Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygy halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygy halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

опубликованно 16.05.2019 // 203 - просмотров
 

Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!

Garaşsyz ýurdumyzyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda geçirilýän bu serginiň we halkara ylmy maslahatyň Garaşsyz döwletimiziň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri bilen giňden tanyşdyrmakda, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de olaryň tohumçylygyny alyp barmak boýunça daşary ýurt döwletleri bilen özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek hem-de beýleki pudaklar bilen bir hatarda iň girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary, ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý iş tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda zähmet çekýän alymlar we hünärmenler tarapyndan oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze görnüşleri yzygiderli döredilýär.

Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda ak bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär hem-de azyk bolçulygynyň binýady has-da pugtalandyrylýar.

Hormatly myhmanlar!

Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek, Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny halkara derejede berkitmek ugrunda döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk pudagynda gazanylýan her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda, ilkinji nobatda, oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlasy we döredijilikli zähmeti bardyr.

Şonuň üçin hem döwlet tarapyndan kabul edilýän çözgütleriň, alnyp barylýan işleriň ählisi güneşli Diýarymyzyň zähmetsöýer halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Çünki oba zähmetkeşleri ýadawsyz, halal zähmeti bilen bereketli türkmen topragyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde, halkymyzyň gadymy daýhançylyk däplerini dikeltmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri alyp barýarlar hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly adamlar!

Biz oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, pudakda işleri dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi bilen utgaşykly alyp barmakda, türkmen daýhanynyň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda mundan beýläk hem ähli tagallalary ederis. Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da çaltlandyrmak, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek baradaky ýörelgelerimizden ugur alyp, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagy üçin dünýäniň iň kämil, ýokary öndürijilikli tehnikalaryny we gurallaryny yzygiderli satyn almak, tarp ýerleri özleşdirmek, ekinleri suw bilen üpjün etmegi talabalaýyk ýola goýmak boýunça geçirilýän işleri elmydama üns merkezinde saklarys.

Geçirilýän bu serginiň we halkara ylmy maslahatyň ýurdumyzyň oba hojalygynda, şol sanda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri halkara jemgyýetçilige giňden ýaýmakda, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen tejribe alyşmakda we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Gadyrly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň açylmagy we «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, oba hojalygyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter