Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 01.06.2019 // 194 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan,Germaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Estoniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçarkerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň M-100 kysymly mazudyny, Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, pagta ýüplüginiň arassalanan galyndylary ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: ABŞ, BAE, Türkiýe, Özbegistan, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million 577 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şotlandiýadan gelen telekeçiler 2 million 720 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 2 million 815 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini, süýmlük übtügi we pagta lintini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter