Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 15.05.2019 // 583 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meseleler girizildi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, iri desgalardaky gurluşyklarda işleriň ýagdaýy, umumymilli baýramçylyga — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe hem-de Aşgabat şäheriniň gününe we şu aýyň beýleki şanly senelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegini we şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny belläp, Aşgabadyň köçelerini hem-de ekologiýa ýagdaýyny nazarda tutup, seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmagy berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerine nägilelik bildirip, bu ugurda görülýän çäreleri işjeňleşdirip, gurulýan desgalaryň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegi häkimden berk talap etdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe, Aşgabat şäheriniň gününe hem-de mekdeplerdäki «Soňky jaň» mynasybetli dabaralary guramak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi. Milli Liderimiz ähli baýramçylyklary ýokary derejede geçirip, olar mynasybetli mazmunly we gyzykly çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçip hem-de mekdep okuwçylarynyň dynç alşyny guramaçylykly geçirmäge amatly mümkinçilikleri döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmelidigini belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hasabatyny hoş habardan başlap, welaýatda pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi barada aýtdy.

Häkim häzirki oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda galla oragyna görülýän taýýarlyk we ak ekinlere ösüş suwunyň tutulyşy, kadaly gögeriş gazanylan atyzlarda gowaçany ýekelemek, hatar aralaryny bejermek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak, zyýan berijileriň garşysyna göreşmek boýunça görülýän çäreler, sebitiň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak baýramçylyklaryň guramaçylygy barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa soňky ösüş suwuny tutmak boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaý oragyny üstünlikli geçirmek üçin hemme şertleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişi baradaky meselä degip geçip, ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli berjaý edilmegini, zyýan berijileriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak arkaly gymmatly ekine ideg edilişini bellenen möhletde guramagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz sebitde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça häkime tabşyryklary berip, welaýatyň çagalar dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem mekdepleriň ýanynda döredilýän çagalar dynç alyş meýdançalarynda işleriň guralyşyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimine Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, şeýle hem 25-nji maýda bellenilýän «Soňky jaň» dabaralary mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çäreler uly türkmen toýuna mahsus ýagdaýda geçirilmelidir.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, galla oragyny we gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň depgini hem-de öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bereketli hasylyň ösdürilip ýetişdirilmegine gönüden-göni bagly bolan ähli agrotehniki çäreleriň doly derejede geçirilmegini berk gözegçilikde saklamalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçuklaryna kada laýyk ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş döwrüniň ýakynlaşyp gelmegi bilen baglylykda, welaýatyň ýolbaşçysyna bu möwsüme sebitiň çagalar sagaldyş merkezlerini we mekdepleriň ýanyndaky meýdançalary taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem uly ähmiýete eýe bolan şanly seneleri — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreleri welaýatda ýokary derejede guramak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Öz nobatynda ýolbaşçylyk edýän sebitindäki işleriň ýagdaýy barada Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew hasabat berdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, bugdaýa soňky ösüş suwuny tutmak işiniň barşy, gowaça ekişiniň ýagdaýy hem-de demirgazyk sebitiň daýhan hojalyklarynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Häkim şeýle hem welaýatyň desgalarynda gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada, çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky möwsüme taýýarlyk görmegiň barşy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni hem-de «Soňky jaň» mynasybetli dabaralary guramak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsümine hemmetaraplaýyn düýpli taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, ony guramaçylykly geçirmek üçin hemme şertleri döretmegi talap etdi. Milli Liderimiz welaýatda pile taýýarlamagyň barşy bilen gyzyklanyp, ýurdumyzyň dokma senagaty üçin çig mal bolan bu önümi öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz «ak altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan gowaça ekişi bilen baglanyşykly göz öňünde tutulan hemme agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, häkime anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, obasenagat toplumynda işleriň alnyp barlyşyna ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýetini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem häkime geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagy we «Soňky jaň» mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň ýolbaşçysyna sagaldyş merkezlerinde hem-de mekdepleriň ýanynda döredilýän meýdançalarda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramak boýunça tabşyryklar berildi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim bugdaý oragyny öz möhletinde guramaçylykly geçirmäge görülýän çäreler, gowaçany ýekelemek we hatarara bejergi işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk guramak hem-de ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy, pile taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, «Soňky jaň» mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna, şeýle hem tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi, dürli desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň geçirilişini, öňde boljak bugdaý oragy möwsümini, ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnamagy guramak üçin hemme zerur çäreleri görmegi berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz pagtaçylygyň we bugdaý ösdürip ýetişdirmegiň milli obasenagat toplumynyň möhüm pudagydygyny nygtap, öňdebaryjy tehnologiýalary ýurdumyzyň iň oňat tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrmak bilen işjeň ornaşdyrmakda bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin yzygiderli gözegçiligiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem baýramçylyklara hem-de tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmäge degişli häkime birnäçe tabşyryklar berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitdäki işleriň ýagdaýy we alnyp barylýan oba hojalyk işleri, hususan-da, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen kemala getirilýän gallany ýygnamaga görülýän taýýarlyk işleri, ýokary bahaly gögeriş alnan meýdanlarda gowaçany ýekelemek hem-de hatarara bejergi işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak boýunça dowam edýän işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň barşy, öňde boljak baýramçylyklar bilen baglanyşykly dabaralary we çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini mynasyp guramak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine, aýratyn-da, gowaça ýokary hilli ideg edilişine ünsi çekip, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini has-da ýokarlandyrmak meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyryp, Türkmenistanda giňden we dabaraly bellenilýän ählihalk baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni hem-de mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän tomusky dynç alyş möwsümi barada aýdyp, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatda bu möwsüme taýýarlyk görmegiň toplumlaýyn esasda amala aşyrylmalydygyny belledi hem-de çagalaryň wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmeklerini üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny wideokonferensiýa görnüşinde dowam edip, Ahal welaýatynyň zähmetkeşlerini pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri bilen gutlady we olara täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Beýleki welaýatlaryň ýüpekçileri hem bu gymmatly çig maly taýýarlamak işlerini üstünlikli jemlemelidirler.

Milli Liderimiz eziz Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Bu gün Türkmenistan bugdaýy daşary ýurtlara eksport edýän ýurda öwrüldi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem ak bugdaýyň bereketli hasyly kemala getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmekde öňdebaryjy ylym-bilimiň we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz şu gün Aşgabatda açylýan GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine tohumçylyk, seçgiçilik, üzümçilik we bagçylyk boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň giň meseleleriniň girizilendigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň we ugurdaş halkara ylmy maslahatyň geçiriljekdigi bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň tohumçylyk ulgamyndaky ylmy işler her bir welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara alyp, hemişelik hem-de toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydyr. Munuň özi ekerançylykdan bol hasyl almagyň we umuman, pudagy sazlaşykly ösdürmegiň hem-de eksport kuwwatyny ýokarlandyrmagyň özenidir.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, galla oragyna taýýarlyk meselelerine ünsi çekip, möhüm oba hojalyk möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini, şol sanda ähli tehnikalaryň sazlaşykly işiniň we şolara edilýän tehniki hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz ekerançylaryň hem-de mehanizatorlaryň öndürijilikli zähmeti, doly derejeli dynç almagy we medeni hyzmatlar bilen doly üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleri döretmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli ilatyny ýakynlaşyp gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady hem-de hemmelere berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter