Türkmenistan «Geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly XIV Halkara mediaforuma gatnaşýar | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan «Geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly XIV Halkara mediaforuma gatnaşýar

опубликованно 23.05.2019 // 255 - просмотров
 

Ady rowaýata öwrülen belarus şäheri XIV Halkara mediaforuma gatnaşyjylaryň 250-ä golaýyny mähirli garşylady. Olar dünýäniň 24 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan esasy habar beriş serişdelerine — habarlar agentliklerine, tele we radio ýaýlymlaryna, sebit neşirlerine, bilermenler jemgyýetine wekilçilik edýärler.

Brest şäheri forumy geçirmegiň esasy ýeri hökmünde birnäçe möhüm sebäpler boýunça saýlanyp alyndy. Şol sebäpleriň hatarynda şäheriň öz müňýyllygyny bellemegi, şeýle hem 2019-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolup durmagy ýaly ýagdaýlar bar. Bu ýyl Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginde geçýär. Şu aýda Aşgabat GDA-nyň çäklerinde iri çäre — döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy geçirildi. Şondan has öňräk bolsa Brestde Arkalaşygyň ýurtlaryndan saz sahnasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda dürli öwüşginli konsert geçirilip, onda hem türkmen artistleri çykyş etdiler. Ynha, indi bolsa Belarus galasy nobaty gaýtadan kabul edýär.

«Geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly forum on dördünji gezek Belarus Respublikasynda geçirilýär. Bu ýyl media ulgamynyň ussatlarynyň duşuşygy «Žurnalistika we jemgyýetiň durmuş goraglylygy» atly mesele bagyşlandy.

Forumyň adyndan gelip çykyşy ýaly, onuň gün tertibine häzirki şertlerde habar beriş serişdelerini özgertmek hem-de olary hyzmatdaşlyk, özara gatnaşyklar we tejribe alyşmak arkaly ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Umumy mejlis Brestiň eteginde ýerleşen taryhy goraghanada — «Rynkowka» mülküniň mejlisler zalynda geçirildi, bu ýerde myhmanlary belarus halk aýdymlary bilen garşyladylar.

Foruma gatnaşyjylar onuň resmi taýdan açylyş dabarasyna çenli «Ýeňilmedik Belarus», «2019 — kiçi watanyň ýyly hem-de Belarusuň nemes faşistik basybalyjylardan azat edilmeginiň 75 ýyllygy» atly fotosuratlaryň sergileri bilen tanyşdylar. Watan goragçylarynyň edermenligi barada gürrüň berýän ak-gara suratlaryň sergisi forumyň maksadynda jemlenen esasy pikiri kesgitledi: Parahatçylygyň, geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk diýip, spikerleriň biriniň aýdyşy ýaly, «Şeýle suratlar gaýdyp düşürilmesin».

Umumy mejlisde diňe meseleler ara alnyp maslahatlaşylman, eýsem, anyk wezipeler goýuldy hem-de globallaşma, sanlaşdyrma we internetleşdirme ýagdaýlary bilen pajarlap ösýän habar beriş serişdeleriniň öňünde ör-boýuna galýan ýiti meselelere üns berildi. Foruma gatnaşyjylar žurnalistiň hünäri, onuň jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda eýeleýän orny baradaky açyk, düýpli we ynamly söhbetdeşlige çagyryldylar.

Mejlisde Belarusuň habarlar ulgamynyň, şeýle hem Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň, Estoniýanyň, Serbiýanyň,Ysraýylyň iri media serişdeleriniň ýolbaşçylary, Beýik Britaniýadan, Kubadan we beýleki ýurtlardan myhmanlar çykyş etdiler. Olar dürli ýurtlaryň žurnalistikasyny birleşdirýän zatlar hem-de döwrüň esasy wehimlerine jogap bermek bilen, häzir çözmeli wezipeler barada gürrüň etdiler. Gowşak ýerler, habar beriş serişdeleriniň barha ösýän internete kowalaşmagy, her bir ykjam telefonyň eýesiniň ulgama suratlary, wideolary, habarlary ugradyp, «žurnaliste» öwrülýändigi barada hem göni we açyk gürrüň etdiler.

Şunda bellenilişi ýaly, täjirçilik neşirleri hem, çeper höwesjeň blogerler hem hakykat ýüzünde nämäniň möhümdigi barada däl-de, eýsem, okalmagy gyzykly bolan zatlar barada ýazýarlar. Ine, şu ýerde döwlet habarlar agentliklerine aýratyn orun degişli bolýar, olar nämäniň möhümdigi, derkardygy barada ýazýarlar, dogry ýazýarlar, emma has gyzykly ýazyp, habarlaryň berlişini, görnüşini we elbetde, tizligini üýtgetmelidir. Çünki gürrüň jemgyýetiň ruhy, ynsanperwer gymmatlyklaryny, onuň ahlak sütünlerini goramak, ilatyň media sowatlylygyny we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda barýar. Ol häzirki döwürde islendik ýurduň durnukly binýadynyň gürrüňsiz ölçegine öwrüldi.

Umumy mejlis tamamlanandan soň, forumyň işi tematiki bölümler boýunça dowam etdi. Dünýäniň maglumatlar bazarynyň bilermenleriniň we seljerijileriň gatnaşmagynda media giňişliginde howpsuzlyk, sosial ulgamlaryň we blogosferanyň jemgyýetiň pikirini kemala getirmäge täsiri bilen bagly meseleler boýunça çekişmeler geçirildi. Internet-žurnalistikasynyň döwrebap meýillerine we olaryň durmuş-syýasy ösüşiň wezipelerini çözmek babatda ähmiýetine seredildi.

Žurnalistikanyň tomusky mekdebi forumyň däbine öwrüldi — onuň meýdançalarynda belli žurnalistler 24-nji maýda häzirki maglumat tehnologiýalary boýunça ussatlyk sapaklaryny bererler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter