Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 12.04.2019 // 689 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Japarguly Gulberdiýewiç Orazowyň üstüne ýüklenildi.

***

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyr-mak, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Res-minama laýyklykda, Balkan welaýatynyň häkimligine:

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda guruljak täze, döwrebap obada binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak, bu işleriň alnyp barly-şyna gözegçilik etmek hem-de obanyň gurluşygyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak;

Täze guruljak döwrebap obanyň baş meýilnamasyny işläp düzmek hem-de täze, döwrebap obanyň gurluşyk işlerini iki tapgyrda: 1-nji tapgyryny 2019 — 2022-nji ýyllarda, 2-nji tapgyryny 2022 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrmak tabşyryldy.

***

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap sakla-mak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilat üçin oňaýly ýaşaýyş we iş şertlerini döretmek hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleş-dirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we welaýatlaryň häkimliklerine Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşy-ryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy Kakabaýew Merdan Maksatowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Çolukow Serdar Gurbanberdiýewiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp baryl-ýan işlere gözegçiligi gowşadandygy we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Baýramgulyýew Mämmet Guldurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan iş-lere gözegçiligi gowşadandygy we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýaty-nyň häkimi Atahallyýew Taňryguly Rejepgulyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter