Sanly ykdysadyýet we noosfera ösüşi: Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze ugurlar | TDH
Ykdysadyýet

Sanly ykdysadyýet we noosfera ösüşi: Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze ugurlar

опубликованно 03.05.2019 // 1357 - просмотров
 

2-nji maýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri öňde goýdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ilkinji dört aýynyň görkezijileriniň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine şaýatlyk edýändigini belläp, şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümçilikleri has-da giňeltmek we ýurdumyzyň daşary ýurtlara iberýän harytlarynyň mukdaryny artdyrmak boýunça görkezmeler berdi.

Milli Liderimiz senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýän döwlet ykdysady syýasatyny amala aşyrmagyň ýagdaýy hökmünde bank-maliýe toplumyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.

Döwrüň talaplaryna hem-de ýagdaýlaryna kybap gelýän Türkmenistanyň dünýä ulgamyna ýakynlaşdyrylan täze ykdysady nusgasyny kemala getirmek işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny hem-de bu ulgamda ýurdumyzyň gazananlaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmagyň gurallary «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döredilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde iki aýda bir gezek çykýan neşir okyjylary işewürligiň innowasiýa taýdan işjeňleşdirilmegi üçin şertleri döretmek, ykdysady ösüşler boýunça ýurdumyzda görülýän yzygiderli çäreler, önümçilik pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlary hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň ýollary bilen tanyşdyrýar.

Žurnalyň täze sany «Prezident Maksatnamasy — hereketde» diýen bölümindäki «Durnukly ösüşe badalgalar» atly makala bilen açylýar. Makalada ýylyň ilkinji çärýeginde dürli pudaklarda amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan ykdysady toplumyň gün tertibine garamaga hödürlenen, şol sanda maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek we senagatlaşdyrmak boýunça ileri tutulýan meseleler seljerilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady strategiýasynyň netijelidigini dünýäniň maliýe düzümleri hem, hususan-da, Halkara pul gaznasy tassyklaýar. Bu gaznanyň wekilleri ýakynda nobatdaky gezek ýurdumyzda boldy.

Aşgabatda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça Halkara pul gaznasynyň bilermenleri maliýe-ykdysady ýagdaýyna, pul-karz syýasatyna, ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşyna we beýleki ugurlar boýunça seljerme geçirdiler we şu esasda deslapky netijeleri hem-de esasy makroykdysady görkezijileriň çaklamasy boýunça teklipleri taýýarladylar, şol teklipler dünýä jemgyýetçiligi üçin taýýarlanan ýörite metbugat beýanatynda beýanyny tapdy.

Žurnal şol metbugat beýanatynyň esasy böleklerini neşir edýär, şonda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depgininiň 6,3 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygy bellenilýär.

Žurnal «Sebitleýin syýasat» diýen bölümde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde gurluşygyna badalga beren Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi barada gürrüň berýär.

Makalada bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda 2007 — 2008-nji ýyllardan başlap, döwrebap şäherleri, abadanlaşdyrylan etrap merkezlerini, şäherçeleri we täze obalary, şeýle hem uzak möhletleýin karz bermegiň esasynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandy. Bular barada döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» diýen düýpli ylmy işinde hem ýazýar, ýagny milli derejede durnukly ösüş maksatlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ol barada resmi taýdan yglan edilmegine çenli ýedi ýyl öň durmuşa geçirilip başlandy.

Şunuň bilen baglylykda, Gökdepe etrabynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze döwrebap dolandyryş merkeziniň gurulmagy Türkmenistanyň şertlerinde Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 11-sini amala aşyrmaga — «Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuş taýdan durnuklylygyny we rowaçlygyny» üpjün etmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtda-da bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi welaýatyň ykdysadyýetini dolandyrmak babatda öňe ilerlemäge täze itergi berer, çünki ol dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalaryny peýdalanmak üçin hemme şertleri döreder.

Ahalda tutuş şäheriň gurulmagy häzir senagat-innowasion ösüşiň depginli işleri barýan ýurdumyzyň iri sebitiniň önümçilik güýçlerini has-da ösdürmek üçin has oňaýly ykdysady, durmuş we beýleki ýagdaýlary döretmäge mümkinçilik berer.

Žurnal «Sanly ykdysadyýet» diýen bölüm bilen dowam edýär. Bu bölümde «Ösüşiň hil taýdan täze tapgyry» diýen makala ýerleşdirilipdir. Makalanyň awtory halkara tejribäniň mysalynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny (MAT) peýdalanmagyň görkezijisiniň näçe ýokary boldugyça dünýä bazarynda öz bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakda ýurduň kuwwatynyň şonça ýokarydygyny tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda jemi içerki önümiň düzüminde MAT-nyň paýyny ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatlary, şäherleri we obalary maglumat-sanly ulgam taýdan üpjün etmekde tapawutlary mundan beýläk aýyrmak ýaly wezipeler durýar. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi. Bu konsepsiýa ýurdumyzda MAT ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, bu konsepsiýanyň maksatlaryny, strategiýasyny, tapgyrlaryny, gurallaryny, maliýe üpjünçiligini hem-de ony amala aşyrmakdan garaşylýan netijeleri beýan edýär.

Garaşylýan netijeleriň hatarynda ählumumy sanly ykdysadyýete doly derejede birleşmek hem-de 2025-nji ýyla jemi içerki önümiň ösüş depginlerini 8,2 göterimden pes bolmadyk derejede üpjün etmek netijelerini gazanmak wezipeleri durýar.

Makalada önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda çykdajylaryň azaldylmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, söwdanyň geriminiň giňeldilmegine hem-de dünýä bazarynda harytlaryň tiz öňe ilerledilmegine we olaryň elýeterliligini dünýäniň islendik nokadyndaky sarp edijilere üpjün etmäge, girdejileriň täze görnüşlerini ýüze çykarmaga we beýlekilere ýardam berýän sanly ulgamyň esasy artykmaçlyklary getirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerinden ugur alyp, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda täze hünärler — elektron täjirçiligi we elektron işewürligiň ykdysadyýeti hünärleri açyldy. Mundan başga-da, häzirki wagtda «Sanly ykdysadyýet» dersiniň okuw maksatnamasyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Ol hünärmenleri, bakalawrlary we magistrantlary taýýarlamak boýunça okuw meýilnamalaryna giriziler.

«Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň täze sanynyň indiki makalasy Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň häzirki zaman strategiýasyna bagyşlanypdyr. Ýurdumyzyň maliýe ulgamyny we umuman, milli ykdysadyýetimizi özgertmegiň umumy konsepsiýasy babatda bu strategiýa maýa goýumlary çekmek, maýalary toplamak we ony ykdysady pudaklaryň hem-de hojalyk edaralarynyň arasynda girdejililik taýdan, oýlanyşykly paýlamak boýunça netijeli gurallary döretmäge gönükdirilendir.

Makalada şeýle hem önümçilik binýadyny yzygiderli artdyrmak we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek üçin anyk maliýe-bazar gurallaryny we serişdelerini işjeň çekmegiň mümkinçilikleri bellenilýär. Örän uly ykdysady kuwwata eýe bolan gaznalar bazarynyň has-da ösdürilmegi milli ykdysadyýetiň umumy ýagdaýyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu ulgamdaky özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşyna gönüden-göni baglydyr.

Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazarynyň ýagdaýyna we geljegine berilýän giňişleýin syn bank ulgamynyň durnukly ösdürilmeginiň maliýe durnuklylygyna, milli ykdysadyýetimizi oňaýsyz daşarky ýagdaýlaryň ýaramaz täsirinden ygtybarly goramaga ýardam edýändigi baradaky netijäni özünde jemleýär. Bir tarapdan, içerki maýa goýumyň möçberi hem-de beýleki tarapdan, göni maýa goýumlar we gymmatly kagyzlar görnüşinde daşary ýurt maýasyny üstünlikli çekmegiň derejesi milli ykdysadyýeti orta möhletli ösdürmegiň ugurlaryny güýçlendirmegiň esasy ýagdaýy bolup çykyş edýär. Bu baradaky gürrüň «Gymmatly kagyzlar bazaryny höweslendirmekde salgyt ýeňillikleriniň orny» diýen makalada dowam etdirilýär.

Žurnalyň nobatdaky sanyna aýry-aýry hünär ugurlary we meseleleri boýunça hünärmenleriň hem makalalary girizilipdir. Makalalarda şol sanda dünýäde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň häsiýetli alamatlaryna we ýagdaýlaryna ýurda maýa goýumlary çekmegiň, Türkmenistanda barlaglary geçirmegiň statistiki usullaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň guraly hökmünde erkin ykdysady zolaklaryň hereket edişine, ýurduň ätiýaçlandyryş kanunçylygyň kämilleşdirilişine we beýlekilere giňişleýin garalýar.

Makalalaryň birinde maliýe ulgamynda QR-kodlaryny ulanmagyň halkara tejribesine seljerme berilýär. Türkmenistanda QR-kodlaryny ulanmak bilen tölegleri tiz geçirmek ulgamynyň ornaşdyrylmagy çeýe innowasion taslamalary amala aşyrmaga, şeýle hem ilata wagty hem-de serişdeleri tygşytlamak bilen döwrebap we oňaýly hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň karz beriş edaralary tarapyndan geçirilýän çäreler jemgyýetiň nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap tehnologiýalaryny giňden ulanmagyna, şeýle hem bu tehnologiýalar tarapyndan hödürlenýän ähli amatlyklardan has oňaýly we netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Sanly ulgama geçmek baradaky mesele «Bazar ykdysadyýeti şertlerinde maglumatyň ähmiýeti dogrusynda» diýen makalada hem gozgalýar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan özgertmelere döwletimiziň dünýä ykdysadyýetine netijeli ýakynlaşmagyny üpjün edýän tehnologik, guramaçylyk we bazar innowasiýalary üçin açylýan täze mümkinçilikleriň nukdaýnazaryndan garalýar.

Okyja şeýle hem özi üçin «kognitiw ykdysadyýet» diýen düşünjäni açmak gyzykly bolar. Ol adamyň alyp barýan işiniň ugry hökmünde aň-düşünje ulgamyny bilimleri dolandyrmagy hem-de kognitiw tehnologiýalary özünde jemleýär. Ilkinji nobatda, ruhy taýdan häzirki zaman ykdysadyýetine aralaşan garaýyşlar oýlanyşykly çemeleşmelere gaýtadan garamaga iterýär. Bular barada häzir esasy ykdysatçy-barlagçylar aýdýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ylymda ykdysady ösüşiň we umuman, ekoulgamyň özara baglanyşygyny göz öňünde tutýan «ýaşyl» ykdysadyýet ýaly ugur ýüze çykdy. Şu ýerde täze durmuş-ykdysady iş bolan noosfera ösüşi güýje girýär. Onuň çäklerinde jemgyýetiň we tebigatyň özara gatnaşygy, umuman, alnan bilimlerden we maglumatlardan döredijilikli täsire esaslanmalydyr.

Innowasion strategiýany durmuşa geçirýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň esasynda hem hut şeýle garaýyş durýar. Şol strategiýa Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün edýän serişde tygşytlaýjy tehnologiýalara we tebigaty goramagyň ýagdaýlaryna esaslanandyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter