Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

опубликованно 30.04.2019 // 560 - просмотров
 

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Amangeldi Döwletgeldiýewiç Allaberenowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Hajymämmet Nurlyýewiç Nuryýewi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Mary welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Gaýgysyz Kakabaýewiç Orazmyradowy Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, Lebap welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Maksat Baýramowiç Ataýewi Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Mekan Ýazmyradowiç Çaryýewi Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Sulgunjemal Saparbaýewna Tulekowany Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Çaly Öwliýagulyýewiç Babaniýazowy Balkan welaýatynyň Serdar etrap, şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Öwezmyrat Ýaranowiç Ataýewi Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Molla Hajyrahmanowiç Mollaýewi, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Annameret Tejenowiç Rejepowy, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Aziz Izbasarowiç Hamraýewi, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Jumamyrad Myradowy, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 30-njy apreli.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter