Türkmen awtomobil sürüji- türgenleri Astrahan oblastynda geçirilen halkara ýaryşynda şowly çykyş etdiler | TDH
Sport

Türkmen awtomobil sürüji- türgenleri Astrahan oblastynda geçirilen halkara ýaryşynda şowly çykyş etdiler

опубликованно 30.04.2019 // 533 - просмотров
 

Astrahan oblastynda geçirilen ralli-reýd boýunça Russiýanyň çempionatynyň --“Kagan altyny-2019” ýaryşynyň ikinji tapgyry tamamlandy. Oňa ýer eýelerinden başga-da, türkmenistanly, gazagystanly, latwiýaly, finlýandiýaly we ukrainaly türgenler gatnaşdylar.

Ýolsuz ýerden ýöreýän, ýük maşynlarynyň, dürli ýerlerden geçýän motosiklleriň arasynda sürüjileriň 500-si birinjilik ugrunda bäsleşdiler. Ralli-reýde gatnaşyjylar üç günde 700 kilometrden gowrak sähra ýollarydyr astrahan deňiz kenarynyň çägeliklerinden ybarat çylşyrymly ýol geçdiler.

«Nissan Patrol» kysymly ýolsuz ýerde ýöreýän maşynda “Kagan altyny-2019” ralli-reýdine gatnaşan Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew ikinji orny eýelediler. «Mitsubishi L200» kysymly ýolsuz ýerde ýöreýän maşynda çykyş eden beýleki türkmen sürüjileri –Begnazar Nurýagdyýew bilen Muhammetmyrat Gurbanow Astrahan oblastynyň açyk birinjiliginde üçünji orna mynasyp boldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter