Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 26.06.2019 // 459 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamanyň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ertir biz ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi giňden we dabaraly belläp geçeris diýip aýtdy.

Garaşsyz döwletimizde medeniýet ulgamyny ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini, döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň has-da ösmegi, täze eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimizde ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Medeniýet ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar.

Mähriban Watanymyzda halkara derejede geçirilýän döredijilik forumlary, Medeniýet günleri, festiwallar, sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler hemişelik Bitarap döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizde, sungatymyzda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmaga, döwrebap sungat eserlerini döretmäge, ýurdumyzyň raýatlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga uly ýardam berýär.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakynda asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda arzuw edişi ýaly, mähriban halkymyz bagtyýar, abadan durmuşda ýaşaýar. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgulary dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip, bagtyýarlygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň belent waspyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baky bitewüliginden, berk sazlaşygyndan nyşandyr. Biz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçireris. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň döwrebap we amatly şertlerde ýaşamaklary, netijeli, döredijilikli işlemekleri, täze, döwrebap eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri dörederis diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we mähriban halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny, medeniýet we sungat işgärlerine bolsa türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döredijilikli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde 21-nji iýunda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşmagyň netijeleri barada hasabat berdi.

Çäkli we giňişleýin düzümde geçen mejlisiň barşynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy maksatlaýyn makroykdysady görkezijileri barada hasabatlar diňlenildi, birnäçe guramaçylyk we hyzmatdaşlyk etmegiň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli çözgütler kabul edildi. Bu geňeşiň nobatdaky mejlisi 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler.

Wise-premýer şeýle hem ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy baradaky meseleler boýunça hasabat berdi. Bu ugurda görülýän çäreleri kämilleşdirmek maksady bilen, Zähmet we Raýat kodekslerinden, Türkmenistanyň «Ätiýaçlandyryş hakynda» Kanunyndan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalardan ugur alyp, degişli hünär ugurly düzgünnama taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmegi baradaky meselä ünsi çekip, umumy bähbitlere kybap gelýän hem-de uzak möhletli geljege niýetlenen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Şu meselelerde Türkmenistan başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesini eýeläp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek ugrunda çykyş edýär, GDA döwletleriniň diňe bir Arkalaşygyň çäklerindäki iri düzümleýin taslamalara däl, eýsem, onuň daşyndaky taslamalara hem gatnaşmagy baradaky pikirleri öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, oňa täze itergi we mazmun bermäge gönükdirilen teklipleri işläp taýýarlamakda, bilelikdäki tagallalary netijeli utgaşdyrmakda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň eýeleýän ähmiýetli orny barada aýdyp, Geňeşiň Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek baradaky meselä degip geçip hem-de netijeli zähmet çekmek üçin has amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, adamlaryň abadançylygy we saglygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtap, hödürlenen Karara gol çekdi hem-de onuň ýerine ýetirilişini degişli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýangyç çig malynyň çykarylýan möçberini artdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalary ilerletmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny belläp, toplumyň eksport kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek boýunça döwrebap önümçilikleri döretmek, nebit we gazhimiýa önümleriniň, iň ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, awiasiýa kerosininiň, bitumyň, mazutyň, dürli ýaglaryň hem-de beýleki ýangyç serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňde goýlan wajyp meselelere ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda anyk ädimleri ädýändigini, munuň bolsa dünýäniň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Energetika ministrligi tarapyndan daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän mukdaryny köpeltmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Birnäçe ugur boýunça elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamalaryň hereket edýän möhletiniň 2019-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýandygy habar berildi. Goňşy ýurda elektrik energiýasyny mundan beýläk-de eksport etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 16-njy iýunda türkmen wekiliýeti Hyrat şäherine bardy. Saparyň çäklerinde degişli Teswirnama gol çekildi, oňa laýyklykda, elektrik energiýasynyň eksportynyň möhleti 2020-nji ýylyň dekabryna çenli uzaldylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, parahatçylygy we ylalaşyklylygy berkarar etmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Türkmenistan doganlyk owgan halkynyň parahatçylyga we jebislige ymtylmasynda raýdaşlyk bildirip, goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen anyk ädimleri ädýär. Milli Liderimiz köp ýyllaryň dowamynda elektrik energiýasynyň ýeňillikli bahadan iberilmeginiň, dostlukly döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrülen elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Türkmenistan energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedir. Bu geljegi uly pudaga gönükdirilýän maýa serişdeleriniň mukdary yzygiderli artýar. Pudagyň kuwwatynyň pugtalandyrylmagy daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Owganystana mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belläp, wise-premýere gazanylan ylalaşyklary we öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, netijeli işleri dowam etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) meýilnamasyna laýyklykda uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişiniň gözegçiligi boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça uçuşlara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugur boýunça ilkinji göni uçuşy amala aşyrýan ýolagçylaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna degişli işgärleriň, syýahatçylaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bardygyny bellemeli. Aýratyn-da, bu ugur boýunça uçuşy amala aşyrýan ýolagçylaryň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bolmagy, iki döwletiň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, Türkmenistan bilen ICAO-nyň arasyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde uçuşlaryň howpsuzlygyna gözegçilik etmek bilen bir hatarda, awiasiýanyň kanunçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça, raýat awiasiýasynyň işlerini guramaga, uçuşlara we howa gämileriniň ýaramlylygyna hem-de beýlekilere gözegçilik geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, beýleki döwletler bilen gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň awiasiýasyna möhüm ornuň berilýändigini nygtady. Howa ulaglarymyz hyzmatlaryň dünýä bazaryna goşulyşmak bilen, daşary ýurtlarda Garaşsyz Türkmenistana wekilçilik edýärler.

Häzirki wagtda döwletimiz birnäçe iri we abraýly halkara ulag guramalarynyň doly hukukly agzasy hökmünde üstaşyr ýolagçy gatnadylyşynyň hem-de ýük daşalyşynyň dessinligini we ygtybarlylygyny ýokary derejede üpjün edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşi raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy bilen bir hatarda, täze halkara howa gatnawlarynyň açylmagyny talap edýär, howa ulaglarynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy we üpjünçiligi muňa mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa bilen köptaraply gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginiň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge-de amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkmenistanda giň gerimli, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamyny ösdürmek we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply giň görnüşli önümleriň ýurdumyzda öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalary innowasiýalary, döwrebap ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz şu babatda hem Ýaponiýanyň esasy işewür we maliýe toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçiligiň açylýandygyny nygtady.

Ýurdumyzda öňden gelýän işewür hyzmatdaşlarymyz bolan iri ýapon kompaniýalary üstünlikli işleýär.

Milli Liderimiz ösdürilmegine ençeme amatly ýagdaýlar, şol sanda bütin dünýäden syýahatçylaryň uly gyzyklanmasy, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerindäki täsin tebigy we taryhy-medeni ýadygärlikleriň bolmagy syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugrudygyny belläp, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşmagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze howa gatnawlarynyň howa arkaly ýolagçy gatnatmaga artýan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilendigini belläp, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow içerki bazarlary gök-bakja we miwe önümleri bilen ýylyň dowamynda üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususy önüm öndürijilere döwlet tarapyndan berilýän goldawyň we oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ekerançylyk pudagynda önümçiligiň depgini ýokarlanýar.

Häzirki wagtda bu önümleri ýitgisiz saklap, terligi bilen ilata ýetirmek üçin ýurdumyzda hereket edýän ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlaryň umumy kuwwaty 30 müň tonna barabardyr. Goşmaça kuwwatlyklary döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary umumy kuwwaty 153 müň tonna barabar bolan, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ammarlar toplumlaryny gurmak boýunça birnäçe taslamalary işläp taýýarladylar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek üçin degişli önümçilikleri ýola goýmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň netijesinde, söwda pudagynyň esasy ýörelgelerinde düýpli özgerişlikleriň bolup geçendigini belledi. Bu pudagyň telekeçilik işjeňligi artdy.

Döwlet Baştutanymyz azyk harytlarynyň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik etmäge, oba hojalyk önümçiliginde hususy başlangyçlary höweslendirmäge degişli meselelere ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň içerki we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow çagalaryň tomusky dynç alşynyň guramaçylykly geçirilişi hem-de döwlet Baştutanymyzyň täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň 1-nji tapgyrynda 29510 çaganyň guramaçylykly dynç almagy guraldy.

Asylly däbe görä, Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanylyp, täze bilim-terbiýeçilik edaralarynyň birnäçesi ulanylmaga tabşyrylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim we terbiýeçilik işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýaş nesliň döwrebap bilimleri üstünlikli özleşdirmegi, aň-paýhas mümkinçiliklerini artdyrmagy üçin hemme şertleri döretmek baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz bilim ulgamynda usulyýet çemeleşmelerini täzelemegiň üstünde işlenilişini güýçlendirmegi talap etdi. Biziň döwrümizde bu ulgam örän çalt ösýär, onuň kompýuterleşdirilmegi we sanly ulgama geçirilmegi depginli barýar. Bularyň ählisini okatmagyň tejribesine yzygiderli ornaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu ulgamdaky özgertmeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda wise-premýere görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan ähli çäreleri, şol sanda bu ulgamda ýurdumyzyň üstünliklerini giňden görkezmäge gönükdirilen «Saglyk — 2019» halkara sergisini we ylmy-maslahatyny ýokary derejede guramagy we geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa iýul aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Maksatnama döwlet we halkara derejedäki wakalary, döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly çykyşlary we beýlekileri özünde jemleýär.

Şeýle hem «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dürli çäreler guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iýul aýynda göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjek çäreleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýakynda boljak medeni çäreleriň guralmagyna hem-de täze desgalaryň açylmagyna degişli anyk tabşyryklary berip, şolaryň halkymyzyň örän uly döredijilik kuwwatyny görkezmelidigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Welaýatlarda ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnap almak, galla ýygýan kombaýnlary netijeli işletmek hem-de bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerine bökdençsiz getirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi. Gallaçylar döwlete azyklyk bugdaýy tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine karz serişdelerini bermek hakyndaky» hem-de «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky» kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dänelik ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlaryndan we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynyň üstünliginiň esasy bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu möwsümde bugdaýyň ýekeje dänesiniň hem ýitgisine ýol bermezligiň, şu maksat bilen ýokary netijeleri gazanan kärendeçi daýhanlaryň we mehanizatorlaryň tutanýerli zähmetine mynasyp baha bermegiň hem-de iş tejribesini giňden ýaýratmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýerleri geljekki bugdaý ekişine taýýarlamagyň depginini güýçlendirmegiň hem-de gowaça göwnejaý ideg etmegiň, pagta ýygymyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, wise-premýere olary ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň 23-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bu sapar Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädim boldy. Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr.

Saparyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, onuň gün tertibine dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça bilim ulgamynda — ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde, himiýa senagatynda, ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de «KAMAZ» kysymly awtoulaglary almak babatda köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak boýunça işleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Şeýle hem Zelenodolskiniň gämi gurluşyk zawody we Kazanyň dikuçar zawody bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazanda ýaşlaryň arasynda awgust aýynda geçiriljek hünär ussatlygy boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmagyna taýýarlyk görmek boýunça anyk işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, netijeli türkmen-tatar gatnaşyklarynyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belledi. Türkmenistan we Tatarystan köptaraply kuwwata eýe bolmak bilen, söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Ýurdumyzda ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolan Tatarystanyň kärhanalary we kompaniýalary bilen gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara goşmaça kuwwatly itergi berlendigini aýtdy. Munuň özi gatnaşyklary hil taýdan täze sepgitlere çykarýar. Hyzmatdaşlygyň döredilen kadalaşdyryjy hukuk binýady muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kazanda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen hem-de özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan resminamalaryň toplumy bu binýadyň üstüni ýetirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu däp bolan hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine, Russiýa Federasiýasy bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryň maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyp, wise-premýere, daşary işler ministrine saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralardaky işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň ýakyn geljek üçin işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetçilik tertip-düzgünini berkitmek, bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, yssy günleri nazarda tutup, ýangyn howpsuzlygy çäreleriniň hemme ýerde berk berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmek, ýokary hünärli işgärleri we serkerdeleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işi mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter