Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

опубликованно 27.06.2019 // 281 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karsten Sendergorddan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi.

Hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Daniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň aýdan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Daniýa ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Bitarap Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.

Duşuşygyň dowamynda diplomat döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan we ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy esasy ugur edinýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem daniýaly diplomata Mejlisiň düzümi hem-de onuň köptaraply işi barada gürrüň berildi.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň çäklerinde Daniýa Patyşalygynyň ilçisi, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň ulgamynda, iri halkara guramalaryň we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna ýokary baha berdi.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Karsten Sendergord Daniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky iki ýurduň we onuň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter