Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

опубликованно 17.06.2019 // 169 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Branko Rakowesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ilçi öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi we iki döwletiň abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda ähli bilim tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Gürrüňdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň Doly ygtyýarly wekili döwlet Baştutanymyzyň ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi esasy ugur edinýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek boýunça ähmiýetli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistanda sebitleriň düzüm bölegini ösdürmek, aýratyn-da, oba ýerlerinde döwrebap mekdepleri, hassahanalary, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryny, medeni, sport we sagaldyş merkezlerini gurmaga möhüm üns berilýändigi bellenildi.

Ilçi şeýle hem mejlisiň köpugurly işi we onuň demokratik özgertmeleri amala aşyrmakda eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Sloweniýa Respublikasynyň ilçisi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, şol sanda parlamentara gatnaşyklar ulgamynda, iri halkara guramalary, öňi bilen bolsa BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdi. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýär.

Ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, ilçi iki ýurduň söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we derman senagaty ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter