Türkmenistanyň Prezidenti ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 27.06.2019 // 284 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei kabul etdi. Ol Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de ýurduň Premýer-ministri Sindzo Abeniň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy täze, häzirki zaman önümçilik toplumynyň işe girizilýändigi bilen gutlady. Myhman Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, Ýaponiýanyň özüniň oňyn parahatçylyk syýasaty we döredijilikli halkara başlangyçlary bilen tutuş dünýäde meşhur bolan ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman hyzmatdaşlygyň geljegine degip geçip, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Biziň ýurdumyzyň hem-de ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda işleýän we iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň arasyndaky işewür hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen birlikde, ylym, bilim we medeniýet ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk okgunly ösüşe we täze many-mazmuna eýe boldy. Şolar iki ýurduň we halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynda, olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky göni howa gatnawy hem muňa ýardam etmelidir. Mälim bolşy ýaly, düýn Aşgabat — Tokio ugry boýunça ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy. Jenap Matsuşita Şinpei bular barada aýtmak bilen, türkmen uçarynda ýolagçylara edilýän hyzmatyň ýokary hillidigini we oňaýlydygyny belledi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, kanunçykaryjylyk ulgamynda özara bähbitli tejribe alşylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň köptaraply görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda BMG-niň ugry boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi, olaryň häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň, ilkinji nobatda bolsa, sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýändikleri bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmeginiň işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini belläp, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei awgust aýynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Matsuşita Şinpei hormatly Prezidentimize mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy hökmünde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter