kuwwatyny – döwrüň wehimlerine jogap hökmünde bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamaga oňyn täsir etmek ukybyny görkezmek bolar. Şu esasy häsiýetlerden ýurdumyzyň we onuň Lideriniň keşbi emele gelýär.

Bu gün biz döwlet Baştutanymyzyň uly başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändigini, hormatly Prezidentimiziň çözgütleriniň yzygiderliligi we tutanýerli işi netijesinde ägirt uly taslamalaryň günsaýyn amala aşyrylýandygyny, içgin meýilleşdirilen hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan milli maksatnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görýäris.

Şeýle mysallar barmak büküp sanardan örän köpdür. Munuň üçin soňky günleriň wakalaryna nazar aýlamak ýeterlikdir. Şol wakalaryň hatarynda bolsa Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän täsin senagat toplumynyň açylyşyny ýa-da Lebap we Mary welaýatlarynda täze şäherçeleriň düýbüniň tutulyşyny görkezmek bolar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň — Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygyna badalga berdi we ýene-de bir täze şäheriň — Aşgabat-sitiniň taslamasyny kabul etdi.

Paýtagtymyzda ilkinji belent binalar peýda bolup başlanda, biz her bir jaýyň gurluşygyna begenip, onuň ulanmaga berilmegini uly dabara bilen belledik. Soňra ajaýyp desgalaryň täze toplumlary we ýollar hem-de şaýollar yzly-yzyna peýda bolup başlady. Diňe bir paýtagtymyzyň keşbi däl, eýsem, durmuş giňişligini guramagyň ýörelgesi özgerdi, adamlaryň oňaýlylygyň, hyzmatyň derejesine bolan islegi ýokarlandy. Diňe bir şäherde däl, eýsem, obada hem bu talaplar artdy. Ine-de, täze şäherleri we obalary gurmagyň döwri geldi. Özi-de olary köpçülikleýin we toplumlaýyn gurmagyň zerurlygy ýüze çykdy.

Şeýle beýik işleriň başyna barmak hem-de olary ahyryna çenli ýerine ýetirmek diňe ykdysady taýdan kuwwatly we geljegi uly döwlete başardýar. Milli Liderimiz halka beren wadasynyň ýekejesiniň hem ýerine ýetirilmän galmaýandygyny iş ýüzünde aýdyňlygy bilen görkezdi.

Ilkibaşda, Garagumda döredilen ägirt uly emeli köl kimin, başa barmajak ýaly bolup görünýän pikirleriň we taslamalaryň ählisi iş ýüzünde amala aşyrylyp, arzuwlar hasyl boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli strategiýasynyň aýdyň miweleridir. Halkymyzyň, her bir maşgalanyň, Türkmenistanyň her bir raýatynyň abadançylygy we bagtyýar durmuşy şu strategiýanyň ileri tutulýan ugrudyr.

Lideri orta çykarýan ýene-de bir häsiýet maksada okgunlylykdyr. Şeýle çemeleşme bolmasa, çylşyrymly wezipeleri aýyl-saýyl etmek, zerur bolan batyrgaý çözgütleri we olary amala aşyrmagyň anyk meýilnamalaryny öňe sürmek mümkin bolmaýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetini çig mala baglylykdan gaýtadan işleýän pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagatyň täze ugurlaryny – elektron, gazhimiýa we beýlekilere ugrukdyranda, munuň özi ýakyn geljekde başa barmajak iş bolup göründi. Çünki tutuş halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de ony ösüşiň başga ýoluna geçirmek, diýmek, düýbünden täze düzümi kemala getirmek, ony täzeçe pikirlenmegi başarýan hünärmenler bilen üpjün etmek isleg bildirilýän harytlar bilen örän bäsdeşlikli bazara çykmak üçin şu günki däl-de, ertirki tehnologiýalary çekmek zerur bolup durýardy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu uly meýilnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, olara uly maýa serişdelerini, abraýly hyzmatdaşlary, şol sanda dünýäniň esasy korporasiýalaryny we konsernlerini, halkara maliýe edaralaryny çekmek üçin bary-ýogy sanlyja ýyllar gerek boldy. Şu ýylyň özünde üstünlikli tamamlanan taslamalaryň biri hem Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawod bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerde döwrebap tehnologiýalaryň esasynda ägirt uly önümçilik döredildi. Onda tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemegiň esasynda hil babatda ýokary ülňülerine laýyk gelýän önüm öndürilýär.

Garabogazdaky mineral dökünleri zawodynyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ençeme esse artdyrmaga mümkinçilik berdi. Öz nobatynda, munuň özi pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna ýardam eder. Beýleki bir gazhimiýa toplumy deňizýaka ülkesiniň Gyýanly şäherçesinde gurlan polietilen we polipropilen öndürýän zawoddyr.

Häzirki döwürde türkmen aýnasy hem birža eksport söwdalarynda uly islegden peýdalanýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy tehnologiýalar babatda innowasion önümçilige öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, şeýle önümçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, onuň tehnologik kuwwatynyň artdyrylmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar, çünki önümleriň täze görnüşleri bäsdeşlerinden çalt döretmäge ukyply kärhanalar dünýä bazarynda artykmaçlyga eýe bolýarlar.

Türkmenistanda elektron enjamlar senagaty hem ýokary depginler bilen ösýär, türkmen önüm öndürijileri hojalyk we durmuşda ulanylýan tehnikalardan başlap, kompýuterlere çenli enjamlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirýärler. Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň birinji synpa barýan okuwçylary, däp bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzdan kompýuterleri sowgat alarlar. Bular ýurdumyzda öndürilen önümlerdir.

Milli Liderimiz eksport ugurly hem-de importyň ornuny tutýan täze pudaklary ösdürmekde telekeçilige aýratyn ähmiýet berip, işewürlere halkara derejeli howa menzillerinden başlap, awtobanlaryň, dag-magdan baýlaşdyryjy senagat kärhanalarynyň gurluşygyna çenli örän jogapkärli taslamalary durmuşa geçirmegi ynanýar. Türkmen işewürligi ýeňillikli karzlar we salgytlar görnüşinde saldamly döwlet goldawy netijesinde okgunly ösüşe eýe boldy. Telekeçiler ýokary hünär ussatlygyny, çeýelik we ykjamlyk görkezýärler.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz durmuşyň ähli ulgamlaryny maglumatlaşdyrmaga, sanly ykdysadyýete geçmäge aýratyn üns berýär, şunuň bilen baglylykda, ylma we bilime aýratyn ähmiýet berýär. Şu aýda, ýagny 12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi bilen geçiren duşuşygy hem şu meselä bagyşlandy.

Milli Liderimiz amaly ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, bilim ulgamyny okgunly ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleri öňde goýdy, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakyndaky resminama gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Ylymlar akademiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamakda döwlet goldawyny bermek üçin Akademiýa 35 million manat möçberindäki pul serişdelerini bermek baradaky çözgüdi hakynda habar berdi.

Elbetde, Liderlik erk-islegden, aýgytlylykdan we beýleki möhüm häsiýetlerden, guramaçylyk zehininden başga-da, ruhy gymmatlyklary göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamaga we artdyrmaga, ýurdumyzda doly derejeli döredijilik işi üçin ähli şertleri döretmäge hemişe uly üns berýär.

Milli Liderimiziň aýratyn ähmiýet berýän esasy ugurlarynyň biri-de ynsanyň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda raýatlarymyza lukmançylyk hyzmaty häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda üpjün edilýär, saglygy bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralarynyň ulgamy ýylsaýyn giňelýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady täzelenýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ilatyň bu ugurdaky işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de zyýanly endiklere garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe döwletimiziň üns merkezinde durýar.

Aýratyn hem türkmenistanlylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesi, mysal üçin, döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başyny çekmek bilen baglanyşykly göreldesi ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan döredilen Bütindünýä welosiped gününde hem hut şeýle boldy. Döwlet Baştutanymyzyň şeýle çärelere gatnaşmagy diňe bir wakanyň özüniň däl, eýsem, milletiň saglygy bilen baglanyşykly taslamalaryň ählisiniň ähmiýetli derejesini nygtaýar, beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň toplumlaýyn milli ulgamyny kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň halky özüniň ähli zehinini, pikirlerini we tagallalaryny, häzirki zaman ykdysadyýetini döretmäge, demokratik hukuk döwletiniň gymmatlyklaryny berkarar etmäge hem-de ýurdumyzyň her bir raýatyna hyzmat etmäge gönükdirilen döwlet ulgamyny kemala getirmäge, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen kuwwatly durmuş ugurly syýasaty geçirmäge gönükdirýän hormatly Prezidentimize uly sarpa goýýar.

Düýpli özgertmeleriň üstünligi, ýurdumyzy ösdürmekde gazanylan saldamly netijeler, ilkinji nobatda, döwlet Baştutanymyzyň ähli ulgamlarda başyny başlan we tutanýerlilik bilen durmuşa geçirýän özgertmeleriniň esasynda ildeşlerimiziň abadançylygy baradaky bimöçber aladanyň, olaryň umyt-arzuwlaryna, ymtylmalaryna, isleglerine we bähbitlerine uly üns bermegiň durandygy bilen şertlendirilendir.

Eziz Watanymyza çäksiz söýgi, onuň ajaýyp geljegine bolan ynam öz halkyny döredijilik, parahatçylyk we gülläp ösüş ýoly bilen öňe alyp barýan milli Liderimiziň ähli işiniň esasyny düzýär. Söýgini, borjy, watançylygy, aladany terezä salyp, ölçemek mümkin däldir. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli asylly başlangyçlarynda äşgär duýulýar, ählumumy goldawa mynasyp bolýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter