Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

опубликованно 26.06.2019 // 364 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň milli Liderimize aýdan mähirli salamyny ýetirdi. D.Tramp umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýokary ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen deňhukukly, özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz jenap Mettýu Stiwen Klimowy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hem yzygiderli ösdürilýän türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy babatda işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklara yzygiderli depginiň mahsusdygy bellenildi. Şu babatda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşine uly orun berilýär. Onuň işi özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge we umuman, netijeli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönüden-göni ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen meşhur amerikan kompaniýalarynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde getirip bolar. Bu kompaniýalar geljegi uly türkmen bazarynda öz eýeleýän orunlaryny berkitmäge hem-de dürli pudaklarda täze taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen bir hatarda, netijeli ynsanperwer gatnaşyklara, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça gatnaşyklara hemişe uly ähmiýet berilýär.

Parahatçylygy, sebit hem-de ählumumy howpsuzlygy, döwrüň wehimlerine garşy hereket etmegi üpjün etmek meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş üçin rowaçlygy pugtalandyrmagyň we şertleri döretmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýan Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik döredijilikli syýasatynyň eýeleýän orny, şeýle hem milli Liderimiziň energiýa howpsuzlygy ulgamynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda hem-de beýleki möhüm ugurlarda halkara gatnaşyklar babatda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Şunda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar bilen düzgünleşdirmäge, goňşy döwleti durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeltmäge ýurdumyzyň uly goşandy nygtaldy. Bu bolsa TOPH transmilli gaz geçirijisi ýaly anyk düzümleýin taslamalarda öz beýanyny tapýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow däp bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň yzygiderli özara hoşniýetli erke daýanyp, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak arkaly mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter