Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 11.05.2019 // 122 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny we polipropileni satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, portlandsementi, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 75 million 925 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 8 million 120 müň manatlykdan gowrak saryja we garaköli goýunlarynyň ýüňüni satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter