Türkmenistan — Ýaponiýa: dostluk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — Ýaponiýa: dostluk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

опубликованно 26.03.2019 // 656 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ýaponiýa ugradylýan wekiliýetiniň agzalarynyň öňünde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri goýdy.

Milli Liderimiz türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli, okgunly we dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Günüň dogýan ýurdunyň döwletimiziň ygtybarly işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň esasy kompaniýalarynyň ýurdumyzdaky köpýyllyk işiniň üstünlige eýe bolýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaponiýaly hyzmatdaşlarymyzyň gatnaşmagynda gazhimiýa pudagynda iri taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilendigini belledi. Şolaryň hatarynda Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän, 2014-nji ýylda işe girizilen zawodlar toplumy, şeýle hem geçen ýylyň oktýabr aýynda Gyýanly şäherçesinde ulanmaga berlen polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy bar.

Gazhimiýa pudagynyň täze bilelikdäki kärhanalaryny, şol sanda ammiak, karbamid we fosfor dökünlerini öndürýän kärhanalary gurmak bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň aýratynlygy önümçilik pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýetiň toplumlaýyn ösüşini gazanmak bilen baglydyr. Özüniň ylmy-tehniki we tehnologik kuwwaty boýunça häzirki döwürde dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Ýaponiýanyň tejribesi biziň üçin örän peýdalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Habar berlişi ýaly, saparyň maksatnamasynda Ahal welaýatynda gurlan benzin öndürýän gazhimiýa toplumynda goýberiş-sazlaýyş işleriniň barşyny, şol sanda bu kärhanany açmak dabarasyny geçirmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» hem-de «Sojitz Сorporation» kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasyndaky Çarçuwaly Ylalaşyga laýyklykda, bu toplumyň ikinji nobatdakysynyň taslamasyny düzmegiň we gurmagyň meselelerini anyklaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Şu günler Türkmenistanyň Mejlisiniň türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada bolýar.

Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, wekiliýetimiziň agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary babatda türkmen tarapynyň pikirini beýan etdiler.

Taraplar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistan we Ýaponiýa dostluk gatnaşyklarynyň däplerine ygrarlydyklaryny, uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny görkezdiler. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär. Şol gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Şeýle hem Türkmenistanda yklym ähmiýetli ulag-üstaşyr merkeziň döredilmegi bilen baglylykda, logistika ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine garaldy. Şol merkez «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça Aziýany hem-de Ýewropany baglanyşdyrmalydyr.

Duşuşygyň barşynda oba hojalygynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň uly geljegi bilen baglanyşykly mesele barada durlup geçildi. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan özgertmeleri, oba hojalyk pudagyny dolandyrmagyň we düzümleýin özgertmegiň döwrebaplaşdyrylmagy, ýer-suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, daşky gurşawyň goralmagy babatda örän wajypdyr.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak babatda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurduň parlamentarileriniň parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Ýaponiýanyň alymlarynyň öňdebaryjy ylmy gazananlary bilen tanyşmak maksadynda türkmen wekiliýeti Odaýba adasynda ýerleşýän «Miraýkan — geljegiň dünýäsi» muzeýine baryp gördi. Bu muzeý Ýaponiýanyň öňdebaryjy ylmynyň we tehnologiýasynyň milli muzeýi bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin täze sepgitler ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalary, milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmak we senagatlaşdyrmak ugry, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir.

Şeýle hem wekiliýetiň agzalary «Ariake Water Reclamation» suw arassalaýyş merkezine bardylar. Bu merkez suwy arassalamagyň özbaşyna aýratyn ulgamy bolup durýar. Wekiliýetiň agzalary bu ýokary tehnologik merkeziň suw serişdelerini rejeli we aýawly ulanmak babatda işiniň tejribesini öwrendiler. Bu ulgamda halkara gatnaşyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Suw diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary dowam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter