Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi

опубликованно 21.05.2019 // 376 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi.

Myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝHHG-niň Baş sekretarynyň hem-de Slowakiýanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň möhüm we jogapkär hyzmatdaş hasaplanylýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge çalyşýandygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde, ÝHHG-de hem-de umuman, Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Lideriniň döredijilikli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanan daşary syýasy ugry amala aşyrmak arkaly, abraýly halkara düzümleri, şol sanda ÝHHG bilen özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini kanagatlanmak bilen nygtady. Bu gurama bilen gatnaşyklar soňky ýyllarda täze ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň şanly senä — ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna beslenendigi bellärliklidir.

Milli Liderimiz ÝHHG-niň Baş sekretaryna hem-de Slowakiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salam ýollap, ýewropaly hyzmatdaşlar, şol sanda Slowakiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Şol gatnaşyklara bolsa, dostlukly häsiýet mahsus bolup, özara gyzyklanma bildirilýär.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ÝHHG-niň häzirki Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Durmuş-ykdysady pudakda energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ynsanperwer ulgamda hem-de beýleki birnäçe ugurlarda özara gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň amala aşyrýan taslamalary hem-de sebitdäki möhüm meseleler barada pikir alyşmagyň barşynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek hem-de dünýä bileleşiginde ynjalyksyzlyk döredýän howplara hem-de wehimlere garşy durmak maksady bilen, taraplaryň tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Miroslaw Laýçek milli Liderimize Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda uzakmöhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nazara alnyp, türkmen-slowak hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda syýasy-diplomatik gatnaşyklara ähmiýetli orun berilýär, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän geňeşmeler şol gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär.

Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Slowakiýanyň we Ýewropanyň işewür toparlarynyň türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hem-de iri düzümleýin taslamalar, dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmaga tarap alnan ugur —bularyň hemmesi netijeli işewür gatnaşyklaryny giňeltmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin şert döredýär.

Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup, şunda türkmen tarapy sebit we yklym ähmiýetli multimodal üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Elbetde, ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup, bu ugurda netijeli ylym-bilim we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutanymyz we myhman BMG-niň ,ÝHHG-niň, ÝB-niň we beýleki abraýly düzümleriniň çäklerinde netijeli türkmen-slowak gatnaşyklaryny hem dowam etmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçak Türkmenistan — ÝHHG hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd gatnaşdy.

***

Şu gün Türkmenistanyň DIM-de we Mejlisinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda dürli ugurlarda ýurdumyzyň we ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklarda köpýyllyk oňyn tejribäniň toplanandygy bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter