Gaýnarbaba — türkmen topragynyň tenekar gözelligi we jomartlygy | TDH
Türkmenistan — rowaçlygyň Watany

Gaýnarbaba — türkmen topragynyň tenekar gözelligi we jomartlygy

опубликованно 12.04.2019 // 386 - просмотров
 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde geçirilen giňişleýin hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmenistan — ro-waçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýylda ýurdumyzyň üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini giňden we hemmetaraplaýyn beýan etmegiň, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň we beýleki medeni dabaralaryň ýokary derejede guralmagynyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi, bu çäreler türkmen halkynyň täsin mirasyny Ýer ýüzünde wagyz etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklere örän baý ýurt. Köýtendag (daşary ýurt edebiýatynda köplenç «Kugitang» diýlip atlandyrylýar) türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan künjekleriň biridir, ol jahankeşdeleri hem-de dynç almagy söýýänleri özüniň täsin ajaýyplyklary hem-de adaty bolmadyk tebigy toplumlary bilen özüne çekýär.

Ýurdumyzyň ertekilere meňzeş bu künjegi bütin dünýäde bellidir. Ýurdumyzyň syýahatçylarynyň bu täsin gowaklarda bolup görmedigi az-azdyr, olar başga dünýädäki şekilleri ýada salýar, bu künjegiň gün şöhlesine nur saçýan suw çüwdürimlerini synlap lezzet almadyk, Alladiniň gowagyna ky-bapdaş täsin gowaklarda bolup görmedik, durnanyň gözi ýaly dury suwly dag çeşmelerinden hem-de bejeriş häsiýetli suwy içip görmedik adam barmy-ka?!

Gaýnarbaba özüniň zehinli suratkeşiň ylhamyndan dörän nakgaşlyk eserine meňzeş täsin köljagazy bilen syýahatçylaryň hem, zyýaratçylaryň hem söýgüli mekanlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu köl barada şeýle ýazýar: «Onuň bejeriş häsiýeti alymlaryň barlaglary tarapyndan tassyklanyldy. Ýerden çogup çykýan suw köpürjikläp dur, ol göýä «gaýnap duran» ýaly, mege-rem, munuň özi bu ýeriniň «Gaýnarbaba» diýlip atlandyrylmagyna esas berendir». Bu kölde balyklar ýaşaýar, olar adamlardan çekinmeýärler, hatda ola-ryň ýanynda hem ýüzýärler. Bu ýagdaý, aýdylyşy ýaly, olaryň eldekileşdirilendigini aňladýar...

Gadymy rowaýatda geçen döwürlerde bu ýerde ençeme sogap işleri bitiren keramatly adamyň ýaşandygy barada aýdylýar, şol döwürden bäri bu ýeri keramatly hasap edilýär. Bu ýere bütin dünýäden gelýän syýahatçylar we zyýaratçylar hem şeýle pikirdedirler. Olar balyklara hem şeýle pikirde garaýar-lar, bu ýerde ýüzýän balyklary hiç kim hiç wagt tutmaga-ha däl, hatda gorkuzmaga hem milt edip bilmändir. Şol sebäpli hem olar eldekileşipdirler...

Bu köl diňe bir gözelligi hem-de özi baradaky rowaýatlar bilen däl-de, tenekar suwy bilen hem meşhurdyr. Bu köl özüniň bejeriş häsiýetleri bilen belli bolan Ak suw kükürtli suw çeşmesiniň hasabyna yzygiderli dolýar. Gaýnarbabada bolup görenler ýylyň dürli pasyllarynda — gyşda we tomusda şol bir gyzgynlygyň — 22 derejäniň saklanýandygyny tassyklaýarlar.

Ýokarda aýdylyşy ýaly, bu ýere gelýän syýahatçylaryň hem, zyýaratçylaryň hem yzy üzülmeýär, olar bu ýerde baky aram tapan keramatly Gaýnarba-banyň ýagty ýadygärligini sarpalamaga gelýärler. Köp sanly rowaýatlara görä, bu keramatly ynsana ýüz tutan näsaglar tutgaý keselinden saplanypdyrlar. Näsaglary diňe bir doga-dileg bilen däl-de, öz hormatyna «Gaýnarbaba» diýlip atlandyrylan bu kölüň melhem suwy bilen hem keselleri bejeripdir.

Häzirki döwrüň alymlary dürs anyklamak usullary arkaly Gaýnarbaba kölüniň suwunyň bejeriş häsiýetlerini tassykladylar, onuň düzümine kükürtli wodorod, ownuk elementler, minerallar we beýlekiler girýär, bu suw bilen birnäçe keseller, şol sanda deri, ruhy keseller bejerilýär.

Mundan iki ýyl ozal göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatlarynyň birinde milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara adybir kölüň çäginde döw-rebap «Gaýnarbaba» şypahanasyny gurmak meselelerini öwrenmegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda bu şypahananyň gurluşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenista-ny 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna girizildi.

Bu desgany 2020-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Emma wagt ýitirilmän häzirden zyýaratçylar üçin keramatly we syýahatçylar üçin täsin künjek bolan Gaýnarbaba baryp görmek mümkindir.

Türkmenistanda şunuň ýaly künjekler az däldir, olar baradaky gürrüňi geljekde dowam ederis.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter