Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 28.04.2019 // 203 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 143-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, polipropileni satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamid, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt Russiýanyň, BAE-niň, Şweýsariýanyň, Gyrgyzystanyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 72 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Ermenistanyň işewür toparynyň wekilleri jemi bahasy 2 million 600 müň manatlyga golaý nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 52 million manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter