Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy | TDH
Medeniýet

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy

опубликованно 23.06.2019 // 160 - просмотров
 

Şu gün Magtymguly etrabynyň dolandyryş merkezinde «Medeniýet hepdeligi — 2019» çäresiniň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilýän giň gerimli döredijilik forumy halkymyzyň ruhy baýlygyny gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilendir.

Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň beýik medeniýetiniň köpasyrlyk subutnamalaryny köp görnüşliliginde doly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, ol häzirki zaman türkmen medeniýetiniň nurana täsirli serişdelerini görkezip, milli sungatymyzyň ähli görnüşlerini — opera we aýdym-saz, kinematografiýa we teatr, şekillendiriş we amaly-haşam, edebiýat we halk döredijilik sungatlaryny şöhlelendirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen bu ajaýyp däbiň başynyň hut Balkan welaýatynda başlanandygy bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda ilkinji Medeniýet hepdeliginiň geçirilen ýeri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boldy. Ol täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşany, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirip alyp barýan rowaç syýasatynyň ajaýyp netijesi bolup hyzmat edýär.

Indi bolsa forum Watanymyzyň ýene-de bir täsin we ajaýyp künjegi — şu ýyl doglan gününiň 295 ýyllygy bellenilýän beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň adyny göterýän Magtymguly etrabynda geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy halkymyzyň dünýä medeniýetine uly, aýdyň, çuňňur özboluşly goşantdyr. Onuň 300 ýyla golaý mundan ozal döreden eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Çünki olarda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklar, mähriban topragyňa, öz halkyňa deňsiz-taýsyz wepalylyk, halkyň döredijilik güýjüne ynam hem-de belent borç öz beýanyny tapýar. Täze taryhy eýýamyň belent ruhy ýokary göterilişi döwründe Magtymgulynyň milli ylmyň, medeniýetiň we sungatyň ynsanperwerlik maksatlaryna ýugrulan goşgulary täze ömre eýe boldy hem-de uly güýç bilen ýaňlanýar.

Şu gün ir bilen Magtymguly şäherinde açylyş dabarasy geçirilen «Medeniýet hepdeligi — 2019» «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygaryna beslendi. Merkezinde Magtymguly Pyragynyň muzeýi duran medeni-ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýagdaýy döredilip, bu ýere şäheriň köp sanly ýaşaýjylary we dabaranyň myhmanlary ýygnandylar. Foruma gatnaşýan wekiliýetleriň düzüminde meşhur teatr artistleri, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, suratkeşler we ýazyjylar, ussat aýdym-saz toparlary we ýurdumyzyň ähli sebitlerinden görnükli folklor-etnografiýa toparlary bar.

Bu gün bu meýdança aýratyn toý görküne beslendi: örän köp baýdaklar gerlip, parlap dur, daş-töwerek güllerden doly, owadan bannerler, howa şarlary uzakdan görünýär. Gapdalda ak öýler we sergi bölümleri gurnalyp, olarda halk senetçiliginiň ussatlary işleýärler, sergiler ýaýbaňlandyryldy. Sergi bölümlerinde amaly-haşam sungatynyň eserleri, suratkeşleriň işleri, halylar, bezeg şaý-sepleri, saz gurallary, türkmenleriň durmuşda ulanan zatlary, şeýle hem neşirýat önümleri görkezilýär.

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara Gutlagy okalýar. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda uly döredijilik gözden geçirilişine gatnaşyjylary çäräniň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny şeýle-de döredijilik üstünliklerini arzuw edip, häzirki çäräniň milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge we dünýä ýaýmaga täze badalga bermäge gönükdirilendigini belledi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly joşgun we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Hepdeligiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan alyp baryjy ösüşlere beslenen daşary we içeri syýasaty, milli medeniýetimizi ösdürmäge yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyk bildirdi, Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlerinde täze üstünlikler arzuw edildi.

Dabara konsert bilen dowam etdi. Onda ýurdumyzyň sungat ussatlary we meşhur döredijilik toparlary çykyş etdiler.

Soňra foruma gatnaşyjylar Magtymguly Pyragy muzeýine bardylar. Mälim bolşy ýaly, bu medeni toplumy döretmek baradaky karara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň maý aýynda gol çekdi. Şol ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik şahyryň 290 ýyllygy giňden bellenildi. Beýik akyldaryň ençeme dillere neşir edilen ölmez-ýitmez eserleri çeper sözüň ussadyna uly hormat goýulýandygynyň, onuň edebi mirasynyň bütin dünýäde sarpalanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol mirasyň ähmiýeti milliligiň çäklerinden has uzaklara ýaýylyp gidýär.

Täzelenen muzeýiň öz gapylaryny ilkinji gezek 2015-nji ýylyň güýz aýynda açandygynyň hem özboluşly manysy bardyr. Şol ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bellenildi. Ýurdumyzyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty bütin dünýäde giň goldawdan peýdalanýar we ykrar edilýär.

Muzeýiň binasynyň öňünde ýurdumyzyň ajaýyp nusgawy şahyrlary bolan Magtymguly Pyragynyň, Gurbanaly Magrupynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Annagylyç Mätäjiniň ýadygärlikleri ýerleşdirildi. Halkymyz söz ussatlaryna belent sarpa goýup, nesiller üçin olaryň atlaryny ebedileşdirdi. Bu bolsa bu heýkeller toplumynda ýüze çykýar. Olary gözden geçireniňde, asyrlaryň çuňluklaryna alyp gidýän şahyrana senenamanyň sahypalary yzly-yzyna açylýana çalym edýär. Ylhamyň bu ajaýyp künjegini bezeýän suw çüwdürimleriniň kümüş damjalary ony has-da özüne çekiji edýär.

Umuman, muzeýiň gymmatlyklary Magtymgulynyň ösüp kämilleşmegine itergi beren medeni aň-bilim gurşawy bilen tanyşmaga, milli medeniýetiň kemala gelmeginde şahyryň eýeleýän aýratyn ornuna akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary çeperçilik derejesinde bezelen owadan dioramalar munuň özboluşly beýany bolup hyzmat edýär.

Ine, olaryň biri Magtymgulynyň Şirgazyhan medresesinde okandygyny görkezip, türkmen halkynyň gadymdan bäri bilimlere bolan ymtylmasyny beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmenler ylma, edebiýata, sungata hemişe aýratyn hormat goýupdyrlar. Ikinji diorama gündogarda döredijilik bäsleşikleri meşhur bolan döwründe ady rowaýata öwrülen çynaryň astynda ýaş şahyryň keşbini görkezýär. Bu ýerde beýan edilen keşplerde Magtymgulynyň kakasy — ajaýyp akyldar şahyr Döwletmämmet Azadyny, şeýle hem Durdy şahyry, Çowdur hany we beýleki meşhur taryhy şahslary hem-de halk dessançy bagşylary tanap bolýar. «Magtymguly zergär» diýen üçünji diorama belli şaý-sep ussasy-da bolan şahyryň zehininiň ýene bir tarapyny açyp görkezýär.

Sergi zalynda Magtymgulynyň, ondan öňki we soňky şahyrlaryň — dürli asyrlarda dürli dillerde neşir edilen türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleri görkezilýär. Wagtyň geçmegi bilen saralan sahypalarda täsin arap ýazuwy, latyn we slawýan harplary bilen ýazylan setirler bar. Şeýle hem bu ýerde şahyryň ömür we döredijilik ýoly barada gürrüň berýän ylmy edebiýat we meşhur neşirler, şol sanda Magtymgulynyň eserleri hem-de ol baradaky köp sanly kitaplar jemlenipdir.

Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň nusgawy şahyryň ömri, döredijiligi we filosofik garaýyşlary baradaky parasatly sözleri many-mazmunyny düzýän «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ýygyndy bar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny täzeden dikeltmek, gorap saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek işindäki aýratyn hyzmatlary üçin Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy.

Beýik şahyryň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» diýen medalynyň hem döredilendigini bellemek gerek. Abraýly halkara baýragy bilen bir hatarda, bu medala türkmen medeniýetini ösdürmäge, türkmen nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge hem-de wagyz etmäge uly goşant goşan ençeme ildeşlerimiz bilen birlikde, daşary döwletleriň wekilleri hem mynasyp boldular.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylarda Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň tehnologiýa taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylyşy aýratyn täsir galdyrdy. Hususan-da, sergi zallarynyň ählisinde dürli mazmundaky filmleri görkezmek üçin monitorlar göz öňünde tutulypdyr. Interaktiw we multimediýa tehnologiýalary maglumatlary dürli-dürli görnüşde bermäge, ony kabul etmek üçin degişli ýagdaýlary döretmäge kömek edýär.

Öz nobatynda, «Garaşsyzlyk» zalynda toplanan köp sanly suratlar, resminamalar hem-de beýleki gymmatlyklar Türkmenistanda her sebiti ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän örän uly işleriň taryhy subutnamalarydyr. Häzir ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagatlaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykaryp bilýän ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, aň-bilim ulgamy bolan bilime we ylma hem-de durmuş ulgamyna, saglygy goraýşa, medeniýete we sporta örän uly maýa goýumlar gönükdirilýär.

Mysal hökmünde, Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady düzüminiň üstüni ýetiren täze kärhanalary we beýleki desgalary getirip bolar. Bular Gyýanlydaky «Garabogazkarbamid» zawody we gazhimiýa toplumy, doly döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň enjamlary, şeýle hem ýurdumyzyň ähli gaz geçirijilerini bir ulgama birleşdiren «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisi, Balkanabatdaky gazturbina elektrostansiýasy, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, iň häzirki zaman Halkara howa menzili hem-de Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty ýaly desgalardyr.

Täze gurluşyklaryň hatarynda maldarçylyk we ýyladyşhana toplumlary, durky doly täzelenen Mollagara şypahanasy, hemme zerurlyklar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk we sport merkezleri, muzeýler we kitaphanalar, medeniýet köşkleri, ýurdumyzyň günbatar sebitiniň dürli şäherlerinde we etraplarynda bina edilen oňaýly ýaşaýyş jaýlary bar. Elbetde, ajaýyp myhmanhanalar, çagalar saglygy goraýyş merkezleri, kottej şäherjikleri, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dünýä derejeli deňizde dynç alyş künjegi ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň seýilgäh-dynç alyş toplumlary hem bar.

Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşy mynasybetli baýramçylyk toýundan soň, esasy dabaralar Magtymguly Pyragynyň dogduk obasy bolan Gerkez obasyna geçdi. Bu ýerde ýola goýlan asylly däbe görä, tebigatyň ajaýyp Sumbar jülgesinde her ýyl şygryýetiň, halk döredijiliginiň, folkloryň baýramçylygy geçirilýär. Ine, bu gün hem daş-töweregi gür baglyga beslenen we belent daglar bilen gurşalan Gerkez gadyrly myhmanlary duz-çörek bilen garşylap, öz beýik oglunyň: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýip, welilik bilen aýdan setirlerini tassyklaýar.

«Magtymguly» seýilgähinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olar asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däpler, halkymyzyň baý medeni mirasy, sungaty barada gürrüň berýär. Halylar we keçeler, milli egin-eşikleriň nusgalary we matalar, gap-gaç we agaç önümleri, zergärleriň nepis işleri, şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň eserleri köpöwüşginliligi bilen görkezildi.

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň şahyrlarynyň «Şygryýetiň rowaçlygy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Magtymgulynyň döredijiligine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ylym we medeniýet işgärleri, ýazyjylar we žurnalistler, halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler we sazandalar gatnaşdylar. Duşuşyk Türkmenistanda çeper sözüň meşhur ussatlary bilen birlikde, şygryýet dünýäsine baş goşýan täze şahyrlary hem birleşdirdi. Bu ýerde mähriban Watanymyza bagyşlanan, eziz topragymyzyň gözelligini wasp edýän ajaýyp söýgi eserleri ýaňlandy.

Şu günki güni bolsa ýene-de etrabyň dolandyryş merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň ýanyndaky meýdançada geçirilen sungat ussatlarynyň uly konserti jemledi.

Baýramçylyk çäresini täsirli ýerine ýetirilen «Sungatyňa sarpaňa sag bol, Arkadag!» atly edebi-sazly kompozisiýa açdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik syýasaty netijesinde ýurdumyzyň rowaç ösüş ýolunda gazanan ägirt uly üstünliklerini wasp edýär. Bu kiçi spektaklda ýylymyzyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygary bilen utgaşyklykda döredilen, artistler tarapyndan ulanylan many-mazmunly serişdeler konsertiň baş mazmunyny — häzirki zaman milli sungatyň görnüş taýdan köpdürlüligini, onuň taryhy-medeni miras bilen aýrylmaz arabaglanyşygyny, halklary ýakynlaşdyrmakdaky parahatçylyk döredijilikli işini we ornuny ýüze çykardy.

Berk ruhy binýatlary hem-de belent demokratik ýörelgeleri bolan Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny artdyrmagyň bähbidine milli Liderimiziň alyp barýan yzygiderli işlerini beýan edýän wideoşekiller watançylyk ähmiýetli bu çykyşyň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.

Konsert maksatnamasyna halky we döwrebap mukamlar hem-de aýdymlar, nusgawy eserler, horeografiýa eserleri girip, asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli ýetip, halkymyzyň häzirki günlerde aýawly saklaýan däp-dessurlaryny beýan etdi. Ýerine ýetirilen çykyşlaryň köp görnüşleri, usullary we öwüşgini ýurdumyzyň aýry-aýry welaýatlaryna häsiýetlidir, bilelikde bolsa, olar milli medeniýetimiziň baý täsirli serişdesini emele getirýär. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň «Serpaý», «Aşgabat», «Näzli», «Dessan», «Dürdäne», «Miras», «Laçyn», «Altyn asyr», «Jeýhun», «Dehistan» ýaly meşhur tans toparlary, şeýle hem ýaş aýdymçylar we «Hazar merjenleri» hem-de «Ýaşlyk» çagalar horeografiýa toparlary tomaşaçylary özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen begendirdiler. Uly bolmadyk spektakl görnüşinde görkezilen «Zöhre we Tahyr», «Ýusup we Ahmet» dessanlaryndan bölekleriň ýerine ýetirilmegi türkmen sungatynyň döredijilik däpleriniň nesilden-nesle geçirilýändigini äşgär etdi. Bagşy-sazandalaryň çykyşlary tomaşaçylara uly şatlyk bagyş etdi. Hut halk aýdymlary ata-babalarymyzyň tejribesini saklamagyň we nesillere geçirmegiň usuly, dünýä we adamzat baradaky bilimleriň çeşmesi bolupdy, ol geçmişi we häzirki güni birleşdirip geljege alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» diýen kitabynda belleýär.

Açyk asmanyň astyndaky konsert meýdançasynda estrada aýdymlary hem ýaňlandy. Wäşiler toparynyň ýerine ýetiren degişme sahnasy konsert maksatnamasyna şadyýanlyk öwüşginini çaýdy.

Emele gelen däbe görä, konsertiň ahyrynda küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Halk döredijiliginiň özboluşly nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy tans biziň günlerimizde täze mazmun bilen baýlaşyp, geçmişiň däp-dessurlary bilen häzirki döwrüň döredijilikli güýjüniň sazlaşykly utgaşmasynyň aýdyň mysalyny görkezýär.

«Sungat rowaçlygy!» diýen aýdym sungat baýramçylygyny açan konsertiň jemleýji bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk duýgusy bilen ör-boýuna galyp, aýdymçylar hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisi bu aýdymy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, türkmen halkynyň zehininiň we ylhamynyň belent senasy hökmünde ýerine ýetirdiler.

* * *

Giň gerimli döredijilik forumynyň ikinji gününiň maksatnamasy hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli çärelere baý boldy.

Şu gün irden Gerkez obasynda, Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebiň öňündäki meýdançada «Nesilleriň rowaçlyga buýsanjy» atly çagalar döredijilik toparynyň çykyşy boldy. Ýaş ýerine ýetirijiler aýdym-saz we tans kompozisiýalarynda özleriniň zehini hem-de ýerine ýetirijilik başarnygy bilen tapawutlandylar, saz gurallaryny erjellik bilen çalyp, tomaşaçylary haýran galdyrdylar.

Ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tapawudy ýok, şäherlerde ýa-da alysdaky ilatly ýerlerde ýaşaýandygyna garamazdan, ýaş zehinleriň häzirki döwürde döredijilik ukyplaryny hem-de zehinlerini açmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin ägirt uly maýa serişdeleri goýberilýär, hemme ýerde çeperçilik merkezleri hereket edýär. Şolarda çagalar sungat dünýäsine aralaşýarlar. Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Magtymguly etrabynyň merkezinde we dürli obalarynda döwrebap enjamlar hem-de multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary we mekdepler guruldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar esasy daýanjymyzdyr» diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Indi köp ýyllaryň dowamynda döwlet derejesinde umumymilli hem-de halkara möçberli çagalar bäsleşikleri we festiwallar — «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Gorkut owazlary», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» ýaly bäsleşikler, şeýle hem zehinli çagalaryň arasynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara festiwal we beýleki çäreler geçirilýär.

Döredijilik forumynyň çäklerinde Magtymguly şäheriniň mekdepleriniň birindäki maslahatlar zalynda «Arkadagyň kitaplary — rowaçlygyň belent waspy» diýen at bilen «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi. Kitap-neşir önümleriniň sergisi şu çärä gabatlanyldy. Onda görkezilýän önümleriň içinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine aýratyn orun berildi. Olar depginli durmuş-ykdysady we ylmy-medeni ösüş döwrüne gadam goýan hem-de köpasyrlyk halk däp-dessurlaryna ygrarlylygy saklaýan ýurt bolan häzirki zaman Türkmenistany dünýä açýar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda medeniýet we bilim ulgamynyň işgärleri, kitaphana işiniň hünärmenleri, şahyrlar we ýazyjylar, žurnalistler bar. Onuň çäklerinde ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni aň-düşünje işlerini häzirki zaman derejesinde ýola goýmak barada gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar geçirildi.

Bellenilişi ýaly, halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýän kitap, gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki zaman jemgyýetinde hem medeni we aň-düşünje taýdan ösmegiň esasy guraly hasaplanylýar. Ýurdumyzda her ýyl neşir edilýän kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň barha artýan möçberleri we köpdürlüligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ylym-bilim hem-de ruhy taýdan ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär. Ýokary hilli neşirleriň çapdan çykmagy okamagyň medeniýetini artdyryp, ilatyň aýratyn-da, ýaşlaryň milli we dünýäniň ruhy genji-hazynasyna goşulyşmagyna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň medeniýeti ösdürmek baradaky meselelere berýän ünsüniň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde iň döwrebap enjamlar we elektron ulgamlar bilen üpjün edilen kitaphanalaryň täze ajaýyp binalary guruldy. Merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň iň oňat tejribelerine esaslanan ýeke-täk elektron ulgam döredildi. Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen, ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usulyýet okuwlary, okuw maslahatlary, bäsleşikler geçirilýär. Bularyň ählisi kitaphana işiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, bu ulgamda dünýä tejribesini ornaşdyrmak babatda ähmiýetli ädimlerdir.

Foruma gatnaşyjylar milli medeniýetimizi gülledip ösdürmek, onuň gözbaşlaryny ylmy taýdan öwrenmek hem-de halkara ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ugrunda hemme şertleriň döredilýändigi, kitaphana işine döwlet derejesinde şeýle uly üns berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik, tejribe merkeziniň botanika bagynda ýurdumyzyň folklor toparlarynyň gatnaşmagynda «Miras — rowaçlygyň waspy» diýen owadan çykyşlar boldy.

Döredijilik forumynyň ikinji güni Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Konsert Gerkez obasynyň golaýynda ýerleşýän tebigatyň ajaýyp künjegi bolan Düýedaş diýen dag jülgesinde geçirildi. Tomaşaçylar halk we döwrebap aýdym-sazlary, joşgunly tanslary ýerine ýetiren artistlere şowhunly el çarpdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter