Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 10.05.2019 // 362 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Biziň umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary hakyndaky röwşen ýatlamalaryň ynsanlaryň kalplarynda hemişelik saklanyp galjakdygyna ynanýaryn.

Biz ähtiýalan duşmana garşy söweşlerde wepat bolanlaryň hakydalarynyň öňünde baş egýäris. Dünýäni faşizmden halas eden Beýik Watançylyk urşunyň ähli weteranlaryna söweş meýdanlarynda we tylda görkezen deňsiz-taýsyz edermenlikleri hem-de gahrymançylyklary üçin çäksiz hoşallygymyzy beýan edýäris.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we dostlukly türkmen halkyna arassa asman, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk hakyndaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin. Şeýle hem Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny aýratyn gutlaýaryn.

Igor Dodon,
Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn.

Bu sahawatly aýda Beýik Alladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we bolçulyk dileg edýärin.

Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Ähli musulmanlaryň dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin.

Kabus bin Said,
Omanyň Soltany.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
meniň doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna hem-de musulman ymmatyna rowaçlyk hem-de parahatçylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size bolan çuňňur ynandyrmalarymy we hormatymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,
Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al-Saud
(Saud Arabystany Patyşalygy).

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter