Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi

опубликованно 22.05.2019 // 320 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi boldy. Oňa iki döwletiň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Igor Lýaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.

Senagat we kommunikasiýa ministrliginde geçen duşuşygyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerindäki meseleleriň toplumy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary girizildi.

Mejlise gatnaşyjylar birek-birege hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Hökümetara toparyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. Toparyň işi dürli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini hem-de iki halkyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak we birek-birege düşünişmek hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegini şertlendirýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilmegine, özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreleri we geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import ugurlarynyň artdyrylmagyna, ugradylýan harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň köpeldilmegine gönükdirilen goşmaça çäreleriň kabul edilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Pikir alyşmalaryň dowamynda işewür gatnaşyklary ösdürmäge, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin kuwwatly serişde binýady we ösen düzümi bolan ýurtlaryň mümkinçiliklerini doly işjeňleşdirmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalar mälim edildi. Obasenagat toplumy, maşyn gurluşygy, dokma we ýeňil senagat, gurluşyk ulgamy, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki birnäçe pudaklar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamlaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Hususan-da, Belarusuň öndürýän ýük ulaglarynyň, awtobuslarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň, lift enjamlarynyň Türkmenistana ugradylmagy babatda teklipler aýdyldy. Aşgabatda Belarus tehnikalarynyň hyzmat merkezini açmak, onuň binýadynda maşyn gurluşygyna degişli önümleriň tanyşdyryş sergisini guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň, Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Bank ulgamynda programmalaýyn önümleri ulanmak, Türkmenistanyň demir ýollarynda ýük daşamagy dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny ornaşdyrmak, jemagat hojalygynyň hasabyny we tölegini kesgitlemek ugurlaryny öz içine alýan maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky gatnaşyklaryň uly geljegi bar.

Türkmen we belarus halklarynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň özara düşünişmegi işjeňleşdirmekde döwletara gatnaşyklaryň möhüm orna eýedigini belläp, taraplar medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň ozaldan gelýän pugta binýadynyň bardygyny nygtadylar.

Iki ýurduň milli Ylymlar akademiýalarynyň we ugurdaş okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändigini belläp, duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurdaky, şol sanda bilelikdäki ylmy barlaglar, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünärini kämilleşdirmek we ýokarlandyrmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň we giňeltmegiň wajypdygyny bellediler.

2019-njy ýylda ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparyň üçünji mejlisini, şeýle hem Belarus Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek hakyndaky ylalaşyklar gazanyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň jemi boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Belarus Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň işi bilen tanyşmak, birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň barşynda anyk ugurlar boýunça bilelikdäki işiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter