Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň ilçisi işe başlady

опубликованно 23.04.2019 // 510 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kasym Mohamed Salim Al Salhiden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Omanyň ilçisini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kuwwatyny artdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda ilçä Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek onuň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem jenap Kasym Mohamed Salim Al Salhi Mejlisiň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy.

Omanyň ilçisi öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda söwda, işewür we medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlygyň bardygy bellenildi.

* * *

Düýn Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada gyzyklanma bilen pikir alşyldy.

Şeýle hem beýleki käbir ministrliklerde we edaralarda duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter