Bahreýniň Patyşasy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň barha ösdüriljekdigne ynam bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Bahreýniň Patyşasy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň barha ösdüriljekdigne ynam bildirdi

опубликованно 30.04.2019 // 593 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiziň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrundaky tagallalaryňyza ýokary baha bermek bilen, Size iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn hem-de Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize üstünlik we rowaçlyk dileýärin.

Şeýle-de, Bahreýn Patyşalygynda geçirilen «MARA’EE — 2019» atly festiwalyna Türkmenistandan at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşandygy üçin Siziň Alyhezretiňize hoşallyk bildirýärin. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini we berkligini, şeýle hem bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki doganlyk halkyň bähbidine has-da giňeldilmegine aýratyn üns berilýändigini görkezdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň ajaýyp ýurduňyza ýakynda amala aşyran saparymyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlige çuňňur hoşallyk bildirýärin we netijeli gepleşikleriň geçirilendigine ýokary baha berýärin. Geçirilen duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurlar boýunça ösdürilmegine hem-de gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna Gudraty Güýçli Allatagaladan ösüş hem-de rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň doganyňyz

Hamad Bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter