Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralara gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralara gatnaşdy

опубликованно 27.04.2019 // 503 - просмотров
 

Şu gün Ahalteke atçylyk toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli öwüşginli dabaralar geçirildi. Bu ýerde, asylly däbe görä, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän şanly senä bagyşlanan esasy wakalaryň öň ýanynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerini hem-de atlary çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk çärelerinde ahalteke bedewleriniň aýratynlygynyň dürli taraplary, türkmen halkynyň durmuşynda, Watanymyzyň taryhynda hem-de milli medeniýetimizde, ruhy dünýäsinde eýeleýän aýratyn orny hem-de tutuş siwilizasiýa üçin ägirt uly ähmiýeti öz beýanyny tapdy.

Şeýle-de bolsa, ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýäniň hiç bir künjeginde bedewe şunuň ýaly hormat goýlup, onuň bilen belent maksatlar baglanyşdyrylmaýan bolsa gerek.

Häzirki döwrüň, geçmişiň we geljegiň üznüksiz arabaglanyşygynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän bu mesele barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly täze kitabynda gürrüň edilýär. Ol ýakynda neşir edilip, gözelligiň, kämilligiň, wepalylygyň, tebigatyň we ynsanyň zehininiň, zähmetsöýerliginiň sazlaşygynyň beýanyna öwrüldi.

Bu mysallary tükeniksiz dowam edip bolar, çünki türkmeniň wepaly dostuna we hemrasyna, buýsanjyna hem-de söýgüsine öwrülen behişdi bedew asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň ruhy keşbine hem-de bitewüligine, döredijilik güýjüne, kämilligiň täze belentliklerine we täze ýeňişlerine, okgunly hereketine öwrüldi.

Her ýyl ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şanyna geçirilýän baýramçylyk, aslyýetinde, nesilleriň we iň gowy däpleriň, milleti, onuň özboluşly medeniýetini, ruhy kanunyny hem-de paýhasyň, ýagşylygyň we nurana geljegiň dabaralanmagyna bolan belent ynamy kemala getiren öçmejek gymmatlyklaryň dowamatlylygynyň beýanydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem-de daşary döwletleriň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri şu gün baýramçylygyň merkezine öwrülen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna ýygnandylar.

Bu ýere gelenleriň hatarynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden tanymal atşynaslar hem bar.

Olaryň tutanýerli zähmeti hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldamagy bilen ahalteke bedewleriniň şanly ýyl ýazgysy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Ahalteke atçylyk toplumyna gelip saklanýar. Milli lybasly gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýar. Döwlet Baştutanymyzy egindeşleri — ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary garşylaýarlar. Milli Liderimiz olar bilen gysgaça söhbetdeş bolup, şu günki baýramçylygyň ähmiýetini belledi we birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyzy esasy dabara başlanmazdan öň, ýol ugrunda daşary ýurtly myhmanlar — diplomatlar hem-de işewürler, belli türkmen artistleri we tans toparlary ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Toplumyň münberine ýygnananlar milli Liderimizi şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu ýerde sport egin-eşikli köp sanly türkmenistanlylary we daşary ýurtly myhmanlary görmek bolýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça alyp barýan netijeli syýasatyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli asylly başlangyçlary hem-de atçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny gorap saklamak we artdyrmak, dünýäde wagyz etmek baradaky taýsyz tagallalary ählihalk goldawyna eýe bolýar.

Halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän uly baýramçylygyň hormatyna ähli watandaşlarymyzyň adyndan döwlet Baştutanymyza saýlama ahalteke atlaryny sowgat hökmünde kabul etmegi haýyş edýärler.

Ýurdumyzyň her welaýatynyň hem-de paýtagtynyň bedewleri biri-biriniň yzyndan meýdança çykarylýar. Olar bilen birlikde, gezekli-gezegine ähli sebitleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular hem-de ýaş nesilleriň wekilleri milli Liderimize atyň pasportuny gowşuryp, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Buýsançly alkyş sözleri beýan edilýär, goşgy setirleri okalýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp bedew we onuň pasporty gowşurylýar.

Ýene-de bir sowgat ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan syn ediş meýdançasyna çykarylýar hem-de dabaraly ýagdaýda ajaýyp bedewiň pasporty hem-de milli lybasymyz bolan don gowşurylýar.

Hormatly Prezidentimiz, asylly däbe eýerip, dostlugyň nyşany hökmünde Rowana atly atyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy. Soňra milli Liderimiz bedewi eýerläp, atly gezim etdi. Şeýlelikde, bedewiň we çapyksuwaryň arasynda ilkinji tanyşlyk ýola goýlup, soňra ynanyşmak we düşünişmek häsiýetine öwrülýär. Bedew ussat çapyksuwary dessine duýup, onuň görkezmelerine eýerip, ýorgalap ugrady.

Milli Liderimiz bedewi çapuw ýodasyna çykaryp, bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda gezim etdi. Bedewiň ýyndamlygynyň ýel bilen deňeşdirilmegi tötänden däldir: öz güýjüne we kuwwatyna garamazdan, bedewler Gün şöhlesiniň astynda şemal deýin gaýyp ýören tebigat gözelligine öwrülýär. Şonuň üçin olary asmandan inen behişdi bedewler diýip atlandyrýarlar. Halk döredijiliginde — dessanlarda we rowaýatlarda bolsa bedewler ganatly görnüşde çeper beýan edilýär.

Bu gün ata Watanymyzyň sazlaşykly ösüşi çapyp barýan bedewiň okgunlylygy bilen deňeşdirilýär. Halkymyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nurana ýol bilen öňe gidip, beýik işlere amal edýär.

Ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedewe atlanyp, öňe tarap okdurylyşyny synlap, öz beýik Watanyna islendik sepgitlere ýetmäge ukyply Diýarymyza buýsanýarlar.

Döwlet Baştutanymyz ajaýyp bedewde çapyp, tomaşaçylaryň öňünden geçdi.

Soňra çapuw ýodasynda halypa çapyksuwarlaryň at çapyşyklary geçirildi. Atçylyk sportunyň bu ajaýyp görnüşi gadymyýetden gözbaş alyp, türkmen halkynyň, ahalteke bedewleriniň ykbalyny şöhlelendirip, at çapyşyklarynyň ýeňijileriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Ahalteke bedewleriniň meşhur aýratynlyklary onuň ykbalyny kesgitleýär, çapyşyklarda ýeňiji bolan atlar ahalteke bedewleriniň nesilbaşylary bolup durýar.

Tejribeli ussatlaryň gatnaşmagyndaky ýaryşlary synlamak aýratyn gyzykly, çünki bilim, başarnyk, paýhaslylyk bäsdeşleriň ýeňiş gazanmaga bolan güýçlerine görä olary deň ýagdaýa çykarýar. Şunda olaryň dogumlylygy we joşguny ýaş çapyksuwarlaryňkydan pes däldir.

Häzirki ýaryşlar ýurdumyzyň seýisleriniň işleriniň netijesi hökmünde türkmen bedewleriniň çydamlylygyna we ýyndamlygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi hem-de çapyksuwarlaryň ýokary ussatlygyny görkezdi. Çünki öňe okdurylyp barýan aty, özi-de her biri çempion bolmaga ymtylýan we ýeňiş gazanmaga hyjuwly, kuwwatly atlar gapdalyňdan dege-dege barýarka, çapyp barýan atyňa erk etmek kyn işleriň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen hem-de iň abraýly halkara festiwallarda we bäsleşiklerde birnäçe gezek ýokary sylaglary alan hem-de baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysynyň pellehana birinji bolup gelmegi tötänden däldir. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýewe Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda uly üstünlik bilen geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak hormaty ynanyldy.

Soňra alypbaryjy ahalteke bedewleriniň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny yglan etdi. Örän owadan hem-de beden gurluşy taýdan tohum atlar jemleýji tapgyrda baýramçylyga nepis gözellik çaýýar we her gezek gözüňi gamaşdyryjy pursatlar atlary söýýänleri hem, janköýerleri hem haýran galdyrýar.

Gadymy döwürlerden bäri türkmenlerde iň gowy bedewi saýlamak adaty bolupdyr, halkymyz bedewiň diňe bir ýyndamlygyna, çydamlylygyna, gujurlylygyna hem-de söweşjeňlik häsiýetlerine däl-de, ýagşy gylyk-häsiýetlerine, daşky keşbine hem aýratyn üns beripdirler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe esaslandyrylan bäsleşik türkmen halkynyň atşynaslyk ýörelgeleriniň ösdürilmeginiň höweslendirilmegine gönükdirilendir hem-de naýbaşy atlary ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmegine täze itergi berdi.

Deslapky tapgyrlarda Aşgabatdan, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlaryndan saýlanyp alnan iň oňat ahalteke bedewleriniň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylýar.

Atlaryň her biriniň ady, ýaşy, şejeresi baradaky maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we tomaşaçylara görkezilýär. Jemleýji tapgyra gatnaşdyrylýan bedewleriň hemmesi ol ýa-da beýleki nesil ugruny dowam edýär, şol ugurlar meşhur ata-babalaryna alyp barýar. Behişdi bedewleriň köp sanly janköýerleri arassa ganly ahalteke bedewlerini seçgiçilik taýdan köpeltmekde esasy şahalaryň düýbüni tutan şöhrat gazanan atlaryň nesilleriniň ajaýyp, nepis kaddy-kamatyna baha berip bildiler.

Atlar öz syraty baradaky maglumatlary we başarnygyny belent buýsanç bilen görkezip, birkemsiz beden gurluşlary bilen haýran galdyrdy. Her birinde gözellik barada öz düşünjesi bolsa-da, ahalteke bedewleri babatda aýdylanda, olaryň özüne çekiji syrly güýjüne hem-de owadanlygyna haýran galyp, aňk bolup galmajak adamy tapmak kyndyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda bellenilişi ýaly, asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda olara ençe-ençe meňzetmeler aýdyldy. Türkmenler bolsa atlarda tebigy hyjuw bilen birlikde, mähribanlyk, duýgurlyk, düşbülik hem-de joşgunly häsiýeti görüp, olara asyllylyk, ýürekdeşlik, duýgudaşlyk, pähim-paýhas we hyjuwlylyk häsiýetlerini beripdir. Halkyň aň-düşünjesinde bedew, şeýle hem ynsan oý-pikiriniň çeýeligini, ruhuň erkinligini hem-de döwrüň okgunlylygyny alamatlandyrypdyr.

Şol sebäpli hem bedewlere niýetlenilen altyn we kümüş şaý-sepler milli zergärçilik sungatynda özbaşdak ugra öwrüldi. Eger, ilkinji gezek, bedewleri tomaşaçylara tebigy gözelliginde görkezen bolsalar, soňra olary ussat zergärleriň ýasan şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde çykardylar.

Bäsleşigiň netijelerini jemlemegiň hem-de düzümine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bilermenleri hem-de atşynaslary giren abraýly eminler toparynyň çözgüdini yglan etmegiň wagty geldi.

Emin agzalary öz pikirlerini ara alyp maslahatlaşyp we geňeşip, halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyrylan atlaryň 10-synyň içinden 2019-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýen derejä mynasyp bolan atyň adyny tutdular. Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Parasat diýen dor aty boldy.

Soňra şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynda, neşir önümlerinde bedewiň keşbini çeperçilik taýdan beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.

Iň gowy işler ussat halyçy, bedew üçin şaý-sepler, atyň iň gowy surat we heýkel keşbi, neşir we teleradio gepleşikleri babatda taýýarlanan eserler seçilip alyndy. Bu bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda ajaýyp we owadan bedewiň keşbini beýan etmek boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe “Rowaç” atly haly eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa “At şaý-sep toplumy, gupba” eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşlyk we taslama kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Myratmergen Kulyýewe “Bedew waspy” atly nakgaş eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Çarymyrat Amanowa “Rowaçlygyň bady bilen” atly heýkel eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Hoşgeldi Atasaparowa “Behişdi bedewler toplumy” atly foto işleri üçin; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň teleoperatorlar toparynyň teleoperatory Hangeldi Şazadaýewe “Bedew” atly wideoşekilli işleri üçin baş baýraklar gowşuryldy.

Bu awtorlaryň her biri täsin keşp döretdi. Bu keşplerde atyň özünde zemin we asman gymmatlyklarynyň neneňsi utgaşýandygynyň aýdyňlygy hem-de hyýaly düşünjesi birleşýär, ýöne ähli işlerde halkymyzyň deňsiz-taýsyz bu jandarlara bolan çäksiz we inçe söýgüsi beýan edilýär.

Ine, “Rowaç” diýen haly. Onda hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň at beren bu taýçanagyny dessine tanaýar. Bu taýçanak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nyşanyna öwrüldi.

Halyda milli Liderimiziň “Rowaç” diýen goşgusy we daş-töweregini gurşap alan nagyşlarda, baharyň ajaýyp öwüşginli çemenzarlygynda taýçanak şekillendirilen reňkleriň biri-biri bilen utgaşýan älemgoşar şekili-de çitilipdir. Şeýle eseri döretmek, ilkinji nobatda, yhlasly zähmeti talap edýär.

Bedewiň hemmeleri kaddy-kamaty, ýyndamlygy bilen haýran etmegini gazanýançaň, oňa köp işi we yhlasy, bilimiňi, zehiniňi hem-de söýgiňi sarp etmeli.

Şaý-seplere degişli bölegi — atyň nepis bezegleri we gyzlaryň geýýän gupbasy bize bedew üstünde gaýduwsyz türkmen zenan söweşijileri baradaky rowaýatlary ýatladýar.

“Bedewiň şanyna waspnama” diýen köpugurly surat eseri taryhy wakalary hem-de gadymy Pazyryk halysyndan we Gadymy Nusaý ritonlaryndan şygryýete hem-de simfoniki sazlara çenli sungatyň dürli görnüşlerinde bedewiň keşbini özünde jemledi.

«Rowaçlygyň okgunlylygy bilen» diýen heýkeltaraşlyk işinde atlaryň ýurdumyzyň öz ösüşinde gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň güýji beýan edilýär. Döwrüň we giňişligiň jümmüşinden çapyp barýan ahalteke bedewleriniň şöhratyny täzeden dikeltmekde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasyna akyl ýetirip, Watanymyzyň ykbalynda biziň beýik taryhymyz bilen ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň täze belentliklere ýeten şu gününiň arabaglanyşygynyň aýrylmazdygyna göz ýetirýärsiň.

Dürli ugurlary özünde jemleýän bu işler bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz duýgy-ruhy taýdan täsir edýän uly güýje eýe bolan döredijilik işine möhüm orun berýär.

Milli Liderimiz Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralaryň barşynda “John Deere” amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň prezidenti Markwart fon Pentsi hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Sattel” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kristof Reýzeni kabul etdi.

Duşuşyklar tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter