Watanymyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary | TDH
Jemgyýet

Watanymyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary

опубликованно 22.05.2019 // 403 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi halkymyzyň döredijilik güýjüniň we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygynyň subutnamasyna öwrülýär. Şu günler ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalary ulanmaga bermek dabaralary bolýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimlikleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de köpsanly ýerli ilat gatnaşdy. Dabaralarda çykyş edenler dürli maksatly binalaryň gurlup ulanylmaga berilmeginiň şäherleriň we obalaryň düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirýändigini bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde amal bolýar.

Baýramçylyk äheňinde bezelen täze binalaryň ýanynda özygtyýarly Watanymyzyň ýeten derejesini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly ýagdaýda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

***

Aşgabat şäheriniň gününiň baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan 4 sany jaý, şeýle hem Büzmeýin etrabynda gurlan seýilgäh ýaşaýjylara ajaýyp sowgat boldy.

Bu şäherçedäki üç jaýyň her birinde 108 öý we beýlekisinde 54 öý bar.
Täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalara amatly öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Öýleriň her biri otaglarynyň oňaýly ýerleşdirilişi, belentligi, enjamlaşdyrylan giň aşhanalary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem jaýlaryň kömekçi desgalary we meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr.

Gurluşykçylar täze jaýlary göçüp gelmäge taýýarlamak bilen bir hatarda, ýanaşyk ýerlerini hem abadanlaşdyrdylar. Şol ýerde ýaşaýyş-durmuş düzümleri üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Köçeler asfaltlanyldy, yşyklandyryş ulgamy çekildi. Bag nahallary we dürli güller ekildi.

Soňra paýtagtymyzyň Parahat —7 ýaşaýyş toplumynda inženerçilik ulgamlary we döwrebap ýollar bilen bilelikde 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-siniň we häzirki zaman seýilgähiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.

Dabarada il sylagly ýaşulular we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary çykyş edip, soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen paýtagtymyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň yzygiderli artýandygyny nygtadylar. Täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşanlar adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar. Bu çäre ýurdumyzyň baş şäheriniň bu künjeginiň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynda möhüm orun eýeleýär. Şonda şäher ilatynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda her aýda tutuş ýaşaýyş jaýlarynyň kemala gelmegi toplumyň sazlaşykly ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň ösüş tapgyrlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şäher gurşawynyň durmuş üpjünçiliginiň ýola goýulmagy paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň baş şertine öwrülmelidir. Şäher ilatynyň netijeli işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir. Olar ýaşaýyş jaýlarynyň ýakynynda ýerleşýän sagaldyş toplumynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň hyzmatyndan netijeli peýdalanmalydyr. Şunda, diňe bir desgalary gurmaga däl, eýsem, şolaryň kömegi bilen täze gurşawy emele getirmäge, adamlar üçin amatly bolar ýaly özgertmäge möhüm üns berilmelidir.

Şu gün Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi bilen bir hatarda, Büzmeýin etrabynyň çäginde täze seýilgähiň açylyş dabarasy boldy.

Soňky ýyllarda paýtagtymyz sazlaşykly ösýär. Onuň ilatynyň sany artýar we şäheriň çäkleri yzygiderli giňeldilýär. Şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ilatyň ýokary durmuş ölçegleri üpjün edilýär. Aşgabadyň sazlaşykly ösüşi netijesinde, paýtagtymyz dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýär.

Bu gün durky täzelenen we abadanlaşdyrylan Aşgabat döredijilikli ösüşiň, kaşaňlygyň, amatlylygyň utgaşmagy bilen görenleri haýran galdyrýar. Şunda, binagärlik ýörelgeleri bilen tebigy aýratynlyk özboluşly sazlaşygy döredýär. Döwrebap seýilgähler ak mermerli Aşgabadyň bezegi bolmak bilen bir hatarda, şäher ilatynyň arassa howada dynç almagy we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpjün edýär.
Paýtagtymyzyň döwrebap seýilgähleri diňe bir gözellik döredýän künjek bolman, eýsem, açyk asmanyň astynda çagalaryň şadyýan oýnamagy we dynç günleri, şanly seneler mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary guramak üçin amatly ýer bolup durýar.

Täze seýilgähde saýaly we bezeg agaçlarynyň dürli görnüşleri, özboluşly şekilleri we gözelligi döredýän dürli güller ekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawyň
goralmagyna möhüm ähmiýet berýär. Ähli giň möçberli durmuş-ykdysady
maksatnamalar we maýa goýum taslamalary adamlaryň durmuş ulgamynyň
hemme ugurlary üçin zerur şertleri üpjün edýän ekologiýa ýagdaýy bilen
berk baglanyşyklydyr.

***

Şu gün Kaka etrabynyň çäginde towuk etini we ýumurtga öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň hem-de ýaşlaryň, köpsanly ýerli halkyň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň dowamynda ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugrudygy bellenildi. Obasenagat toplumynyň we azyk senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň, ýurdumyzyň haryt öndürijilerine döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi netijesinde, bu ugurda uly üstünlikler gazanylýar.

Bu şanly waka Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädim bolup durýar. Häzirki zaman obasenagat düzümleriniň döredilmegine ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. Munuň özi sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine we umuman, döwletiň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Bu giň möçberli işe ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň wekilleri işjeň gatnaşýar. Häzirki döwürde olar üçin giň mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawy netijesinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalygynyň dürli ugurlarynda iri taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik aldylar.

«Röwşen — Rahym» daýhan hojalygynyň buýurmasy esasynda “Gozgan Gala” hojalyk jemgyýetiniň bina eden guşçulyk toplumy ýylda 30 million ýumurtga we 80 tonna guş etini öndürmäge niýetlenendir. Onuň çäginde dört inkubator bolup, şolarda birbada 100 müň towuk saklamaga mümkinçilik bar. Hususan-da, bu ýerde ýumurtga berýän towuklar, şeýle hem jüýjeleri ösdürmek üçin ýörite desgalar göz öňünde tutuldy. Ähli bölümler doly awtomatlaşdyryldy. Şolar ýörite enjamlar, şol sanda amatly howany saklamaga, howany arassalamaga, suw bilen üpjün etmäge niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi.

Şeýle hem topluma uzakmöhletleýin esasda peýdalanmak üçin 105 gektar ýer bölünip berildi. Şonuň 5 gektarynda önümçilik desgalary bolup, beýleki ýerler ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekde peýdalanylar. Häzirki döwürde guşçulyk toplumynda Eýrandan we Türkiýeden getirilen 92 müňden gowrak towuk saklanylýar. Bu kärhananyň önümlerini ýerli bazarda ýerlemek bilen bir hatarda, eksporta hem ugradylar.

Bu ýerde onlarça iş orunlary döredildi. Bu ýerde işgärleriň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin zerur şertler üpjün edildi. Naharhana we işgärler üçin niýetlenen desgalar olaryň ygtyýarynda. Oba hojalygy bilen meşgullanýan hususy kompaniýalaryň önümçiliginiň netijeliliginiň ýokary bolmagy öndürilýän önümleriň mukdarynyň we hiliniň artmagy bilen bir hatarda, kärhananyň düşewüntliligini hem artdyrar.

***

Şu gün Lebap welaýatynyň merkezinde dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu jaýlar şäheriň Zelili köçesiniň ugrundaky desgalar bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny döretdi.

Şu ýylyň mart aýynda bu ýerde dört gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän şäheriň günorta böleginde soňky ýyllarda diňe bir ýaşaýyş jaýlaryny däl, eýsem, söwda-hyzmat merkezlerini, «Daýhanbankyň» bölümini, bejeriş-sagaldyş ulgamynyň desgalaryny we ilata hyzmatlary hödürleýän binalar bar bolan döwrebap toplum emele geldi.

Täze jaýlar «Binaçy» hususy kärhanasynyň binagärleri tarapyndan taslamalaşdyryldy we Türkmenabadyň agajy gaýtadan işleýän kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Bu jaýlar gurlanda berk gurnamalar we döwrebap bezeg serişdeleri peýdalanyldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli gurulýan desgalar babatda edýän berk talabydyr.

Ýaşaýyş jaýlarynyň biri 3 we 4 otagly öýleriň 32-sinden, beýlekisi bolsa 24-sinden ybaratdyr. Jaýlar berk gurnamalar we häzirki zaman bezeg serişdeleri ulanmak arkaly özboluşly äheňde guruldy. Şolarda häzirki zaman amatlylyk derejesi esasy orun eýeleýär. Öýleriň otaglary belent hem-de ýagty, ýatylýan otaglary amatly, aşhanalarynda döwrebap mebeller bar. Öýleriň eýwany ýokary derejede enjamlaşdyryldy. Häzirki zaman durmuş ulgamyna degişli enjamlar ýaşamak üçin aňrybaş amatlylygy üpjün edýär. Dört otagly öýleriň umumy meýdany 129 inedördül metre, üç otagly öýleriň meýdany bolsa 110 inedördül metre barabardyr.

Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy we köçäniň ýagtylandyryş ulgamy häzirki zaman derejesinde guruldy.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda Amyderýanyň kenarynda gurluşyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Ýakynda gazçylaryň şäheri bolan Gazojakda «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň toparlarynyň bina eden döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy. 3 we 4 otagly oňaýly öýleriň açarlary lebaply gazçylar maşgalalarynyň 16-syna gowşuryldy. Üňüz aňyrsyndaky Garagumda ýarym asyrdan gowrak wagt mundan ozal Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz çykaryjy senagatynyň täze pudagyna badalga berlipdi.

2019-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň dowamynda täze ýaşaýyş jaý gaznasynda Amyderýanyň künjeginde bina edilen desgalaryň hatarynda 260-a golaý maşgala niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 9-synyň we 2 gatly ýaşaýyş jaýynyň biriniň ulanylmaga berlendigini bellemeli.

***

Şu gün Baýramaly şäherinde «Türkmendemirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylarynyň bina eden amatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň açylyş dabarasy boldy.

Iki gatly iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň hersinde iki we üç otagly öýleriň 8-si ýerleşdirilip, şolarda amatly otaglar ýokary hilli gurluşyk serişdelerini peýdalanmak arkaly bina edildi. Döwrebap mebeller, häzirki zaman aşhanalary, otaglarda amatly howany üpjün edýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan otaglar bagtyýar maşgalalar üçin gapylaryny giňden açdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri döwrebap derejede abadanlaşdyryldy.

Ýaşaýyş üçin aňrybaş amatlyklaryň döredilmegi boýunça bildirilýän talaplara laýyk gelmegi täze binalaryň häsiýetli aýratynlygy boldy. Häzir tutuş ýurdumyz boýunça şähergurluşyk syýasatynyň toplumlaýyn meýilnamasy amala aşyrylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil usullaryň peýdalanylmagyny, halkymyzyň durmuşy, döredijilikli zähmeti we doly derejeli dynç almagy üçin ýokary derejeli amatly şertleriň döredilmegini esasy ugur edinýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter