Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdi

опубликованно 06.06.2019 // 119 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň we
hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň guramaçylygynyň we geçirilişiniň ýokary derejesi üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde goşulyşmagyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek görkezdi, biz bolsa hemmämiz türkmen dostlarymyzyň däp bolan göwnaçyklygyny we myhmansöýerligini ýene-de bir gezek duýduk.

Siz bilen bolan söhbetdeşligimden hem-de GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň açylyşynda Siziň eden manyly çykyşyňyzdan galan ajaýyp täsirler kalbymda berk orun aldy. Siz şol çykyşyňyzda arkalaşygyň çäklerinde bolşy ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde hem goşulyşmak işlerine Türkmenistanyň gatnaşmagyny jikme-jik beýan etdiňiz.

Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size mähriban Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde üstünlikleri, berk jan saglygyny we abadançylygy tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Sergeý LEBEDEW,
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy —
Ýerine ýetiriji sekretary.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter