Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwrümiň döwrany Rowaç! | TDH
Türkmenistan — rowaçlygyň Watany

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwrümiň döwrany Rowaç!

опубликованно 15.04.2019 // 486 - просмотров
 

Watanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemäge taýýarlyk görýär. Baýramçylygyň çäklerinde geçirilýän dabaralar, halkara maslahatlar, atçylyk sport ýaryşlary, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň keşbini sungatyň dürli görnüşlerinde çeper beýan etmek ugrunda döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan sylaglary gowşurmak çäresini öz içine alýar.

Şu gün Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler merkezinde 2019-njy ýylda bu bäsleşige hödürlenen işleriň sergisi açyldy. Bu bäsleşik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilip, ýurdumyzda eýýäm 9-njy gezek geçirilýär.

Ilkinji gezek bäsleşik 2011-nji ýylda ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere döredijilik serişdelerini çekmek maksady bilen, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guraldy. Şonda hem ilkinji gezek guralan sergi uly üstünliklere beslenip, bäsleşigi geçirmek pikiriniň özi çeper jemgyýetçilik tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyp, sungaty ösdürmek üçin örän täsirli çärä öwrüldi.

2012-nji ýyldan ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam döredijiliginde çeper beýan etmek boýunça halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşik hormatly Prezidentimiziň Karary bilen resmi taýdan esaslandyryldy. Şu geçen ýyllaryň içinde bäsleşik medeniýet ulgamynyň wekilleriniň arasynda uly abraý gazanyp, diňe suratkeşler üçin däl-de, eýsem, publisistikanyň we poligrafiýanyň ugurlaryna wekilçilik edýän fotosuratçylar, teleoperatorlar, dizaýnerler üçin täze itergä eýe boldy, bu bolsa giň köpçülige özboluşly oňyn täsirini ýetirdi.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly pikiri örän aýdyň öwüşgine eýe bolup, ýurdumyzyň, halkymyzyň çeperçilik güýçlerini ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň howandarlygynda atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan işleriň gerimine çekdi.

Ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmat milli Liderimize degişlidir. Türkmenistan atşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär, behişdi bedewlerimiz we ussat çapyksuwarlarymyz bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmämize mälimdir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň boş wagtyny olara bagyşlaýar we ajaýyp bedewleri özüniň edebi döredijiliginde wasp edýär. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem ussat çapyksuwar bolup durýar. Milli Liderimiz döwlet derejesindäki işlerinden boş wagty ahalteke bedewlerimiz bilen yzygiderli didarlaşyp, olar bilen gezelenç edýär. Täze dünýä rekordlaryny gazanýan bedewlerimiziň üstünlikleri hem şeýle alada bilen şertlendirilendir.

Bedew ýurdumyzyň baş nyşanyna öwrülip, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny alamatlandyrdy. Döwlet çeperçilik akademiýasynda guralan şu günki sergi hem munuň şeýledigini ähli aýdyňlygy bilen tassyklaýar, bu ýerde alty ugur — suratçylyk we grafika, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, fotosuratlar, dizaýn we neşir önümleri, şekilli telegörnüşler boýunça 350-ä golaý işler hödürlenildi.

Sergini guraýjylaryň belleýşi ýaly, şu ýyl bäsleşige gatnaşýan işleriň awtorlarynyň hatarynda ýaşlar, şol sanda TDÇA-nyň talyplary, şeýle hem onuň uçurymlary, ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary bar. Elbetde, öz eserlerini belli suratkeşler we amaly-haşam sungatynyň ussatlary hem görkezdiler. Bu bäsleşigiň ýene-de bir aýratynlygy, žanrlaryň we nusgalaryň, özboluşly görnüşleriň, adaty bolmadyk tärleriň köpdürlüliginde jemlenýär, bu bolsa ýurdumyzyň çeperçilik gurşawynda bolup geçýän döredijilik işleriniň gerimine, ösüşiň täze ugurlarynyň gözlenilmegine şaýatlyk edýär.

Bäsleşige gatnaşýan işlerde olaryň awtorlarynyň gollary däl-de, diňe tertip boýunça belgileriň ýerleşdirilendigini bellemek gerek. Eger sungatyň muşdaklary ussat suratkeşleri olaryň häsiýetli aýratynlyklary boýunça tanaýan bolsalar, ylham çeşmesi barada aýdylanda, hemmeler deňdir. Şonuň üçin türkmen sungatynda aýratyn sarpa goýulýan bedewleriň keşbi şekillendirilen işleriň kime degişlidigini: öz täriniň gözleginde tejribe geçýän ýaş suratkeşe ýa-da höwesli tomaşaçyny haýrana goýýan ussada degişlidigini kesgitlemek aňsat düşmeýär.

Ajaýyp we haýrana goýýan atlar dünýäsi sergiler zalynda açylýar. Bu ýerde atlar halk söýgüsiniň äleminde, gözel tebigatyň goýnunda, özüne çekiji at çapyşyklarynda, oba durmuşynyň sahnalarynda, halk dessurlarynda, baýramçylyklarda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, at türkmeniň wepaly dosty, ýakyn kömekçisi we sazlaşygyň nusgasy bolup durýar, şonuň üçin olar barada ençeme rowaýatlar, hekaýalar, ertekiler we nakyllar döredilipdir. Halkymyzyň döredijilik ylhamy bedewlerimiziň waspynda öz beýanyny tapyp, atyň keşbi, köplenç, ynsan kalby bilen deňeşdirilýär, onuň umyt-arzuwlary, röwşen geljegi bilen sazlaşýar. Bularyň hemmesi, elbetde, gadym döwürlerden häzire çenli milli sungatymyzda hem öz beýanyny tapdy.

Bedewler suratkeş üçin ylham çeşmesi bolup, ol atyň şekiliniň üsti bilen, täsirli duýgulary ýa-da liriki synçylygyň, ýaşlyk joşgunynyň alamatlaryny şöhlelendirip, gahrymançylygy hem-de üns-aladany we mähirliligi beýan edip bilýär. Bu duýgulary tükeniksiz dowam edip bolar.

Döwürler we nesiller üýtgeýär, emma türkmen halky özboluşlylygyny, medeniýetini, maddy we ruhy gymmatlyklaryny asyrlaryň içinden şu günlere alyp gelen halkdyr. Ol milli atçylygyň özboluşly medeniýetini genji-hazyna hökmünde saklap, bu gün Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden ussat hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen bedewleri hakynda belli eserleriň awtorynyň ajaýyp ahalteke atlarynyň muşdagy bolup durýandygy ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda hem mälimdir.

Suratlarda we haly eserlerinde, metalda we daşda, agaçda we üýtgeşik serişdelerde şekillendirilen ajaýyp atlaryň keşbi çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalyna özboluşly bezeg berdi. Bu ýerde taryh we häzirki döwür, miras we daşky gurşawa häzirki garaýyş, gündelik durmuş we beýik işler utgaşyp gidýär.

Awtorlar öz işlerinde atyň keşbini gözelligiň, syratlylygyň nusgasy bilen deňeşdirip, olary haýran galmagyň we hormatyň nyşany hökmünde görkezdiler. Bularyň hemmesi bäsleşik sergisiniň dürli öwüşginli işlerinde açylyp, suratkeşligiň nusgawy mekdebiniň eserleri batyrgaý täzeçil pikirler bilen utgaşýar, gymmatbahaly daşlardan ýasalan ahalteke bedewleriniň şaý-sepleri haýran galdyrýan dürli reňkli aýnalar, çyralar, görnüşler we gurluşlar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Eserleriň bir bölegi örän inçe işleriň anyklygy bilen täsir galdyrsa, beýlekileri öz awtorlarynyň hyýalynyň gerimi, taglym derejesine çenli belende galan çeperçilik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. «Rowaç» atly keşpli haly hut şeýle eserleriň biridir. Sergä gelenler bu esere seredenlerinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Rowaç» diýip at beren, soňra Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nyşanyna öwrülen taýjagazy bada-bat tanaýarlar.

Haly eseriniň sag böleginde milli Liderimiziň «Rowaç» atly goşgusy çitilipdir. Onda, göýä, biziň abadançylyk hakyndaky ýagşy niýetlerimizi beýan edýän öwüşginlere meňzäp, älemgoşaryň reňki bir görnüşden beýleki görnüşe geçýär. Öwüşginleriň şeýle arassa açyk toplumy misli göwheriň öwüşginliklerine öwrülip, keşpde halynyň gyra nagyşlaryny hem jähekläpdir. Bahar meýdanynda aýak üstüne galan owadan we naşyja taýjagazyň öz depesinde hem ir säheriň älemgoşary lowurdaýar. Bu görnüş onuň boýnuna dakylan alajada hem şöhlelenýär.

Tomaşaçylarda belent ruhubelentlik, iň ýagty duýgular döredýän, ine, şular ýaly inçe çitimlerden, nyşanalardan we reňk utgaşmalardan hem döredijiligiň we abadançylygyň, işjeň ösüşiň we täze açyşlaryň eýýamynyň keşbi emele gelýär. Çünki taýjagaza röwşen we bagtyýar durmuş garaşýar, ol özüniň gözelligi bilen haýran galdyrjak ajaýyp bedewe öwrüler.

Bu haly eseriniň süňňüne salnan ýene-de bir pikir bolsa, bedew hakdaky pikiridir. Bedew — munuň özi, ilkinji nobatda, zähmetiň dabaralanmasydyr. Bu taý özüniň durky we gözelligi bilen hemmeleri haýrana goýmazdan öň, ony ýetişdirmek üçin köp tagalla we janaýamazakly zähmet çekilmelidir, bilim, zehin we söýgi siňdirilmelidir. Türkmen halky netijeli işlemegi başarýar. Ahalteke aty munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hut şonuň üçin hem bedew zähmetiň ajaýyp beýanatyna öwrüldi. Bu gujur bilen ýurdumyz öz ösüşinde öň görlüp-eşidilmedik üstünlikleri gazanýar. Döwrüň we giňişligiň içinden çapyp barýan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmekde milli Liderimiziň amala aşyrýan beýik işlerine akyl ýetirip, Watanymyzyň ykbalynda beýik taryhymyzyň we ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň täze belentlige galan şu gününiň arasyndaky gatnaşygyň aýrylmazdygyna aýdyň göz ýetirýärsiň.

Dürli ugurlary özünde jemleýän şu işler bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özünde uly ruhy güýçleri jemleýän döredijilige möhüm orun berýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramyny şöhratlandyrmak üçin yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň çäginde geçirilýän bu sergi diňe bir bedewleriň hakyky janköýerlerine däl, eýsem, parahatçylygyň hakyky bezeglerine öwrülen behişdi bedewleriň gözelligine sarpa goýýan ähli adamlara gyzykly bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter