Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar

опубликованно 28.05.2019 // 240 - просмотров
 

Ministrler Kabinetiniň 10-njy maýda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekip, hökümet agzalaryna Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde dykgatly işläp, ýaşaýyş-durmuş ugruna, zähmet haklarynyň möçberini köpeltmäge hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Ýakynda, 27-nji maýda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, birnäçe pudagara toparlaryň düzümini tassyklady. Olaryň işi ilatyň saglygy bilen baglydyr. Şeýlelikde, ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady.

Şeýlelikde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara kadalara laýyklykda has-da ösdürmek, bitewi öňüni alyş ulgamyny döretmek, saglygy goraýşy dolandyrmagy kämilleşdirmek, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça zerur çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de saglygy goraýyş babatda köpulgamlaýyn pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk—2020» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen çärelerden we tekliplerden ugur alyp, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlarymyzyň sagdynlygyny gazanmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjy geňeşiň düzümi tassyklanyldy.

Ilatymyzyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümi tassyklanyldy.

Bu maglumatlar ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy ugruň yzygiderliligine şaýatlyk edýär, adam maýasyny gorap saklamak we ösdürmek onuň baş maksadydyr. Milli Liderimiziň saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryna gönükdirilýän çykdajylary artdyrmak baradaky tabşyrygy hem hut şol strategik wezipäniň çözülmegini ugur edinýär.

Bu möhüm ulgamlara maýalaryň goýulmagy döwletiň durmuş-demografiýa we ykdysady howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, zähmet kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär. Ömrüň ortaça dowamlylygynyň artmagy, zähmete ukyply ilatyň zähmet öndürijiliginiň we iş netijeliliginiň ýokarlanmagyna täsirini ýetirýär.

Adam maýasynyň esasy hökmünde saglygy goramak ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň baş maksady bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan toplumlaýyn we uzak möhletleýin “Saglyk” Döwlet maksatnamasy keselleriň öňüni almakdan hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň gymmatlyklaryny ilerletmekden başlap, bu ulgama innowasion tehnologiýalaryň çekilmegine hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna çenli ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň nusgasyny kämilleşdirmäge täze çemeleşmäni alamatlandyrdy.

Bu maksatnamany hem-de beýleki giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde soňky ýyllarda döwrebap hassahanalar hem-de ylmy-kliniki merkezler guruldy we gurulmagy dowam edýär, üpjünçiligi hem-de hödürleýän hyzmatlary boýunça dünýä ölçeglerinden pes bolmadyk lukmançylyk we sanatoriýa-şypahana ugurly dürli edaralaryň durky täzelenilýär.Derman senagaty pudagynyň işi hem kämilleşdirilýär. Ýerli çig maldan ýokary hilli dermanlyk serişdeleri we lukmançylyk maksatly beýleki önümler öndürilýär. Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramagyň netijeli ulgamy döredildi, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk giň möçbere eýe boldy, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk hem-de ylmy-barlag edaralary bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goramak we berkitmek babatda BSGG-niň maslahatlaryna berk eýerýär. Olar dört sany esasy ugra bölünýär: saglygy goraýyş ulgamynyň täsirliligini gowulandyrmak, ölümi azaltmak, töwekgelçiligiň esasy ýagdaýlaryna garşy netijeli göreşmek hem-de jemgyýetçilik ösüşiniň ölçegi hökmünde saglygy öňdäki orna çykarmak bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň saglygyny goramagyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça yzygiderli görülýän çäreleri mysal getirmek bolar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak baradaky 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnama hem-de Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama bar.

Şu ýerde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda geçirilen guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň bu guramanyň esasy edaralarynyň üçüsiniň agzalygyna saýlanandygyny bellemek gerek. Has takygy, ýurdumyz 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen kabul edip, Türkmenistanyň BMG-niň ýokarda agzalan edaralarynyň üçüsiniň düzümine saýlanylmagyny ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünliginiň subutnamasydygyny belledi, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny, ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini amala aşyrmakda Watanymyzyň uly ornunyň ykrar edilýändigini aýtdy.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň ösüşi bilen bagly meseleleri çözmäge mynasyp goşant goşmak bilen, ýurdumyzyň reproduktiw saglyk babatda möhüm maksatnamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýändigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz demografiýa, eneligi we çagalygy goramak syýasatyny amala aşyrmak üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen ýurt hem-de welaýat derejesindäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna ünsi çekdi. Umuman, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygar ýurdumyzda täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşýar.

Lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, birnäçe daşary ýurtlaryň köp sanly uniwersitetleriniň, institutlarynyň, halkara akademiýalarynyň hormatly akademigi, professory we doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça täze wezipeleri öňde goýýar.

Ýurdumyzy täze sepgitlere çykarmakda ylym-bilim kuwwatynyň eýeleýän orny hem aýdyňdyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny özgertmek boýunça başyny başlan özgertmeleri hemişe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan has ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda durýar hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda öňe tarap uly ösüş gazanyldy. Ýurdumyzda döwrebap bilim düzümi döredildi, bilimiň täze usullaryny özleşdirmekde, ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy.

“Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar esasy daýanjymyzdyr. Biziň beýik geljegimiz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz, ähli üstünliklerimiz watansöýüjiligi, dostlugy we agzybirligi ýörelge edinen ýaşlarymyzyň — siziň edep-terbiýäňizde, giň aň-düşünjäňizde, ylym-bilimiňizde, döredijilikli zähmetiňizde, eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza bolan hakyky söýgüňizde hem-de milli buýsanjyňyzda jemlenendir” diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine 25-nji maýda geçirilen «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli iberen Gutlagynda belleýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze tehnologiýalar, ylym ulgamynda, döwrebap tehnikalarda, robot tehnikasynda, emeli aňlaýyşda gazanylanlar ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir. Ýurdumyzyň geljekki ösüşini, aň-paýhas we ylmy-tehniki kuwwatynyň hemmetaraplaýyn amala aşyrylmagyny üpjün edýän sanly tehnologiýalara we öňdebaryjy bilimlere erkin erk etmek ulgamyny ösdürmegiň ölçegi bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde Watanymyzyň ähli sebitlerinde täze orta bilim we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri guruldy. Okuw edaralaryny okuw kitaplary we gollanmalary bilen üpjün etmek, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, umumybilim berýän mekdepleriň gurluşygy dowam edýär.

Her ýylda ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan noutbuklar sowgat hökmünde gowşurylýar. Munuň özi okuwyň ilkinji günlerinden başlap, noutbuklaryň okuwçylaryň täze bilimi ele almagynda ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini şertlendirýär. Bu asylly däbiň başy döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2011-nji ýylda başlandy. Bu bolsa ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we döwrebap terbiýesi hakyndaky aladanyň nobatdaky subutnamasydyr. Geçen okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilen okuwçylaryň 146 müň 873-sine şahsy kompýuterler gowşuryldy.

Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, oňa täzeçil usullar, mekdepleriň okuw meýilnamasyna üýtgetmeler girizildi. Şunlukda, binýatlaýyn dersler bilen bir hatarda ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, grafika we modelirlemek, maglumat-aragatnaşyk, täzeçil tehnologiýalar ýaly dersler girizildi.

Okatmagyň 12 ýyllyk möhletine geçilmegi bilen, hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, elektron dolanyşygy, programma üpjünçiligi, elektron bilim maglumaty gaznasyny döretmek boýunça degişli maslahatlar guraldy. Ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim ulgamyna birikdirmek işleri alnyp barylýar. Ugurdaş edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak, bilimiň ähli tapgyrlarynda ýokary hilli elektron maglumat üpjünçiligini ýola goýmak, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýany peýdalanmak, okatmagyň hilini dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen, bilim edaralarynda okatmagyň sanly ulgamy işjeňleşdirilýär. Onuň ulgamyna ylmyň soňky gazananlary we okatmagyň täzeçil usullary giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda häzirki döwürde ýaýbaňlandyran özgertmeleri bilimiň hiliniň halkara ülňülere laýyk gelmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, mugallymlaryň netijeli zähmeti, ýaşlaryň mynasyp bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Milli we abraýly halkara olimpiadalaryň ýeňijileriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Ynsanperwerlik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Ýaş türkmenistanlylar sportda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanýarlar. Şeýlelikde, 2018-nji ýylda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama olimpiadalarynda 99 medala eýe boldular. Olaryň 25-si altyn, 16-sy kümüş, 58-si bolsa bürünç medallardyr. Ýaş türkmenistanlylar internet-bäsleşiklerinde hem örän köp baýraklara mynasyp boldular.

Türkmen talyplary halkara paýhas bäsleşiklerinde 9 altyn, 18 kümüş we 22 bürünç, jemi 49 medal eýelediler. Şeýle hem dürli derejedäki diplomlaryň 17-sine mynasyp boldular.

Dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen hyzmatdaşlyk has-da ösdürildi. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlara, seminarlara, sergilere we duşuşyklara ylym we bilim edaralarynyň wekilleriniň, şol sanda köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, bilim ulgamyna täzelikleri ornaşdyrmak arkaly ýurdumyz BMG bilen ynsanperwerlik ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürýär. “TEMPUS-TASIS” we beýleki bilim maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalaryň amala aşyrylmagy döwletimiziň ýokary okuw mekdepleri bilen dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO ýaly abraýly halkara guramalar bilen bilelikdäki işler dowam edýär. Bilimiň täze usulyýetini we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak arkaly Türkmenistan şol döwletlerde öz talyp ýaşlarynyň sanynyň artmagyny, halkara ylmy-barlaglara gatnaşmagyň, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagyň we akademiki maglumat ulgamynyň ösdürilmeginiň derejesini has-da ýokarlandyrdy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň geljegi täze hünärmenleriň bilimlerine we başarnyklaryna baglydyr.

Ýurdumyzyň ýaş alymlary nebit we gazhimiýa, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň senagaty, uglewodorod-mineral we beýleki gazylyp alynýan peýdaly serişdeleri çykarmak we gaýtadan işlemek, nanokompozisiýa serişdelerini döretmegiň, suwy arassalamagyň, gazy çykarmagyň mukdaryny ýokarlandyrmagyň usullary, seýsmiki howpsuzlyga gözegçilik etmek ýaly ylmy-barlag ugurlaryna möhüm üns berýärler. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň alymlar jemgyýetiniň öňünde ylmy-tejribe wezipelerini üstünlikli çözmek ýaly meseleleri goýdy. Ylmy taýýarlygy dowam etmäge, hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga bolan höwes ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ýokary netije gazanmagyny şertlendirdi. Munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny, düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini berkitmek, milletiň täze paýhasly nesillerini döretmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryna çykdajylary artdyrmak maksady bilen, geljek ýyl üçin Döwlet býujetine goýulýan maýa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny yzygiderli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter