Galla baýramy mynasybetli dabaralar | TDH
Jemgyýet

Galla baýramy mynasybetli dabaralar

опубликованно 19.07.2015 // 1051 - просмотров
 

Aşgabat, 18-nji iýul (TDH). Şu gün her ýyl iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda gallaçylyk pudagynda ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Ony Oba hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.

Maslahata oba hojalyk pudagynyň esasy hünärmenleri, alymlar, ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda belli ekerançylar, zähmet weteranlary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden öňdebaryjy hojalyklaryň ýolbaşçylary bar.

Türkmenistanyň zähmetsöýer ekerançylarynyň hormatyna esaslandyrylan Galla baýramy orak möwsüminiň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrýar. Ählhalk dabarasy bolan bu baýram gallaçy babadaýhanlaryň ýadawsyz zähmeti netijesinde bol hasyl eçilýän bereketli topraga özboluşly hoşallyk senasydyr.

Şu ýyl amatsyz howa şertlerine garamazdan, edermen türkmen ekerançylary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar. Munuň özi ýurdumyzyň edermen ekerançylarynyň çylşyrymly howa şertlerinde hem gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýeterlik tejribesiniň we başarnygynyň bardygyna şaýatlyk edýär.

Galla baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda merkezinde geçirilýän “Rysgal başy bugdaýdyr” atly sergi bilen açyldy. Onda ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň öndürýän çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň döredijilik işleriniň sergisi daýhanlaryň zähmetini we ene topragyň jomartlygyny wasp edýär. Paýtagtymyzyň “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde ussat gallaçylaryň we oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk çäresi geçirildi.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýşleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen we durmuş ugurly ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň dürli gönüşleriniň, möhüm azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek milli Liderimiziň pudagyň öňünde goýan möhüm wezipesidir.

Türkmenistana BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň hem-de bu guramanyň 2015-nji ýyl üçin maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýetilen sepgitler üçin ýörite baýragynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Munuň özi Watanymyzyň ägirt uly üstünlikleriniň, şol sanda oba hojalyk pudagynda ýeten belent sepgitleriniň dünýä derejesinde nobatdaky gezek ykrar edilmegidir. Bu üstünlikler ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynyň we obasenagat toplumynyň ugurdaş pudaklaryny, şol sanda pudagyň düzümlerini gaýtadan enjamlaşdyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ekerançylary ýokary hilli tohum we mineral dökünler bilen üpjün etmäge gönükdirilen ösüş makstnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň miwesidir.

Geçen ýyl esasy galla öndüriji sebitlerde bina edilip ulanmaga berlen, iň täze enjamlar we barlaghanalar bilen üpjün edilen döwrebap elewatorlaryň umumy sygymy 360 müň tonna dänä deň bolup, olar ýygnalan hasyly ýokary hilli gaýtadan işlemäge hem-de saklamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň gallaçylarynyň gazanan zähmet üstünligi Türkmenistanyň azyklyk bugdaýy daşary ýurtlara iberýän ýurt hökmünde okgunly ösüşi nukdaýnazaryndan hem ägirt uly ähmiýete eýedir.

Türkmen önüm öndürijileriniň Italiýanyň Milan şäherinde “Dünýäni azyk bilen üpjün ederis: ýaşaýyş-durmuşyň bähbidine energiýa” atly şygar bilen geçirilýän “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçilige eýe bolan okgunly ösýän döwlet hökmünde halkara ykrarnamasynyň, ýetilen sepgitleriň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Türkmen topragynda gadymy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýän ak bugdaý sümmüliniň hem-de eli türkmen çörekli gyzyň suraty sergidäki milli bölümimiziň “Azyk bolçulygy – parahatçylykly ösüş” şygary astyndaky esasy ýörelgesiniň nyşanydyr. Sergide “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda taýýarlanylýan çörek we unaş önümleriiň giň görnüşi görkezilýär.

Maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, gallaçy weteranlary hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi hem-de “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi hem-de “Galkynyş”, “Nesil”, “Watan” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalary tarapyndan esaslandyrylan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň iň gowy kombaýynçylaryna, gallaçylaryna, mülkdarlaryna we awtoulag sürüjilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra maslahat Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda we Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde aýry-aýry bölümlerde öz işini dowam etdi. Olaryň gün tertibine ýurdumyzda gallaçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipeleri, öňdebaryjy oba hojalyk tehnikasynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, tohumçylyk we seçgi işinde ylmy-barlag işleriniň netijeleri, gallany senagat taýdan gaýtadan işlemekde iň täze tehnologiýalary peýdalanmak ýaly meseleler girizildi.

Agşam meslahata gatnaşyjylar, paýtagtymyzyň köpsanly myhmanlary – iň gowy gallaçylar we mehanizatorlar türkmen paýtagtynyň günorta-gündogar böleginde bina edilen “Ak bugdaý” binasynyň öňündäki meýdança ýygnandylar, bu ýerde ekerançylaryň hormatyna medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti berildi.

***

Aşgabat, 19-njy iýul (TDH). Şu gün bütin ýurdumyz ählihalk Galla baýramyny belledi.

Uly baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlarda hem-de etraplarda, şäherlerde we obalarda gallaçylaryň hormatyna dabaraly çäreler, bäsleşikler, konsertler, sport ýaryşlary hem-de at çapyşyklary geçirildi, muzeýlerde çeperçilik sergileri hem-de müňlerçe oba zähmetkeşleriniň yhlasy bilen ýetişdirilen täze hasyla bagyşlanan beýleki medeni-köpçülik çäreleri guraldy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde naz-nygmatly saçaklar giňden ýazyldy we ene topragymyzyň jomartlygyny görkezýän söwda ýarmarkalary guraldy.

Däp boýunça ak mermerli Aşgabadymyz baýramçylyk dabaralarynyň merkezi boldy, olara gatnaşmak üçin ähli sebitlerden öňdebaryjy hojalyklaryň wekilleri, bol hasyl ösdürip ýetişdirmegiň meşhur ussatlary, gallaçylar we mehanizatorlar, has ýokary üstünlikleri gazanan beýleki ekerançylar paýtagtymyza geldiler.

Galla baýramy mynasybetli esasy dabaralar agşamara Milli Garaşsyzlyk seýilgähindäki “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaýbaňlandy, seýilgäh toplumynyň giň çäklerinde ýurdumyzyň gallaçylarynyň hem-de beýleki oba hojalyk pudaklarynyň işgärleriniň gazananlaryny aýdyň görkezýän sergi guraldy. Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar.

Adamzada öz gymmatly zähmetiniň miwesi bolan ak bugdaýy peşgeş beren türkmen halkynyň döredijilikli zehiniň nyşany bolan “Ak bugdaý” binasyndan bu ýere çenli hormatly ýaşulularyň, oba hojalyk zähmetkeşleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda dabaraly ýöriş başlandy. Ýolugrunda ýerleşdirilen baýramçylyk görnüşindäki türkmen ak öýleriniň gabadynda ýörişe gatnaşyjylar şatlykly aýdymlar we tanslar bilen garşylandy. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary, ajaýyp öwüşginli sahnalar, bereketli türkmen topragynyň —ak bugdaýyň, zähmetsöýer daýhanlaryň sahylygyny açyp görkezýän çykyşlar ýörişe gatnaşyjylaryň ählisinde ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi.

Seýilgäh toplumynyň esasy girelgesinde döredijilik toparlary we çagalar myhmanlary aýdyň öwüşginli sahna eserleri we aýdym-saz çykyşlary bilen garşylaýarlar.

Hormatly myhmanlary duz-çörek bilen garşylap, olary saçak başyna çagyrmak türkmen halkynyň asylly däbidir. Seýilgähiň tutuş çägi boýunça ýazylan üsti bol naz-nygmatly saçagy ýatladýan dürli oba hojalyk hem-de gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň sergisi ýygnananlarda uly täsir galdyrdy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi bölümlerinde bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen altyn öwüşginli ak bugdaý sümmüleri, ýap-ýaňy tamdyrdan çykarylan çörekler, pişmeler we beýleki milli tagamlar görkezilýär.

Bu ýerde bol hasyl berýän bugdaýyň täze sortlarynyň her biri seçgiçi alymlaryň köpýyllyk zähmetiniň, önümçilik synaglarynyň netijesidir, ol synaglaryň jemleri ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde iş ýüzünde tassyklanyldy.

Oňat bezelen “Hasar”, “Misgär”, “Degirmen”, “Tomus” çörek, unaş we süýji-köke önümleri sergini esasy bezegi bolup, hususy telekeçileriň adaty we iň häzirki zaman tehnologiýalary peýdalanmak bilen, ýokary hilli azyk önümlerini taýýarlamakda ýeten sepgitlerini görkezýär.

Ýurdumyzyň gallaçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat berilmegi iň tolgundyryjy purastlaryň biri boldy.

Dabaralaryň resmi bölegi “Aşgabat” konsert merkezinde dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybeli tüýs ýürekden gutlamak bilen, “Biziň baş maksadymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden ybaratdyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen baýlaşdyrmakda, dünýäniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, ähli zehinini, gujur-gaýratyny siňdirip, bol hasyl ýetişdirmekde nusgalyk iş bitirýän, başarjaň daýhanlarymyz sanardan köp” diýip belleýär.

Baýramçylyk münberinden şu ýyl iň ýokary netije gazanan gallaçylaryň atlary yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Galla baýramy mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna kabul eden Ýüzlenmesinde oba hojalyk işgärleri barada edýän aladasy, öndürijilikli zähmet üçin döredilýän şertler üçin ägirt uly hoşallyk, olaryň bu alada täze zähmet ýeňişleri, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abadançylygyna we gülläp ösmegine uly goşantlary bilen jogap berjekdikleri baradaky ynandyrmalary beýan edilýär.

Bol hasyl ussatlary bolan ähli ekerançylaryň hormatyna guralan medeniýet we sungat işgärleriniň konserti şu günki baýramçylygyň esasy bezegine öwrüldi. “Aşgabat” konsert merkeziniň sahnasynda iň gowy folklor we tans toparlary, estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Olar täze aýdymlary, ajaýyp tanslary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilikli zähmetini ruhubelentlik bilen wasp etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasyndan ýaňlanan belli türkmen we daşary ýurt aýdymçylaryň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen konsert Galla baýramynyň jemlenmesi boldy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dünýä saz sungatynyň meşhur wekilleri Rossininiň, Bizeniň, Puççininiň, Werdiniň Imre Kalmanyň operalaryndan aýdymlar, şeýle hem türkmen kompozitorlary Nury Halmamedowyň, Daňatar Öwezowyň we beýlekileriň eserleri ýaňlandy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter