Dünýä bazarynda türkmen önümleriniň möçberi we görnüşleri artýar | TDH
Ykdysadyýet

Dünýä bazarynda türkmen önümleriniň möçberi we görnüşleri artýar

опубликованно 23.04.2019 // 311 - просмотров
 

Ministrler Kabinetiniň 19-njy aprelde bolan mejlisinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde ýurdumyzyň söwda kuwwatyny artdyrmak boýunça taslama işlenip taýýarlanyldy. Bu taslama Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Çarçuwaly Maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly esasy çäreler göz öňünde tutuldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady. Bu strategik resminamanyň kabul edilmegi bilen halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, maliýe ulgamyny pugtalandyrmagyň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen köp derejeli özgertmeleriň nobatdaky tapgyry amala aşyrylyp başlandy. Täze belent sepgitlere çykylmagy sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ägirt uly maýa serişdeleri bölünip berler. Olaryň esasy bölegi — 91,3 göterimi önümçilik ulgamyna, täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmäge gönükdiriler. Umuman, bularyň hemmesi Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň, senagat we oba hojalyk önümçiliginiň, hyzmatlar ulgamynyň okgunly ösmegini üpjün eder. Degişlilikde, ýurdumyzda çykarylýan önümleriň möçberi artar, olaryň görnüşleri giňeler. Eksportyň düzüminde ýokary goşmaça bahaly harytlaryň peýdasyna çig malyň paýy azalar.

Ykdysady özgertmeleriň häzirki tapgyrynda Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň halkara bazarlarda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ýurdumyza daşary ýurt maýalaryny hem-de nou-haulary çekmek wezipeleriniň öň hatara çykýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan ýurdumyzyň söwda kuwwatyny artdyrmak baradaky taslamasyna degip geçmek bilen, bu meseläniň örän wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň söwda syýasaty ýurdumyzyň ösüşini nazara almak bilen, beýleki ulgamlardaky özgertmeler bilen bilelikde döredilmelidir hem-de milli durmuş-ykdysady strategiýany durmuşa geçirmegiň aýrylmaz bölegi bolmalydyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzy ählumumy hojalyk, söwda gatnaşyklaryna üstünlikli goşmak üçin halkara maliýe-ykdysady düzümler, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklaryň uly ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda işleri mundan beýläk-de dowam etmek üçin möhüm wezipeleri kesgitledi.

BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli Gün tertibinde» Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde söwda ulgamyna hem uly orun berilýär. Bu ulgam döwletleriň ykdysady ösüşine, raýatlaryň durmuş abadançylygynyň we iş bilen meşgullanmagynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ýaýradylmagyna we beýlekilere täsir edýär.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlary hem ýokarda agzalan ulgamlardaky oňyn ýagdaýlary tassyklaýar. Şol maglumatlara laýyklykda, ýurdumyzdan daşary ýurtlara iberilen harytlarynyň möçberi 2019-njy ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,7 göterim artdy. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirýän önümleriň möçberi 27 göterime golaý azaldy. Daşary söwda amallary dünýäniň 83 döwleti bilen amala aşyryldy. Esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda Hytaý, Türkiýe, Italiýa, Owganystan, BAE we beýlekiler bar.

Soňky ýyllarda tebigy serişdeleri gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat kärhanalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energetikasyna degişli kärhanalary gurmaga uly möçberdäki maýa serişdeleri gönükdirildi.

Şeýlelikde, geçen ýylyň güýzünde Balkan welaýatynda «Garabogazkarbamid» zawody ulanmaga berildi. Onuň önümçilik kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid dökünlerine barabardyr. Bu önümiň esasy bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Şu maksat bilen Garabogaz şäherindäki ýerli portuň durky täzelenildi. Bu iri maýa goýum taslamasy «Mitsubishi Сorporation» (Ýaponiýa) we «Gap Inşaat» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan durmuşa geçirildi. Taslamany maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky gatnaşdy.

Senagat desgasynyň taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlylygyna çykmagy bilen, ýurdumyzda öndürilýän karbamidiň möçberi 2 million tonnadan gowrak bolar. Şondan birnäçe ýyl ozal ýaponiýaly hyzmatdaşlar — «Kawasaki Plant Systems Ltd» hem-de «Sojitz Сorporation» kompaniýalary Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän toplumy gurdy.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawody ýurdumyzyň himiýa senagatynyň esasy kärhanalarynyň biri bolup durýar. Ol ýylda fosfor dökünleriniň 225 müň tonnasyny hem-de kükürt kislotasynyň 500 müň tonnasyny çykarmaga niýetlenendir. Ýakyn wagtda bu ýerde konsentrirlenen fosfor dökünleriniň 300 müň tonnasyny öndürýän ýene-de bir bölüm gurlar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary oktanly benzini öndürýän täze desgalar guruldy. Mundan başga-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda biaksial ugurly polipropilen örtüginiň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önüm galyňlygy 10, 20 we 30 mikrona barabar bolan ýönekeý hem-de üç gatly örtüklerdir.

Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça taslamalary hem aýdyň mysal hökmünde getirmek bolar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şol taslamalara aýratyn üns berýär. Çünki şolaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda önümleriň täze görnüşleriniň çykarylyşy artdyrylýar. Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polimer zawody ulanmaga berildi. Sebitdäki iri gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Сorporation» we «Hyundai Engineering Со., Ltd» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Сorporation» ýapon kompaniýasynyň gatnaşmagynda guruldy. Döwrebap toplumyň önümçilik kuwwatlyklary ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge we şunuň hasabyna ýokary dykyzlykly polietileniň 386 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu kärhanada ýylda tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metri gaýtadan işlenip, Euro-5 standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy öndüriler.

Ýerli çig malyň binýadynda sementiň we beýleki gurluşyk serişdeleriniň önümçilik depgini ýurdumyzyň senagatynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, häzirki wagtda bu ugurlary örän möhüm hasaplaýar. Geçen ýyl ýurdumyzyň eksport düzüminde aýna önümleri peýda boldy. Şol önümler bolsa daşary ýurt pulunda durnukly girdeji getirýär. Hususan-da, 2019-njy ýylyň geçen iki aýynda bu görkeziji ABŞ-nyň 1,335 million dollaryna barabar boldy.

Döwletimiziň hem-de daşary ýurt maýadarlarynyň giňden gatnaşmagynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagy içerki bazary ýokary hilli önümler bilen doldurmaga mümkinçilik berdi. Şol önümleriň görnüşleri ýylsaýyn artyp, daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň harytlary bilen üstünlikli bäsdeşlik edýär. Ýöne türkmen dokma senagatynyň esasy gazananlary onuň ýurdumyzyň ykdysadyýetini netijeli ugra gönükdirmegi hem-de Türkmenistany pagta çig malyny iberýän ýurtdan täze önümleri eksport edýän döwlete öwürmegi başarmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň esasyny bolsa döwrebap önümçilik toplumlary düzýär.

Halyçylyk pudagy hem baý milli däplere eýedir. Şunuň netijesinde arassa ýüňden taýýarlanylýan haly önümleri häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä bazarlaryna eksport edýän önümleriniň uly bölegini düzýär. Şeýle hyzmatdaşlyk Germaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gresiýanyň, Fransiýanyň we beýleki köp sanly ýurtlaryň kompaniýalary bilen üstünlikli ösdürilýär.

Ykdysadyýetiň obasenagat toplumynyň ýurdumyzyň eksport kuwwatyndaky paýynyň artmagynyň mümkinçilikleri barada aýdyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň esasy azyk önümlerini öndürmekde kuwwatly ýurtlaryň hataryna goşulandygyny nygtamalydyrys. Ýurdumyz özüniň azyk howpsuzlygy baradaky toplumlaýyn maksatnamasynyň esasy ugurlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi başardy.

Ýurdumyzyň her bir welaýatynda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy we olaryň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Olarda ot-iýmlik ekinler ekilýär, tohum mallar ýetişdirilýär, et gaýtadan işlenilýär hem-de ýerlemek üçin taýýar et we süýt önümleri öndürilýär. Şol önümleriň hatarynda peýniriň, şöhlatlaryň dürli görnüşleri, süýt, gatyk, gaýmak, ýogurt, mesge ýagy we beýlekiler bar.

Ýyladyşhana hojalyklary şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň bütin dowamynda ter önümler bilen üpjün edýärler. Olarda pomidor, hyýar, burç, badamjan, şeýle hem kömelekler, gök önümler we beýlekiler ýetişdirilýär. Gaplanan miwe we gök önümleriň, ýokary hilli şerbetleriň, içgileriň, dürli görnüşli unaş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamak, oba hojalyk önümleriniň çykarylyşyny höweslendirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görýän netijeli çäreleri azyk önümleriniň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini ep-esli azaltmaga hem-de olaryň eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Şeýle ýagdaý oba hojalyk azyk önümleriniň söwdasy syýasatynyň synlarynda hem bellenilýär. Bu synlar her ýyl BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan FAO-nyň Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky «Oba hojalyk azyk söwdasynyň we halkara bazarlara elýeterliligiň ösdürilmeginiň» atly sebit başlangyçlarynyň çäklerinde çykarylýar.

Hususy işewürligiň wekilleri ýurdumyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak babatdaky Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýarlar. Şu ýylyň birinji çärýeginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary senagat önümleriniň öndürilişini 13,1 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişini 5,8 göterim ýokarlandyrdylar.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, 2019-njy ýylyň geçen iki aýynda sementiň eksporty 14,6 esse, dokma önümleriniň 31,2 göterim, ýüpek çig malynyň 53,9 göterim, haly we haly önümleriniň – 6,6 esse, ýoduň 13,8 göterim, undan öndürilýän süýji-köke önümleriniň 11,6 göterim, gök we miwe önümlerini gaýtadan işlemekden alnan önümleriň 47,3 göterim artandygyny bellemelidiris. 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, pomidoryň we beýleki gök önümleriň eksportynyň möçberi 70 göterime golaý artdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly ýerlenilýän harytlaryň arasynda, däp bolşy ýaly, suwuklandyrylan gaz, awtomobil benzini, arassalanan dizel ýangyjy, awiasion, tehniki we beýleki görnüşli kerosin, agyr wakuum gazoýly, binýatlaýyn tehniki ýaglar, nebit koksy, ýol bitumy, polipropilen, tehniki kükürt, nah ýüplük, tüýjümek desmallar, pagta linti, dokma, trikotaž we tikin önümleri hem uly islegden peýdalanýar.

2019-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 490 million 680 müň dollaryndan gowrak we 91 million 550 müň türkmen manadyna barabar bolan eksport geleşikleriniň 437-si baglaşyldy. Harytlary alyjylaryň hatarynda Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Germaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Estoniýanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Irlandiýanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Kanadanyň, Pakistanyň, Ukrainanyň, Serbiýanyň, Rumyniýanyň, Maltanyň we beýlekileriň işewürleri bar.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlenen türkmen bitumynyň möçberi 2018-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 5 esse, buýan köküniň ekstraktynyň 4,4 esse, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän binýatlaýyn tehniki ýaglaryň möçberi 4 esse artdy. Türkmenistanda öndürilen polipropileniň möçberi ýokarlandy, mazutyň we benziniň möçberi 25 göterim, sementiň möçberi 32,1 göterim, nah ýüplügiň möçberi 8,2 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ulag-logistika düzümini, howa, demir ýol, deňiz, awtoulag we multimodal gatnawlary ösdürmek ulgamynda amala aşyrylýan taslamalar daşary ykdysady işi işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň kenarynda gurlan täze Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoluny, Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýoluny — Aziýa halkara ulag ýolunyň birinji nobatdakysyny, Amyderýanyň üstünden çekilen demir ýol we awtomobil köprülerini, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda we beýleki şäherlerde gurlan döwrebap howa menzillerini aýratyn bellemek bolar.

Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň we Türkmenistan — Gazagystan awtomobil ýolunyň gurulmagy ýol ulgamynyň geçirijilik kuwwatyny ep-esli artdyrmaga, logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň kosmos emeli hemrasynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň, halkara syýahatçylygy, elektron söwdany ösdürmegiň, bilelikdäki kärhanalary we ýörite ykdysady zolaklary döretmegiň hasabyna hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň eksportyny artdyrmak göz öňünde tutulan meýilnamalaryň hatarynda durýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem-de milli ykdysadyýetimiziň dünýä hojalygyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin ygtybarly binýada eýedir. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter