Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 27.06.2019 // 426 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy dünýäde ilkinji gezek gazy gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän täze toplumyň işe girizilýändigi bilen gutlady. Şeýle hem Ahmet Çalyk okgunly ösýän ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň öz ýolbaşçylyk edýän holdingi üçin uly hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, türk kompaniýalary Türkmenistanda kuwwatly senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen daşary ýurtly kompaniýalar bilen uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtap, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde dürli maksatly desgalaryň köp sanlysynyň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunda dünýäniň iň gowy tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýasyny çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Täze gurulýan desgalar bolsa ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir.

Duşuşygyň barşynda «Çalyk Holdingiň» ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugrunda elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bilelikde işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň netijeli gatnaşyklaryň ygtybarly esasy bolmalydygy nygtaldy. Şol maksatnama bolsa energetika ulgamynda «Çalyk Holding A.Ş.» türk kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, gurluşygyň bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Milli Liderimiz pudaga ornaşdyrylýan täzelikleriň hem-de häzirki döwürde elektrik stansiýalary üçin iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ýangyçlaryň biri bolan tebigy gazyň ýurdumyzda ägirt uly gorlarynyň bolmagynyň milli ykdysadyýetimiziň strategik pudagynyň öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmäge ýardam edýändigini belledi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Günorta — Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem elektrik energiýasyny üstaşyr eksport etmäge mümkinçilik berer. Şol ýurtlaryň hökümetleri bu taslamany çalt durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň çakylygy boýunça «Çalyk Holding» kompaniýasynyň halkara hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam etjek möhüm we giň möçberli çäre hökmünde birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagy barada gürrüň edildi.

Duşuşygyň ahyrynda, bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Ahmet Çalyk buýrujy tarapyndan bildirilýän talaplara berk eýermäge meýillidigini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen Lideriniň başyny başlan özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter