Türkmenistan keselleriň öňüni almakda güýçli hem-de yzygiderli öňdeligi üçin BSGG-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan keselleriň öňüni almakda güýçli hem-de yzygiderli öňdeligi üçin BSGG-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy

опубликованно 10.04.2019 // 493 - просмотров
 

Şu gün türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda geçirilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli Ýewropa maslahaty öz işini tamamlady.

Ýurdumyzyň Hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan guralan maslahata daşary ýurt hünärmenleri, ýokary derejeli bilermenler, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň ýurtlaryndan lukmançylyk hem-de ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda Türkmenistan ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň güwänamasy bilen sylaglandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleriniň birnäçesiniň hormatly professory Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylmy we amaly lukmançylygy täze, innowasiýa derejesine çykarmakda aýratyn orny bellenildi, bu bolsa, öz nobatynda, dünýä saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirdi.

BSGG-niň Baş direktory her ýyl gowşurylýan the Ihsan Doğramacı Family Health Foundation Prize, The Sasakawa Health Prize, United Arab Emirates Health Foundation Prize we beýlekiler ýaly sylaglardan başga-da, ýurtlara saglygy goraýşyň aýry-aýry ulgamlarynda ýeten sepgitlerine ýa-da goşan goşantlaryna ýokary bahanyň subutnamasy hökmünde güwänamalaryň hem gowşurylýandygyny aýtdy. Türkmenistana bu ýokary sylag biziň döwletimiziň ýokanç däl keselleriň öňüni almakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde güýçli we yzygiderli öňdeliginiň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde gowşuryldy.

2013-nji ýylyň dekabr aýynda ýokanç däl keseller boýunça Aşgabatda geçirilen Ministrler maslahatyndan soňra Türkmenistan ýokanç däl keselleriň öňüni almakda milli, sebit hem-de ählumumy möçberde iň ýokary derejede meşhur syýasy öňdeligi hem-de bu ugra ygrarlylygyny görkezdi. Şu gezekki wekilçilikli maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm işlere gönüden-göni özi baştutanlyk edýär hem-de ýokanç däl kesellere garşy göreşde ýurdumyzy öňdäki orunlaryň birine çykarýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky goşandy tutuş sebitiň ýurtlaryna oňyn täsirini ýetirdi.

Türkmenistan ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna çynlakaý çemeleşýär hem-de birnäçe ulgamlarda, şol sanda alkogola we temmäkä garşy göreşde uly üstünlikleri gazandy. Alkogolly içgilere gözegçilik etmek ulgamynda alkogol önümleriniň göni we gytaklaýyn mahabatlandyrylmagyny gadagan edýän hem-de alkogol önümlerine salgyt salynmagyny hem öz içine alýan aýgytly syýasy çäreleriň kabul edilmegi ýurdumyzda alkogolly içgileriň sarp edilişiniň düýpli peselmegine getirdi.

2013-nji ýylda Türkmenistanda temmäkä garşy göreş hakynda iň düýpli, giň gerimli kanunlaryň biri kabul edildi. Temmäkä garşy göreş boýunça bu Kanunda göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy uly ýaşly ilatyň arasynda çilimkeşligiň ýaýramagynyň tiz peselmegine — 2013-nji ýyldan bäri iki esse azalmagyna (2018-nji ýylda ilatyň diňe 3,4 göterimi çilim çekýärdi) getirdi. Munuň özi sebitiň ähli ýurtlarynyň arasynda iň pes görkezijidir.

Temmäkä garşy göreşde öň hatarda bolmak jogapkärçiligi artdyrýar hem-de has-da uly sepgitlere ýetmäge borçlandyrýar. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz öz öňünde möhüm wezipäni — 2025-nji ýyla çenli temmäki tüssesinden azat ýurt hökmünde bolmak wezipesini goýdy.

Ýokary derejeli maslahatyň dowamynda BSGG-niň wekilleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan bu çäreleriň ählisini goldaýandygyny tassykladylar. Temmäkä we alkogolly içgilere garşy göreşde okgunly ösüş hem-de ýetilen belent sepgitler Türkmenistanyň we onuň Lideriniň ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna üýtgewsiz syýasy ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy hem-de görelde almak üçin ajaýyp nusga we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändiginiň mysaly bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter