Birinji Hazar ykdysady forumynyň esasy ugurlary: Ulag pudagy | TDH
Ykdysadyýet

Birinji Hazar ykdysady forumynyň esasy ugurlary: Ulag pudagy

опубликованно 06.05.2019 // 368 - просмотров
 

Şu ýyl Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Munuň özi Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky Konwensiýasynyň degişli ylalaşyklary gazanmakda we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm çärä öwrüler.

Häzirki döwürde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda bu Konwensiýanyň kabul edilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli geçiriljek ykdysady foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Onuň gün tertibine degişli döwletleriň özara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryny öz içine alýan giň meseleler toplumy giriziler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky işjeň we netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ulag ulgamy wajyp ugur bolup durýar. Bu gatnaşyklar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbidine hormat goýmak esasynda ösdürilýär. Biziň döwletlerimiziň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda amatly ýerleşmegi özboluşly aýratynlyk bolup durýar. Munuň özi üstaşyr geçelgeler we logistik hyzmatlar babatda ägirt uly mümkinçilige eýedir.

Häzirki döwürde her bir ýurt deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ugurlary boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň döwrebap düzümini döretmek boýunça iri taslamalary amala aşyrýar. Hereket edýän yklymüsti ugurlaryň işjeňleşdirilmegi we Hazaryň üsti bilen täze halkara geçelgeleriň döredilmegi goňşy döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi üçin möhüm şertleri döredýär. Şeýle hem ol bu ýurtlaryň maýa goýum işjeňligini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ýanaşyk ýurtlar, şol sanda Hazar deňzi boýunça goňşy döwletler bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny yzygiderli belleýär.

Hazar sebiti ägirt uly ykdysady, energetika we ulag mümkinçilikleri bolan wajyp sebitdir. Olaryň durmuşa geçirilmegi bolsa umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Bu bolsa hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmak we Hazarýaka ýurtlaryň bähbitlerini nazara almak esaslaryna daýanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini äşgär edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň I sammitini geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Paýtagtymyzda başy başlanan gatnaşyklar yzygiderli dowam etdi. Onuň netijeleri 2007-nji ýylda Tähranda, 2010-njy ýylda Bakuwda we 2014-nji ýylda Astrahanda geçirilen sammitlerde kabul edilen wajyp çözgütlerden ybarat boldy.

Şol duşuşyklarda çykyş eden, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, Hazarýaka döwletleriniň we olaryň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bolan halklarynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, Hazar deňzi meselelerinde işjeň orun eýeleýändigini tassyklady.

Astrahanda geçirilen sammitde hormatly Prezidentimiz Hazarda ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda, şeýle hem Hazar ykdysady forumyny döretmek hakynda iki sany ylalaşygy taýýarlamak boýunça teklibi öňe sürdi.

Şu ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz Hazar deňziniň meseleleri boýunça duşuşyklaryň we halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Şunlukda, türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden ugur alýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen Hazar sammitlerinde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinde, BMG-niň «Rio+20» ählumumy maslahatynda we beýleki iri forumlarda öňe süren döredijilikli başlangyçlary ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Öňe sürlen teklipleriň hatarynda Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ulag ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek hakyndaky başlangyç bar.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara polat ýolunyň gurluşygy boýunça taslamanyň ýerine ýetirilmegi goňşy döwletleriň utgaşykly tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Bu taslama sebitleýin we halkara ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrülmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň çäginiň Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan we ulag-üstaşyr, söwda geçelgeleriniň netijeli hereketini, «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ýük gatnawlarynyň işjeňligini üpjün edýän tebigy geografik giňişlik bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi ähmiýetli waka öwrüldi. Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, bu portuň Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň tutuş sebiti üçin strategik ähmiýeti bardyr. Onuň mümkinçilikleriniň doly möçberde herekete girizilmegi Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykmagyny, olaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyny hem-de Türkmenistanyň yklymyň multimodal gatnaşyklardaky ornunyň ýokarlanmagyny üpjün eder.

Häzirki döwürde biziň döwletimiz ulag geçelgelerini gurmak arkaly awtomobil we demir ýollaryň gerimini, howa we deňiz ugurlarynyň çägini giňeldýär hem-de sebitde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň berkidilmegine ýardam berýär. Bular bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde dikeldilmegine tarap ynamly ädimlerdir. Bu ugurda esasy wezipäni gämi gatnawy we port hojalygy ýerine ýetirýär. Ol tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük daşamagyň möçberlerini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri yzygiderli artdyrýar.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň döwrebap düzümi diňe bir häzirki döwrüň talabyny kanagatlandyrman, eýsem, geljekde emele geljek islegleri hem ýokary hilli ýerine ýetirmäge we häzirki zaman hyzmatlaryny ýola goýmaga ukyplydyr. Portuň doly kuwwatyna çykmagy yklymüsti ýük gatnawlary ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny şertlendirer. Ýurdumyzyň ýük terminallary möhüm çatryga öwrülip, gysga we amatly ugurlar üçin oňyn şertleri üpjün eder.

Türkmenbaşydaky deňiz portunyň düzümine gämi, ýolagçy we konteýner terminallary, gämi gurluşygy we «Balkan» gämi zawody, kenar düzüminiň köp sanly desgalary girýär. Şeýle hem bu ýerde ulag gatnawlaryny üpjün edýän köp zolakly köprüleri bolan awtomobil ýollary we demir ýol hereket edýär.

“Balkan” zawodynyň ýurdumyz üçin täze önümçilik bolmak bilen, milli gämi gurluşygy pudagynyň ösdürilmeginde ygtybarly binýada öwrülendigini bellemek gerek. Mundan başga-da, bu ýerde gämileri ýygnamak, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri doly abatlamak işleri alnyp barylýar. Kärhananyň tehnologiýa ulgamy her ýylda 10 müň tonna polady gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Şu döwürde döwrebap tehnologiýalary we awtomatlaşdyrylan ulgamy ulanmak arkaly dört we ondan-da köp gämini gurmak, şeýle hem 20-den gowrak gämä hyzmat etmek we olary abatlamak, şol sanda Hazaryň türkmen böleginde işleýän daşary ýurt kompaniýalaryna degişli gämileri abatlamak mümkinçiligi bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça kärhananyň gurluşygy mahalynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda degişli hünärmenleri, operatorlary we ugurdaş işgärleri taýýarlamak babatda okuwlar geçildi.

Bu zawod International Association Classification Societies — IACS (Halkara klassifikasiýa jemgyýetler assosiasiýasy — HKJA) halkara talaplaryna laýyk derejede taslamalaşdyryldy. Bu assosiasiýa deňiz gatnawlary mahalynda howpsuzlygy üpjün etmek babatda standartlary we düzgünnamalary işläp taýýarlamagy baş maksat edinýär. Dünýä söwda flotunyň 90 göterimden gowrak möçberi HKJA agza jemgyýetleriň derejesine degişli bolup durýar.

Halkara deňiz portunda sowadyjy konteýnerler, umumy meýdany 9 müň inedördül metrden gowrak bolan ýapyk ammarlar bar. Bu terminal Türkmenistanyň sebitiň eksport we import ýük gatnawlary ulgamynda öňdäki orunlara çykmagyny üpjün etmäge ukyplydyr. Multimodal logistik parky awia, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly getirilen konteýner ýüklerini saklamak we olary gaýtadan işlemek boýunça toplumlaýyn hyzmatlary amala aşyrýar hem-de olary suw gämilerine ýükleýär we düşürýär.

Konteýner terminaly Konteýner terminallarynyň hiliniň indikatory standartlaryna laýyk gelýän ölçegler boýunça operatorlaryň monitorlaryna ähli maglumatlary çykarmak arkaly hemra gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda dünýäde konteýnerleriň dolanyşygy okgunly ösýär. Bu bolsa konteýner terminallarynyň sanynyň artmagyna öz täsirini ýetirýär. Ulgama häzirki zaman tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň bu görnüşinde ýokary hili üpjün etmek üçin gözegçiligiň bir bitewi ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär.

Täze port Awaza şypahanasyna goňşy Hazarýaka döwletlerinden gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna ýardam berer. Bu ýerde bina edilen kaşaň myhmanhanalar we ýokary hilli hyzmatlary bolan amatly kottej toplumlary, şeýle hem döwrebap sport desgalary we ösen dynç alyş düzümleri myhmanlaryň göwnünden turar.

Şeýlelikde, Türkmenistan häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm bölegi bolup duran ulag-aragatnaşyk pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, birnäçe iri halkara we sebitara taslamalaryň durmuşa geçirilmegini öňe sürýär.

Olaryň amala aşyrylmagy bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman derejesine çykmagyna mümkinçilik berer hem-de geljekde sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegini, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýanyň ýurtlaryny baglanyşdyrýan geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmäge itergi berer.

Öňde boljak birinji Hazar ykdysady forumynyň Hazar deňziniň Ýewraziýa yklymynda häzirki zamanyň ählumumy meýillerine laýyk gelýän täze geoykdysady giňişligi döretmekde wajyp orun eýeleýän halkara ähmiýetli iri ulag-üstaşyr geçelgeleriň birine öwrülmegine kuwwatly itergi berjekdigi gürrüňsizdir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter