Sagdyn jemgyýet — gülleýän yurt | TDH
Jemgyýet

Sagdyn jemgyýet — gülleýän yurt

опубликованно 13.05.2019 // 495 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň hem-de 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulyp, Birleşen Milletler Guramasy ýaly iri gurama öz täsirini artdyrýar. Milletler Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen düzümleri bilen berkeýän gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy we uly netijeleri berdi.

Maslahatda şol ugurlarda hormatly Prezidentimiziň toplumlaýyn durmuş syýasatyny amala aşyrmak boýunça toplanan milli tejribä, ony ýaýratmagyň mümkinçiliklerine hem-de ady agzalan edaralaryň agzalygyna saýlanmak bilen baglylykda öňde durýan wezipelere, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna dünýä giňişliginde geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seredildi.

Duşuşyga alymlar, hünärmenler, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň ady agzalan edaralaryna agzalyga saýlanylmagy döwletiň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, saglygy goraýyş we lukmançylyk-demografiýa özgertmelerini ösdürmekde, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde hem-de neşeleriň bikanun ýaýradylmagyna garşy netijeli göreşi guramakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň üstünliklerine dünýä bileleşiginde üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, azyk howpsuzlygy, iýmitlenmegiň düzümini we gurluşyny gowulandyrmak hem-de azyk önümleriniň käbir görnüşlerini zerur bolan lukmançylyk goşundylary bilen baýlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň tejribesi ýokary baha eýe boldy. Hususan-da, ýurdumyzda öndürilýän we daşyndan getirilýän azyk harytlary attestasiýaly ýörite barlaghanalarda hökmany hil hem-de howpsuzlyk barlagyndan geçirilýär. Sertifikatlaşdyrma, döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi degişli derejede alnyp barylýar.

2012-nji ýylda sarp edijileriň saglygyny goramak hem-de azyk önümleriniň ynsaply söwdasyna ýardam etmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) howandarlygynda hereket edýän «Kodeks Alimentarius» Komissiýasynyň agzalygyna saýlandy.

Maşgala gurmak, enäniň we çaganyň, aýratyn-da, ýetginjekleriň saglygyny goramak babatda BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.

Ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri, saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy we hukuk esaslaryny berkitmek, ähli derejelerde, şäherlerde we obalarda BSGG-niň ýörelgelerine laýyklykda, lukmançylygy ösdürmek — bularyň hemmesi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, daşary ýurtlaryň birnäçe uniwersitetleriniň, institutlarynyň, halkara akademiýalarynyň we ylmy merkezleriniň hormatly akademigi, professory we doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýratynlyklarydyr.

Ilatyň saglygyny goramaga, bu babatda adamlaryň konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň ulgamyny peýdalanmakdan ýokary netijäniň alynmagyny ugur edinýän döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goramak meselelerine giňişleýin çemeleşmäni iş tejribesine ornaşdyrdy. Onuň esasynda adam mümkinçiliklerini ösdürmek, şol sanda demografiýa boýunça ösdürmek babatda geljegiň strategik meýilleri durýar.

Türkmenistan reproduktiw saglyk babatda hem birnäçe möhüm maksatnamalary durmuşa geçirip, sagdyn eneligi we çagalygy goramak üçin iň oňat şertleri göz öňünde tutýan maksada gönükdirilen demografik syýasaty alyp barýar. Saglygy goraýyş ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde eneleriň, täze doglan bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak babatda hyzmatlary gowulandyrmak boýunça milli strategiýa yzygiderli amala aşyrylýar. «Howpsuz enelik» diýen milli maksatnama laýyklykda, bu ulgamda lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar.

Türkmenistanyň milli reproduktiw saglyk strategiýasynyň GDA döwletleriniň arasynda ilkinji bolup kabul edendigini bellemek gerek. BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde maşgalany gurmagy meýilleşdirmek hem-de reproduktiw saglyk boýunça bilelikdäki maslahatlar geçirilýär, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde degişli otaglar döredildi.

20 ýyl töweregi wagtyň dowamynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirligi bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde milli we sebit derejelerindäki maksatnamalar we taslamalar amala aşyryldy hem-de durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

Bellenilişi ýaly, 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlary 2030-njy ýyla çenli ählumumy derejede Gün tertibiniň esasyny düzýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny uýgunlaşdyrmak boýunça geňeşmelere başlan dünýäde ilkinji ýurtlaryň biri boldy. 2016-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini, wezipeleriň 148-sini we ugur görkezijileriň 187-sini resmi kabul etdi. Döwletiň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça hereket etmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

3-nji maksada ýetmek, ýagny islendik ýaşda hemmeler üçin sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we abadançylyga ýardam bermek boýunça hereketleriň meýilnamasyny doly amala aşyrmak üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň öňüni alyş işleriniň giň gerimini gurşap alýan öňünden duýdurmak ulgamyny döretmäge hem-de BMG-niň edaralary bilen işjeň gatnaşyk etmäge gönükdirýär.

Bu bilelikdäki işler, hususan-da, esasy ugurlaryň üçüsi: sport arkaly ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ata-eneleriň terbiýe beriş endiklerini gowulandyrmak babatda bilim maksatnamalary («Maşgala we mekdep bilelikde», «Berk maşgala») arkaly psihoaktiw maddalary ulanmagyň öňüni almak, ýokary hünär derejeli lukmançylyk kömeginiň elýeterli bolmagyny ýokarlandyrmak boýunça guralýar.

Kanunçylyk derejesinde hem çäreler görüldi. Ýurdumyzda «Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar we prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Kanunlar we beýlekiler hereket edýär.

2016 — 2020-nji ýyllar döwri üçin neşe serişdeleriniň we beýleki psihoaktiw maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, şeýle hem neşe serişdelerine bagly bolan adamlara kömek bermek boýunça; sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ýaýratmak we sagdyn jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hereketleriň meýilnamasy göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň BMG-niň azyk, ilat we neşe serişdeleriniň howpuna garşy göreşmek babatdaky ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyryjy düzümleriniň üçüsine saýlanmagynyň ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýyla gabat gelmegi özboluşly mana eýedir. Çünki rowaçlygyň esasy — munuň özi sagdyn jemgyýetdir we onuň howpsuzlygydyr, ähli esasy ölçegler boýunça durmuş taýdan goraglylygy üpjün edýän güýçli döwletdir, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesiniň we hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagydyr. Şol bir wagtda-da, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň ýene-de bir nyşanydyr, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik strategiýasynyň üstünligidir.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşiginde öz üstüne ýüklenen wezipäni mundan beýläk-de abraý bilen ýerine ýetirip, netijeli halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ählitaraplaýyn ýardam bermek bilen, özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiligini BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter