Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 10.05.2019 // 568 - просмотров
 

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:

Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2019-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge;

taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge;

agzalan taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň towakganamasy esasynda «Nesil» gazetiniň baş redaktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Nesil» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Leýli Amanowna Kurbanowanyň üstüne ýüklenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky aşakdaky halkara resminamalary:

1. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde gol çekilen:

— Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky Ylalaşyga Serhet edaralarynyň hyzmatdaşlyk we arkalaşykly hereket etmegi hakyndaky Teswirnamasy;

— Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky Ylalaşyga Hazar deňzinde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamasy;

— Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky Ylalaşyga Hazar deňzinde guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamasy;

2. 2019-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy;

3. 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda diplomatik wekilhanalaryň ýa-da konsullyk edaralarynyň işgärleriniň maşgala agzalaryna zähmet işini amala aşyrmaga rugsat bermek hakyndaky Ylalaşygy;

4. 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabat şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Hudaýberdiýew Akmyrat Rozydurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter