Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 09.04.2019 // 501 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbandurdyýew Baýmyrat Baýramowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jeren Begmyradowna Abdyýewa Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumaýew Şyhdurdy Tuwakowiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begmuhammet Çowdyrowiç Igdirow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Allaşow Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Setdarow Durdykuly işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Hemrakulyýewiç Hudaýkulyýew Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akgözel Ýazgeldiýewna Muradowa Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdiýew Guwanç Orazmyradowiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maksatmyrat Agamyradowiç Saparmyradow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramow Jepbar Çaryýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Öwläguly Artykowiç Geldiýew Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter