Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň saýlanan Prezidentini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň saýlanan Prezidentini gutlady

опубликованно 01.05.2019 // 768 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli, jenap Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde parahatçylygyň, ösüşiň hem-de Ukrainanyň dostlukly halkynyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter