Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde | TDH
Jemgyýet

Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde

опубликованно 12.06.2019 // 623 - просмотров
 

Paýtagtymyzda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara maslahat açyldy. Ylymlar gününe bagyşlanan foruma türkmen alymlary, şeýle hem dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy toparlarynyň mugallymlary we ýaş alymlary gatnaşdy.

Olaryň hatarynda Germaniýadan, Ispaniýadan, Bolgariýadan, Çehiýadan, Belarusdan, Russiýadan, Polşadan, Ukrainadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Müsürden we beýleki ýurtlardan gelen wekiller bar.

Ýurdumyzyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezi bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu maslahatyň aýdym-sazly dabaraly baýramçylyk açylyşy boldy. Bu uniwersitete döwletimiziň aň-paýhas we ylmy-tehniki mümkinçiligini ösdürmegiň baş ylmy ojaklarynyň biri bolmak wezipesi ýüklenendir.

Uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary tarapyndan guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň ajaýyp sergisi ýurdumyzyň iň ýaş okuw mekdepleriniň biri bolan bu ýerde öňe tarap üstünlikli ädimleriň ädilýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Soňra maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara we ylmy jemgyýetçilige iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Milli Liderimiziň Gutlagynda: «Ylym döwletiň kuwwatydyr» diýilýär we ýurdumyzda binýatlaýyn ylmy-tehniki özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýokary hünärli inženerleri we zehinli alymlary taýýarlamak, innowasion senagaty we adam maýasyny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýa we ylym ulgamyna çekmek üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenilýär.

Türkmenistan ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbidine gönükdirip, iri halkara guramalar, dünýäniň ylym, bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär we ählumumy ylmy giňişlige işjeň aralaşýar.

Dürli ulgamlarda ylmy barlaglar boýunça gatnaşyk etmegiň we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň meseleleri häzirki maslahatyň hem gün tertibine girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet gurluşynyň strategiýasynda, milli maksatnamalarda ykdysadyýetimiziň innowasiýa ýoly bilen ösüşine, sanly ulgamlara geçirilmegine hem-de netijeli inženerçilik çözgütlerine daýanmagyna esasy orun berilýär. Bularyň ählisi diňe bir önümçilikde ýokary netijeleriň alynmagyna däl, eýsem, adam babatynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendir.

Umumy mejlisiň dowamynda Ýewropanyň we Aziýanyň belli ylmy merkezleriniň wekilleri: Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Giorgiý Kwesitadze, Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Mosumoto Ýuji, Gazagystanyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Maksat Kalimoldaýew, HHR-iň Şensi welaýatynyň Çagalar halk hassahanasynyň direktory, ylymlaryň doktory, professor Jiao Fuýong, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Daşkendiň döwlet tehniki uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Muhammet Kabir Bahadirhanow, Polşanyň Ýakow Paradižskiý adyndaky akademiýasynyň Gožuw-Welikopolsk Tehniki uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Ryşard Frydryk, Başgyrdystanyň (RF) Döwlet agrar uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Rinat Gadiýew, Ispaniýanyň Santýago de Kompostella uniwersitetiniň Ykdysady seljeriş ylmy merkeziniň direktory, professor, ylymlaryň doktory Ýolanda Pena-Boget gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Myhmanlar ýokary tehnologiýaly ylma esaslanýan önümçilikleri döretmek, umumy we möhüm ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin amaly barlaglary hem-de synag işläp taýýarlamalary geçirmek ulgamynda bilelikdäki taslamalary guramakda hyzmatdaşlygyň we mümkinçilikleriň geljegi barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen ylmyny ösdürmek we onuň halkara gatnaşyklaryny giňeltmek, uglewodorod we mineral çig malyň gazylyp alnyşynyň we düýpli gaýtadan işlenilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýokary öndürijilikli hem-de ekologiýa taýdan arassa senagat toplumyny kemala getirmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş we beýlekiler babatynda gün tertibine girizilen meselelere deglip geçildi.

Daşary ýurtly alymlar türkmen kärdeşleri bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, ýurdumyzda häzirki zaman ylmy düzümleriň kemala gelendigini, döwlet Baştutanymyzyň goldawy hem-de ünsi netijesinde innowasion işler üçin döredilen mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar Ylymlar güni mynasybetli guralan çärä — ýaş türkmen alymlarynyň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasyna hem gatnaşdylar.

Türkmen paýtagtynyň myhmanlary üçin Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Olimpiýa şäherçesine we «Ylham» seýilgähine gezelençler guraldy.

Ertir halkara maslahata gatnaşyjylar bölümler boýunça işi dowam ederler. Ylmy çykyşlaryň we habarlaryň many-mazmuny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyk gelýär.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary, fizika we matematika» atly mejlis geçiriler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ekologiýa hem-de biotehnologiýalaryň ähmiýeti bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde senagat-innowasiýa tehnologiýalary meseleleri boýunça pikir alyşmalar guralar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysady ösüş, halkara hyzmatdaşlyk we syýahatçylyk» atly mejlis bolar. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolsa «Lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçiligi» meselesi boýunça mejlis guralar. Ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň ugurlary baradaky söhbetdeşlik Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guraljak alymlaryň çykyşlarynda öz beýanyny tapar.

Maslahata gatnaşyjylar paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen hem duşuşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze maglumat gurşawy hem-de sanly tehnologiýalaryň okgunly ösýän şertlerinde dürli ýurtlaryň ylmy-barlag bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň we yzygiderli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Şunuň ýaly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, tejribe alyşmak üçin «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara maslahat netijeli çäre bolup hyzmat eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter