Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

опубликованно 26.04.2019 // 411 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Garaşsyz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Asyrlaryň dowamynda halk seýisleriniň yhlasly zähmeti netijesinde türkmen topragynda kemala gelip, gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Elizabet Eýle Keýte,

Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň «Asman teke» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mişel Josiana Henriette Wan Kasterene,

Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň baş kätibi Ýue Gaofenge.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter