Medeniýet hepdeligi — 2019: dabaraly jemleme | TDH
Medeniýet

Medeniýet hepdeligi — 2019: dabaraly jemleme

опубликованно 27.06.2019 // 270 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Medeniýet hepdeliginiň hut şu senelere bagyşlanmagynda çuňňur many bar. Magtymguly etrabynyň çäklerinde geçirilen Medeniýet hepdeligi sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen halkynyň şöhratly taryhy bilen baý medeni mirasynyň bozulmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Şu günki baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň beýik akyldaryň adyny göterýän şaýolunyň ugrunda ýerleşen Aşgabadyň taryhy merkezindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň heýkeline gül goýmak dabarasy boldy. Munuň özi gahrymançylygy, mähriban Watana bolan söýgini we döwürleriň ruhy ahwalyny wasp eden Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň watandaşlarymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baky bitewüliginden, berk sazlaşygyndan nyşandyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhaslar dünýäsi ýurdumyzyň ähli döredijilik işgärleri üçin halypalyk mekdebidir diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda nygtalýar.

Suw çüwdürimleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýän beýik Magtymguly Pyragynyň heýkeli indi köp wagtdan bäri, Aşgabadyň söýgüli hem-de köp gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde asylly däbe görä, medeniýet we sungat işgärleriniň duşuşyklary guralýar. Bu gün hem ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, köp sanly çeper döredijiligiň muşdaklary ýygnanyp, ajaýyp baýramçylyga höwes bilen goşuldylar. Magtymgulynyň döreden ajaýyp eserleri türkmen halkynyň köpýyllyk arzuwlarynyň amala aşmagynyň senasyna öwrüldi. Bu eserler türkmen halkynyň milli ruhuny beýan edip, asyrlaryň dowamynda döredijilik güýjüniň kuwwatyny äşgär edýär.

Şeýle hem şu gün Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň merkezinde Medeniýet hepdeligi — 2019-yň ýapylyş dabarasy boldy we şu mynasybetli baýramçylyk konserti guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu döredijilik çäresiniň her bir güni halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini alamatlandyran ýatda galyjy wakalara beslendi. Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda milli sungatymyzyň ähli ugurlaryny öz içine alýan çuňňur manyly medeni çärelere möhüm orun berildi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylyň giň gerimli medeni çäresi ýurdumyzyň medeniýetiniň, bu ulgama degişli işgärleriň çeperçilik derejesiniň mundan beýläk-de ösüşine kuwwatly itergi berdi.

Bu ýerde bolan çärelere belli ýerine ýetirijiler, meşhur folklor we tans toparlary bilen birlikde, sungat äleminde ilkinji ädimlere başlan aýdymçylar, sazandalar, suratkeşler, şahyrlar we ýazyjylar goşuldylar. Tejribe hem-de ussatlyk ýaşlaryň belent ruhy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, ajaýyp baýramçylygyň ýatda galyjy wakalaryna beslendi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly etrabynyň dürli künjeklerinde, medeniýet merkezlerinde we konsert meýdançalarynda sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy. Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleriniň, taryhçy alymlaryň, etnograflaryň, sungaty öwrenijileriň, medeniýet we bilim işgärleriniň, kitaphana we muzeý işi boýunça hünärmenleriň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlar türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny saklamak, öwrenmek we olary wagyz etmek meselelerine bagyşlandy.

Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany bolan Gerkez obasynda uly şygryýet baýramçylygy geçirildi. Ýurdumyzyň her bir sebitiniň saz sungaty babatda häsiýetli aýratynlygy, özboluşly döredijilik ugry bar. Munuň özi gadymy taryhdan gözbaş alýan sungatyň häzirki döwürde degişli derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň folklor toparlary we aýdymçy-sazandalar öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Şeýle hem bu ýerde guralan çykyşlaryň çäklerinde sahna ussatlarynyň eserleri görkezildi. Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynyň «Dowamatdyr, bagtyýardyr sarsmaz türkmen binasy» atly sahna eseri Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp, ol Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda mynasyp orny eýeledi.

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň topary Balkanabat şäherindäki teatryň sahnasynda «Aşyk Çaňly» atly täze opera eserini görkezdi. Bu hem medeniýet işgärleriniň hünär baýramçylygyna bagyşlandy. Balkan welaýatynyň çäginde ýaşap geçen belli bagşy barada gürrüň berýän sahna eserinde, belli artistler bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we sungatyň bu görnüşiniň muşdaklary hem-de bagşynyň ýaşan obasynyň ilaty gatnaşdylar. Hor we horeografiýa pursatlary eseriň esasyny düzüp, onda päk söýgi, oňyn gatnaşyklar, asyllylyk, wepalylyk we namys ýaly umumadamzat gymmatlyklary wasp edilýär.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar üçin bu künjegiň taryhy-medeni ajaýyplyklary bolan ýerlerine gezelençler guraldy. Olar Sumbar we Çendir derýalarynyň ajaýyp tebigy aýratynlyklaryny, dag eteklerini we dereleriň gözelliklerini synladylar. Dag jülgelerinde miweli bag tokaýlyklary bilen bir hatarda, ýabany ösümlikler, özboluşly otlar we uly bolmadyk şaglawuklar dabara gatnaşyjylarda oňyn täsirleri galdyrdy.

Bu künjegiň, aýratyn-da, Sünt-Hasardag goraghanasynyň çäklerinde özboluşly ösümlik dünýäsi bolup, bu ýerde tohumçylyk işleri we ony kämilleşdirmegiň ugurlary öwrenilýär. Hut şu ýerlerde ady rowaýata öwrülen «Mährigöýä» ýaly ösümlikler mekan tutupdyr. Munuň özi tebigatyň häzirki döwrüň nesillerine eçilen özboluşly baýlygydyr. Mälim bolşy ýaly, bu ösümlik Ortaýer deňzi, Tibet we Gimalaý daglary sebitlerinde lukmançylyk ulgamynda giňden bellidir.

Dürli baglar we üzümler bilen gurşalan bu künjek häzirki döwürde hem özüniň berekedi bilen bellidir. Bereketli toprakda ösdürilip ýetişdirilýän narlar, almalar, şetdalylar we üljeler özüniň özboluşly tagamy bilen meşhurdyr. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy-önümçilik synag merkezinde miweli we saýaly agaç nahallaryň örän köp görnüşleri jemlenipdir. Ýokary okuw mekdebiniň işgärleri bu ýerde dürli seçgi işlerini alyp barýarlar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar giň möçberli döredijilik forumynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Ol Magtymguly etrabynyň merkezinde ýerleşýän beýik şahyryň muzeýiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy.

Bu çärä ýurdumyzyň belli artistleri, ýaş ýerine ýetirijileri, milli sungatymyzyň ýyldyzlary, dürli bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşdylar. Konserte tomaşa eden köp sanly tomaşaçylar görkezilýän çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Folklor çykyşlarynda, sahnalaşdyrylan aýdym-sazly eserlerde we joşgunly tanslarda türkmen halkynyň özboluşly sungat däpleri beýan edildi. Konsert maksatnamasynda gadymy dessan aýdymlary bilen häzirki zaman awtorlarynyň sungat eserleri, bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň wekilleriniň joşgunly tanslary utgaşykly sazlaşygy emele getirdi.

Medeniýet hepdeligini geçirmek gezegi indiki welaýata gowşurmak çäresi dabaranyň aýgytly pursatlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler. Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny alamatlandyrýan gadymy “küştdepdi” tansy konserte gatnaşyjylaryň hemmesi tarapyndan ýerine ýetirilip, ol bu ýerde guralan çärä özboluşly ruhubelentlik eçildi. Mähriban Watanymyzy döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere tarap gadam urýan ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we ýeten derejesini wasp edýän ajaýyp aýdym konsertiň jemini jemledi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzda döredijilik işini ösdürmek, ynsanperwer ugurda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleri döretmek ugrunda yzygiderli alada edýän hem-de forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge gönükdirilen mümkinçilikler üçin milli Liderimize hoşallyk sözleri beýan edildi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň, milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine güýç-kuwwatlaryny we zehinlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter