Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

опубликованно 30.05.2019 // 237 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Sergeý Rumasy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragyna gadam goýan ilkinji pursatlarynda belarus wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň aýdan mähirli sözlerini we Türkmenistanyň halkyna iberen arzuwlaryny ýetirdi.

Sergeý Rumas Belarusuň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda gazanylan we birnäçe döwletara resminamalarda berkidilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Belarus Respublikasynyň Prezidentine we onuň halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Premýer-ministr ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlary, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň, täzeçil önümçiligi döretmegiň we eksport harytlarynyň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirmegiň geljekki ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady pudaklary we medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy we şolaryň has işjeň herekete girizilmelidigi nygtaldy. Şunda milli Liderimiz iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirmek arkaly, bar bolan meseleleri netijeli çözmegiň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Ýurdumyza belarus tehnikalaryny getirmek, bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary dowam etmek hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiziň Belarusuň wekiliýetini birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrmagynyň halkara hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyldy.

Belarus hökümetiniň Baştutany Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini aýdyp, owadanlygy, arassalygy, kaşaň binagärligi we türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini özünde jemleýän özboluşlylygy bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň özünde oňyn täsirleri galdyrandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Arkalaşygyň hem-de GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňde boljak mejlisiniň gün tertibiniň, şol sanda Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we Belarusuň hökümetiniň ýolbaşçysy GDA gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge goşant goşýan ýurtlaryň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Sergeý Rumas iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine kybap gelýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow hem gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter