Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 12.06.2019 // 707 - просмотров
 

Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, ylmyň ösüşine innowasion häsiýet bermek, alymlaryň oýlap tapan täzeliklerini eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirmek, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilige we bilim ulgamyna ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasyna ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, 2020-nji ýyldan başlap, ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagyny üpjün etmek, şeýle hem alnyp barylmaly ylmy-barlag işleriniň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasaryna tassyklamak üçin bermek tabşyryldy.

Resminama bilen, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýokarda bellenilen meýilnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ylmy-amaly netijeleri işläp taýýarlamalary ornaşdyrýan edaralar, kärhanalar we guramalar üçin degişli ýeňillikleri göz öňünde tutýan ykdysady höweslendiriş görkezijileri işläp taýýarlamak tabşyryldy.

***

Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylmaly meýilnamalaýyn ylmy-barlag işleriniň maksatnamalarynda we meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi hem-de ylmy barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösüşini gazanmak, ylmy maslahatlaryň, ylmy saparlaryň, ylmy innowasion oýlap tapyşlaryň hem-de bilelikdäki halkara ylmy taslamalaryň maliýeleşdirilişini býujetden daşary serişdeleriň, hemaýatkärleriň serişdeleriniň hem-de kanunçylykda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasy döredildi, bu gazna hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamaga döwlet tarapyndan giňden goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyndan 35 000 000 (otuz bäş million) manat möçberde pul serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen bu institutyň gurluşy tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:

— institut bilen bilelikde Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

— Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hünär ugurlary boýunça okuw meýilnamalaryny halkara ölçeglere laýyklykda bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga bermek;

— Telekommunikasiýalar we informatika institutynda okuwlary tölegli esasda guramak;

— Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde, talyplaryň okamak üçin tölegleriniň möçberini kesgitlemek;

Adalat ministrligi bilen bilelikde, şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.

Bilim ministrligine institut bilen bilelikde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.

Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine institut bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny we köpdürlüligini giňeltmek, hyzmatlaryň hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurluşy tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligine institut bilen bilelikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin zerur bolan täze hünär ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Adalat ministrligi bilen bilelikde, şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter