Beýik Ýeňşiň hormatyna dabaralar: weteranlara hormat! Gahrymanlara baky şöhrat! | TDH
Jemgyýet

Beýik Ýeňşiň hormatyna dabaralar: weteranlara hormat! Gahrymanlara baky şöhrat!

опубликованно 09.05.2019 // 232 - просмотров
 

Şu gün ýurdumyzda şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde entek baýramçylyga çenli XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşen weteranlary, mukaddes borjuny mynasyp berjaý edip, ojaklaryna dolanyp gelenleri, şeýle hem tylda zähmet çekenleri, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlaryny sylaglamak çäreleri başlandy. Häzirki we geljekki nesilleriň röwşen geljegi we bagtyýarlygy üçin şirin janlaryny gaýgyrmadyk gahrymanlaryň atlary hem türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu gün türkmenistanlylar Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watan goragçylaryny ýatlaýarlar.

«Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir» diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen Gutlagynda aýdylýar.

Ýurdumyzda, ynha, eýýäm ýetmiş ýyldan gowrak wagt bäri Ýeňiş güni ýaş nesliň hem-de urşa gatnaşanlaryň, harbylaryň we tylda zähmet çekenleriň nesliniň arasynda mäkäm, üznüksiz eriş bolup hyzmat edýär. Näçe ýyl geçse-de, näçe hoşallyk sözleri aýdylsa-da, ýaşlar hemişe weteranlaryň öňünde baky borçly bolarlar.

Ir bilen paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň ýanynda adamlaryň köp sanlysy ýygnandy. Türkmen halkynyň harby däplerini, edermen ata-babalarymyzyň watançylyk wesýetlerini miras alan ýaş esgerler hormat garawulynda durlar. Ýygnananlaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, din wekilleri, il sylagly ýaşulular we ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bar.

Uruş we tyl weteranlary... Wagt olaryň hataryny hernäçe kemse-de, jemgyýetimizde olaryň üns hem-de mähir bilen gurşalmagy has möhümdir. Olaryň durmuş tejribesi hem-de urşuň alawy bilen çabran ýatlamalary şonça-da gymmatlydyr. Tylyň edermen zähmetkeşleri, wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary hem-de şol agyr derdi başdan geçirenler hem şonuň ýaly alada mynasypdyr.

Türkmen halky Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşdy. Urşuň ýowuz ýyllarynda edermen türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde janlaryny gaýgyrman, frontlarda söweşip, deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu gün türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

«Biz merdana watandaşlarymyzyň söweş edermenligi we ak ýürekden çeken zähmeti bilen külli adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine tüýs ýürekden guwanýarys. Dünýäde baky parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýäris» diýlip, hormatly Prezidentimiziň şanly baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda aýdylýar.

Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň agyr synaglaryny başdan geçiren ýaşuly nesliň wekilleriniň mynasyp durmuşyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählitaraplaýyn aladalary netijesinde fronta gatnaşyjylara, tylda zähmet çekenlere we esger ojagyny saklap oturan enelere köp sanly ýeňillikler berilýär. Beýik Ýeňşiň hormatyna her ýyl uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan naçar enelerimize dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Uruş we zähmet weteranlary, öz nobatynda, ata Watanymyza birkemsiz gulluk etmegiň mysalyny görkezmek bilen, jemgyýetiň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da berkemegine uly goşant goşýarlar, ýaşlara parasatly wesýetlerini we maslahatlaryny berýärler, ösüp gelýän nesilde watançylygyň, gahrymançylygyň, edermenligiň belent duýgularyny terbiýelemek boýunça asylly işleri geçirýärler.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärliginiň etegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül sebedi goýulýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, zähmetkeş toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärlige gül desselerini goýdular. Weteranlar biziň hemişe ýatlap, sarpa goýýan taryhymyzy özünde saklaýan ýurdumyza, hormatly Prezidentimize, asuda döwürde ýaşaýan we öňlerinde ajaýyp mümkinçilikler açylan ýaş nesillere tüýs ýürekden buýsanýarlar, çünki, olar agyr düşen beýik Ýeňşi şu bagtly durmuş üçin gazandylar.

Urşa gatnaşan weteranlar bu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde guralan baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular, bu ýerde harby gullukçylaryň döredijilik toparlary watançylyk aýdymlaryny we edebi-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk dabaralary bu gün tutuş ýurdumyzda bellenildi. Şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary Watanymyzyň edermen goragçylaryna baş egmek bilen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan milli Gahrymanlarymyzyň hormatyna dikeldilen ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ylalaşdyryjylyk syýasaty ildeşlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenliginiň şanyna öçmejek ýadygärlik bolup durýar.

Ähli ýerde şanly senäniň hormatyna medeni çäreler, dürli öwüşginli aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Ýeňiş güni — bu ozaly bilen, hoşniýetliligiň we ýagtylygyň baýramy, ol gülleýän durmuşyň, parahatçylygyň, şatlygyň hem-de bagtly çaga gülküleriniň baýramçylygydyr.

Bu baýramçylyk diňe resmi taýdan bellenilýän çäre bolmak bilen çäklenmän, eýsem, her bir adamyň ruhy dünýäsine, tutuş dünýä ýüzüne gönükdirilen baýramçylykdyr, ol biziň kalplarymyzda çuňňur duýgulary oýaryp, şonuň esasynda Beýik Watançylyk urşunyň diňe taryhy waka däl-de, eýsem, has uly, ähmiýetli waka diýip düşünýän adamlary birleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ol gözbaşlaryny oňat bilýän, ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini, gazanan asudalygyny aýawly saklaýan türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Biziň gözbaşymyz, mirasymyz täze taryhy döwürde ygtybarly binýada öwrülip, ýurdumyz onuň üstünde öz bagtly geljegini gurýar. Hatyra hem-de milli gahrymanlary hemişe ýatlamak däbi türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Milli gahrymanlaryň hatarynda gandöküşikli urşa — Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar hem bar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter